Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

TERJIMEHAL

Mesihiň esgeri bolmagy ýüregime düwdüm

Mesihiň esgeri bolmagy ýüregime düwdüm

Çar tarapdan üstüme ýagýan oklardan ýaňa, men ýuwaşlyk bilen ak matany ýokaryk galdyrdym. Şonda esgerler atmagyny goýup, gizlenip oturan ýerimden çykmagy buýurdylar. Men ýuwaşlyk bilen olaryň ýanyna bardym. Ýöne meniň diri galjagym näbellidi. Ýogsa-da, men nädip beýle ýagdaýa düşdüm?

MEN 1926-njy ýylda Gresiýanyň Karitsa atly kiçijik obasynda sekiz çaganyň ýedinjisi bolup dünýä indim. Ejem bilen kakam öz gara zähmeti bilen bizi ekleýärdi.

Şondan bir ýyl öň enem-atam Jon Papparizos atly Mukaddes Ýazgylary öwrenýän (Ýehowanyň Şaýatlarynyň öňki ady) yhlasly we dilewar dogana duşýar. Jonuň Ýazgylar esasynda beren gürrüňleri enem-atama güýçli täsir edýär. Şeýdip, olar obamyzdaky Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň duşuşyklaryna gatnap başlaýarlar. Ejemiň Ýehowa bolan imany şeýle berkdi welin, ol hatda sowatsyz bolsa-da, her bir mümkinçilikden peýdalanyp, adamlara Hudaý barada gürrüň berýärdi. Gynansak-da, kakam dogan-uýalaryň bikämilligine üns berip, duşuşyklara gatnamagyny bes edýär.

Gyz we oglan doganlarym ýaly menem Mukaddes Ýazgylara hormat goýýardym, ýöne ýaş bolanymyz üçin başga zatlara üns berýärdik. 1939-njy ýylda Ýewropada başlan II Jahan urşunyň täsiri biziň obamyza-da gelip ýetdi. Goňşy bolup ýaşaýan doganoglanym Nikolas Psarras ýaňy suwa çümdürilende, Gresiýanyň harby goşunynda gulluk etmäge çagyrylýar. Şol wagt Nikolas 20 ýaşyndady. Ol harby ýolbaşçylara batyrgaýlyk bilen: «Men Mesihiň esgeri, şonuň üçin urşa gidip biljek däl» diýip jogap berýär. Ony harby kazyýetde sud edip, 10 ýyl azatlykdan mahrum edýärler. Bu bizi diýseň haýran galdyrdy!

1941-nji ýylyň başlarynda Gresiýanyň tarapdarlary öz goşunyny az wagtlyk ýurda salýar. Şonda Nikolasy türmeden boşadýarlar. Ol Karitsa dolanyp gelende, uly doganym Ilias oňa Mukaddes Ýazgylar hakda sorag baryny ýagdyrýar. Men olary ünsli diňledim. Şondan soň Ilias, men we gyz jigim Efmorfiýa dagymyz Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başladyk hem-de duşuşyklara yzygiderli barýardyk. Bir ýyldan üçümizem özümizi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürildik. Biraz wagtdan beýleki dört gyz we oglan doganlarym hem Ýehowanyň wepaly Şaýatlary boldular.

Şeýdip, 1942-nji ýylda Karitsadaky ýygnakda 15—25 ýaşlaryndaky ýaş dogan-uýalaryň sany 9-a ýetdi. Biz öňümizde ýowuz synaglaryň bardygyna düşünýärdik. Şol sebäpli imanymyzy berkitmek üçin bile ýygnanyşyp, Mukaddes Ýazgylary öwrenýärdik, Patyşalyk aýdymlaryny aýdýardyk we doga edýärdik. Şeýlelikde, imanymyz günsaýyn berkeýärdi.

Dimitrius dostlary bilen Karitsada

GRAŽDANLYK URŞY

II Jahan urşy tamamlanan badyna, Gresiýadaky kommunistler hökümete garşy pitne turuzýar. Netijede, ýowuz graždanlyk urşy başlaýar. Partizanlar (kommunistler) obalara aýlanyp, ýaşaýjylary zor bilen öz tarapyna geçirýärdiler. Olar biziň obamyza gelende, üç ýaş dogany, ýagny Antonio Sukarisi, Iliasy we meni alyp gidýärler. Biz mesihçidigimizi jan edip düşündirdik, ýöne şonda-da olar bizi obamyzdan 12 sagat uzaklykda ýerleşýän Olimp dagyna pyýada äkidýärler.

Biraz wagtdan kommunistleriň baştutany bizden partizanlaryň toparyna goşulmagy talap etdi. Mesihçidigimiz sebäpli elimize ýarag almaýandygymyzy aýdanymyzda, ol gahar-gazaba münüp, bizi generalyň ýanyna äkitdi. Biz ýene-de özümiziň kimdigimizi aýdanymyzda, ol: «Eşegi alyp, söweş meýdanyna gidiň-de, ýaralanan adamlary harby hassahana äkidiň» diýip, buýruk berdi.

Biz oňa: «Birden hökümetiň esgerlerine gabat gelsek näme? Olaram bize partizandyr öýtmezmi?» diýenimizde, ol: «Onda söweşdäkilere iýer-içere zat äkidiň» diýdi. Bizem: «Eger serkerdeleriň biri eşegimizi görüp: „Esgerler üçin ýarag daşaň“ diýse näme?» diýdik. General uzak wagtlap pikire çümüp oturdy-da, ahyry: «Beýle bolsa, şu ýerde dagda galyň-da, sürüdäki goýunlary bakyň» diýdi.

Graždanlyk urşy barha güýçlenýärdi. Şol sebäpli biz ynsabymyza görä hereket edip, goýun bakmaga razylaşdyk. Bir ýyldan agam Iliasa dul galan ejeme seretmek üçin öýümize dolanmaga rugsat berdiler. Antoniony bolsa syrkawlandygy üçin boşatdylar. Şeýdip, men ýeke özüm galdym.

Gresiýanyň goşuny kommunistlere garşy hüjümini güýçlendirýärdi. Şonda partizanlar menem alyp, daglaryň aňyrsynda ýerleşýän Albaniýa tarap gaçdylar. Biz serhede golaýlanymyzda, grek esgerleri daşymyzy gabadylar. Şonda partizanlar howsala düşüp, gaçmak bilen boldular. Men bolsa ýykylyp ýatan bir agajyň arkasynda gizlendim. Soňra men başda aýdyşym ýaly, esgerleriň ýanyna bardym.

Men grek esgerlerine kommunistleriň eline ýesir düşendigimi aýtdym. Şonda olar meni Weriýa şäheriniň (Ýazgylarda agzalýan gadymy Weriýa şäheri göz öňünde tutulýar) golaýyndaky harby düşelgelerine alyp bardylar. Ol ýerde menden esgerler gizlener ýaly çukur (okop) gazmagy talap etdiler. Men boýun gaçyranymda, serkerde meni Makronisos atly gorkunç ada sürgün etmegi buýurdy.

GORKUNÇ ADA

Makronisos adasy Afinydan takmynan 50 km uzaklykdaky Attikanyň kenarýakasynda ýerleşýärdi. Ol ýer giden bir boşlukdy, suwam ýokdy, Günüň jöwzasyndan ýaňa ähli ýer gurap ýatyrdy. Adanyň uzynlygy 13 km, ini bolsa 500 metrdi. 1947—1958-nji ýyllarda ol ýere 100 müňden gowrak adamy, şol sanda kommunistleri, birwagt hökümete garşy çykanlary we Ýehowanyň wepaly Şaýatlaryny sürgün etdiler.

1949-njy ýylyň başlarynda men ol ýere baranymda, tussaglary birnäçe toparlara bölüpdiler. Meni we başga-da ýüzlerçe adamy iň erbet topara goşdular. Kyrk sany adam bolup on adamlyk çadyrda ýatýardyk. Biz hapa suw içýärdik, esasan, noýba bilen badamjan iýýärdik. Tozandan we ýelden ýaňa gözüňi açyp bolmaýardy. Bolsa-da, bize daşlary eýläk-beýläk daşatmaýardylar. Emma şonda-da üznüksiz azarlardan ýaňa halys bolýardyk, hatda tussaglaryň köpüsi bu zatlara çydap bilmän, göwnüçökgünlige düşýärdi.

Makronisos adasynda Ýehowanyň Şaýatlary bilen

Bir gezek men kenaryň ýakasynda beýleki topardan bolan birnäçe dogana duşdum. Biz bir-birimizi görüp, örän begendik. Şondan soň nähili kyn bolsa-da, biz görüşmek üçin jan edýärdik. Şeýle-de seresaplyk bilen beýleki tussaglara wagyz edýärdik. Wagtyň geçmegi bilen, olaryň käbiri Ýehowanyň Şaýady boldy. Bu zatlar we Hudaýa gyzgyn doga etmegimiz bize ruhy taýdan berk bolmaga ýardam etdi.

OTLY KÜREDE

Şondan on aý geçensoň, gözegçiler indi maňa harby eşik geýdirsegem bolýar diýip, pikir etdiler. Men razy bolmadym, şonda olar meni zor bilen toparyň baş gözegçisiniň ýanyna alyp bardylar. Men oňa «diňe Mesihiň esgeri bolmak isleýändigimi» aýdyp, öň ýazyp goýan arzamy uzatdym. Ol maňa haýbat atdy-da, grek ruhanylaryň eşigine geýnen kömekçisiniň ýanyna äkitdi. Men batyrgaýlyk bilen onuň soraglaryna Ýazgylardan jogap berenimde, ol gaharly: «Äkidiň, muny! Din munuň aňkasyny aşyrypdyr» diýdi.

Ertesi irden esgerler maňa ýene-de harby eşik geýdirjek boldular. Men razylaşmadym. Şonda olar meni ýumrukladylar we taýak bilen urdular. Soňra meni ilki gabawhana getirdiler we hiç ýerimde döwük-ýenjik ýokdugyny görüp, bolýan ýerime äkitdiler. Bu ýagdaý iki aýlap dowam etdi.

Esgerler imanymdan el çekmeýändigimi görüp, täze bir usul ulandylar. Olar ellerimi arkama daňyp, ýere ýatyrdylar-da, dabanyma urdular. Men agyrysyna çydap bilmedim. Şonda Isanyň: «Size sögenlerinde, yzarlanlarynda... bagtlysyňyz. Şatlanyň, begeniň, sebäbi gökde aljak sylagyňyz uludyr. Sizden öň ýaşan pygamberleri-de yzarlapdylar» diýen sözlerini ýada saldym (Mat. 5:11, 12). Bu ýagdaý hiç gutarmajak ýalydy. Soňra men özümden gitdim.

Men buz ýaly kamerada özüme geldim, ne çörek, ne suw, ne-de üstüme ýapara zat bardy. Emma men şonda-da özümi rahat duýýardym. Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, «Hudaýyň parahatlygy... ýüregimi we pikirimi» goraýardy (Flp. 4:7). Ertesi bir esgeriň ýüregi awap, maňa çörek, suw we üstki eşigini berdi. Başga bir esger bolsa öz iýmeli naharyny berdi. Şeýle ýagdaýlarda men Ýehowanyň mähirli aladasyny duýýardym.

Ýolbaşçylar menden tamasyny üzüp, Afinydaky harby kazyýete iberdiler. Meni 3 ýyl azatlykdan mahrum edip, Ýairosdaky türmä ugratdylar. Ol Makronisos adasynyň gündogaryndan 50 km uzaklykda ýerleşýärdi.

«YNAMDAR ADAMDYGYŇYZY BILÝÄRIS»

Ýairosdaky türme gyzyl kerpiçden salnandy. Ol ýerde 5 müňden gowrak syýasy tussaglar saklanylýardy. Şeýle-de bitaraplygyny saklandygy üçin tussag edilen 7 sany Ýehowanyň Şaýady bardy. Gadagan edilendigine garamazdan, biz Mukaddes Ýazgylary öwrenmek üçin gizlinlikde ýygnanyşýardyk. Biz hatda «Garawul diňi» žurnalynyň nusgasyny hem yzygider alýardyk we göçürip bir-birimize berýärdik.

Bir gezek ýygnanyşyp otyrkak, türmäniň gözegçileriniň biri gelip, bar edebiýatlarymyzy elimizden aldy. Soňra bizi türmäniň başlygynyň orunbasarynyň ýanyna alyp bardylar. Biz üstümize ýene ýyl kesiler öýtdük. Gaýtam, ol: «Biz siziň kimdigiňizi, ynamdar adamdygyňyzy bilýäris we dini ynanjyňyza hormat goýýarys. Baryň, işiňiz bilen boluberiň» diýdi. Ol hatda biziň käbirimize ýeňil işleri-de berdi. Biz munuň üçin Ýehowa diýseň minnetdardyk. Biz hatda türmede-de aýypsyzlygymyzy saklap, Ýehowany şöhratlandyryp bildik.

Aýypsyzlygymyz başga-da gowy netijeleri getirdi. Bir alym gowy edim-gylymymyzy görüp, dini ynançlarymyz bilen içgin gyzyklanyp başlady. 1951-nji ýylyň başynda Ýehowanyň Şaýatlary bilen ony-da tussaglykdan boşatdylar. Soňra ol suwa çümdürilip, pioner gullugyna başlady.

MEN HENIZEM MESIHIŇ ESGERI

Aýalym Janet bilen

Türmeden boşanymdan soň, obamyza Karitsa dolandym. Obadaşlarymyň köpüsi ýaly menem Awstraliýanyň Melburn şäherine göçdüm. Ol ýerde men Janet atly bir uýa duşdum we oňa öýlendim. Biz oglumyzy we üç gyzymyzy Ýehowanyň ýolunda terbiýeläp bilendigimize örän begenýäris.

Häzir ýaşym 90-dan geçenem bolsa, ýygnakda ýaşuly bolup gulluk edýärin. Garrylyk sebäpli käte, hasam wagyzdan gelenimden soň, endam-janym we aýagym agyrýar. Ýöne men şonda-da «Mesihiň esgeri» bolmakdan hiç haçan el çekmerin (2 Tim. 2:3).