GARAWUL DIŇI (ÖWRENMEK ÜÇIN) Iýun 2017
Žurnalyň şu sanynda 2017-nji ýylyň 31-nji iýuldan 27-nji awgust aralygynda öwreniljek makalalar bar.
Ýadyňyzdamy?
Siz «Garawul diňiniň» soňky sanlaryny okadyňyzmy? Onda Mukaddes Ýazgylara esaslanan soraglaryň näçesine jogap berip bilýändigiňizi barlap görüň.
Ýehowa ähli kynçylyklarymyzda bize teselli berýär
Mesihçiler maşgalada nähili kynçylyklara uçraýarlar? Eger sizem kynçylyga uçran bolsaňyz, Hudaýdan nädip teselli tapyp bilersiňiz?
Ruhy hazynamyzy gymmat saýalyň
Biz nähili hazynany gymmat saýmaly we muny nädip görkezmeli?
Siz adamyň daş keşbine görä baha berýärmisiňiz?
Ýehowanyň Şaýady öýsüz-öwzarsyz adam bilen sabyrly gürrüňdeş bolanda nähili netije getirýär?
Siz düşünişmezligi parahat ýagdaýda çözermisiňiz?
Adamlar parahatlygy küýseýärler. Muňa garamazdan, kynçylyk ýüze çykanda, köpleri ony parahat ýagdaýda çözmeýärler. Şeýle ýagdaýda siz özýşizi nähili alyp bararsyňyz?
«Hudaý paýhasyňy patalasyn!»
Bu Dawudyň Abygaýyla aýdan öwgüli sözleri. Eýsem, Dawut näme üçin öwýär we biz Abygaýylyň mysalyndan näme öwrenip bileris?
Ünsümizi Ýehowanyň hökümdarlygynyň aklanmagyna gönükdireliň
Adamzat nähili wajyp meseläniň öňünde dur? Siz näme üçin bu meseläniň wajypdygyna düşünmeli?
Ýehowanyň hökümdarlygyny goldaň!
Eger siz Ýehowanyň älem-jahanyň Hökümdardygyny boýun alsaňyz, durmuşyňyzda nähili özgerişlik bolar?
Şuny bilýäňizmi?
Isa ybadathanada mallary satýan söwdagärlere näme üçin «garakçylar» diýdi?