Ýumşaklyk akyldarlygyň miwesidir
Agyr hassa seredýän Tonýa atly uýamyz gapyny kakanda, ony orta ýaşly bir aýal açýar. Ol garry ejesine seretmäge gelen Tonýa gijä galandygy üçin gygyryp, käýäp başlaýar. Tonýa gijä galmandy, ýöne ol şonda-da dörän düşünişmezlik üçin ýumşaklyk bilen ötünç soraýar.
OL INDIKI sapar gelende, ýaňky aýal ýene-de oňa sögýär. Tonýa näme edýär? Ol şeýle gürrüň berýär: «Bu maňa gaty agyr degdi, sebäbi gijä galmasam-da, ol ýüzümi aldy». Tonya ýene-de ötünç soraýar we onuň ýagdaýyna düşünip, duýgudaşlyk bildirýär.
Eger Tonýa derek siz bolsaňyz näme ederdiňiz? Sizem özüňizi ýumşak alyp bararmydyňyz? Özüňize erk etmek size kyn bolarmydy? Elbetde, şeýle ýagdaýda özüňi ýumşak alyp barmak aňsat bolmasa gerek. Dogrudan-da, kyn ýagdaýa düşenimizde ýa-da kimdir biri öjükdirende, özümizi ýumşak alyp barmak aňsat däl.
Mukaddes Ýazgylarda mesihçilere ýumşak bolmak maslahat berilýär. Onda şeýle adamlaryň paýhasly bolýandygy aýdylýar. Bu babatda Ýakup şägirt şeýle diýdi: «Siziň araňyzda akyldar we düşünjeli adam barmy? Goý, ol bu häsiýetlerini ýumşaklyk bilen, ýagny özüniň ýagşy edim-gylymy we edýän işleri bilen görkezsin. Sebäbi ýumşaklyk akyldarlygyň miwesidir» (Ýak. 3:13). Ýumşaklyk haýsy manyda akyldarlygyň miwesi? Hudaýa ýaramly ýumşaklygy ösdürmäge bize näme kömek eder?
ÝUMŞAKLYK AKYLDARLYK RUHUDYR
Ýumşaklyk parahatlyk döredýär. «Ýumşak jogap gahary ýatyrýandyr; gaty söz bolsa gazaby oýarýandyr» (Sül. tym. 15:1).
Edil oduň üstüne nebit döken ýaly, gahar-gazap hem ýagdaýy öňküdenem beterleşdirýär (Sül. tym. 26:21). Ýumşak jogap bolsa parahatlygy döredýär, hatda gahary gelip duran adamy-da ýumşadyp bilýär.
Tonýa muňa özi göz ýetirdi. Ol duýgudaşlyk bildirende, ýaňky aýal aglap başlaýar. Ol özüniň we maşgalasynyň aladalary bilen başagaýdygyny düşündirýär. Tonýa özüni ýumşak alyp barandygy üçin, aýal onuň wagzyny diňläp, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlaýar.
Ýumşaklyk bizi bagtly edýär. «Pesgöwünli adamlar bagtlydyr, sebäbi olar ýer ýüzüni miras alarlar» (Mat. 5:5).
Ýumşak adamlar näme üçin bagtly? Gaharjaň adamlaryň köpüsi ýumşaklyk häsiýetini ösdürip, häzir özüni bagtly duýýarlar. Olaryň durmuşy gowulaşyp, ajaýyp gelejege umyt edýärler (Kol. 3:12). Ispaniýada ýaşaýan Adolfo atly etrap gözegçisi hakykaty bilmänkä gaharjaň bolandygyny ýatlaýar.
Ol şeýle gürrüň berýär: «Meniň durmuşym manysyzdy. Men gaty gaharjaň adamdym, hatda käbir dostlarym-da ganygyzmalygymy bilip, menden gorkýardylar. Ahyry, men belanyň üstünden bardym. Bir gezek urşanymda, alty ýerimden pyjaklanyp, ölümiň bäri ýanyndan gaýtdym».
Häzir Adolfo sözde we iş ýüzünde başgalara ýumşak bolmagy öwredýär. Onuň ýumşak we başga-da gowy häsiýetleri köpleri özüne çekýär. Adolfo durmuşyny üýtgedendigine diýseň begenýär. Ol Ýehowa ýumşaklyk häsiýetini ösdürmäge kömek edendigi üçin örän minnetdar.
Ýumşak adamlar Ýehowany begendirýär. «Oglum, men özüme gyjalat berýäne bir söz gaýtarar ýaly, akyldar bol-da, ýüregimi şatlandyr» (Sül. tym. 27:11).
Ýehowanyň ganym duşmany Iblis onuň üstünden gülýär. Elbetde, Hudaý onuň ýaňsylaýjy sözleri üçin gaharlanyp bilerdi. Emma Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň «giň göwünlidigi» aýdylýar (Müs. çyk. 34:6). Eger biz Hudaý ýaly giň göwünli bolmaga jan etsek we özümizi ýumşak alyp barsak, akyldar bolup, Ýehowanyň göwnünden turarys (Efes. 5:1).
Häzirki döwürde gaharjaň adam gaty köp. Biz her gün diýen ýaly «öwünjeň, tekepbir, Hudaýa dil ýetirýän... eglişik etmeýän... özüne erk etmeýän, zalym» adamlara duş gelýäris (2 Tim. 3:2, 3). Muňa garamazdan, mesihçi ýumşaklyk häsiýetini ösdürer ýaly hiç zada päsgel berdirmeli däl. Hudaýyň Sözünde «gökden inýän akyldarlygyň... parahat, paýhaslydygy» barada aýdylýar (Ýak. 3:17). Biz özümizi parahat we paýhasly alyp barsak, gökden inýän akyldarlyga eýerýändigimizi görkezýäris. Şeýle akyldarlyk kimdir biri öjükdirende ýumşaklyk bilen jogap bermäge we akyldarlygyň Gözbaşy bolan Ýehowa ýakynlaşmaga kömek eder.