Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýuhanadan görelde alalyň!

Ýuhanadan görelde alalyň!

KÖP adamlar Isanyň 12 resulynyň bolandygyna ynanýarlar. Emma olar Isanyň şägirtleriniň arasynda aýallaryň hem bardygyny we olar bilen hyzmatdaşlyk edendiklerini bilmeýärler. Şol aýallaryň biri Ýuhanady (Mat. 27:55; Luka 8:3).

Ýuhana Isanyň wagyz işini nädip goldaýar we biz ondan nädip görelde alyp bileris?

ÝUHANA KIM?

Ýuhana «Hirodesiň öýüni dolandyrýan Huzanyň aýaly». Huza Hirodes Antipanyň hojalyk işlerini dolandyrýardy. Isa Ýuhanany we birnäçe gelin-gyzlary keselinden sagaldypdy. Olar Isa we resullar bilen wagyz edýärdiler (Luka 8:1—3).

Emma ýehudy dini ýolbaşçylary aýallara wagyz etmegä-ä beýlede dursun, hatda garyndaşy bolmadyk erkek adamlar bilen gepleşmäge-de rugsat bermeýärdiler. Ýehudyly erkek adamlar aýallar bilen köp gürrüňdeşlik etmeýärdiler. Ýöne Isa Ýuhana we beýleki aýallar bilen wagyz edip, şeýle däp-dessurlara eýermeýändigini görkezdi.

Ýuhana at-abraýynyň düşjekdigine garamazdan, Isa we onuň resullary bilen gatnaşýardy. Isanyň yzyna eýerýän şägirtleriň ählisi gündelik durmuşda özgerişlikleriň boljakdygyna taýyn bolmalydylar. Isa: «Meniň ejem, doganlarym — Hudaýyň Sözüni diňläp, ony berjaý edýänlerdir» diýdi (Luka 8:19—21; 18:28—30). Şägirtler Isanyň yzyna eýermek üçin köp tagalla edýärdiler. Isanyň janaýamaz şägirtlerini gymmat saýmagy, sizi ruhlandyrsa gerek!

OL EMLÄGI BILEN GOLDAÝARDY

Ýuhana we beýleki aýallar Isa bilen 12 resuly «öz emläkleri bilen» goldaýardylar (Luka 8:3). Bir ýazyjy şeýle diýýär: «Luka aýallaryň nahar bişirendigi, gap-gaçlary ýuwandygy we egin-eşik tikendigi barada ýazmandyr. Belki-de, olar şeýle işleri edendirler... emma Luka bu barada hiç zat aýtmandyr». Megerem, aýallar emlägi, puly we barja zatlary bilen imandaşlaryny goldandyrlar.

Isa bilen onuň şägirtleri uzak ýerlere wagyz etmäge gidenlerinde, gazanç etmek barada aladalanmandyrlar. Olaryň ýanlarynda 20 adamy doýurmaga we gerekli zatlary satyn almaga puly hem bolan däldir. Şol döwürde adamlar örän myhmansöýerdiler. Emma Isa we onuň şägirtleri hemişe myhman alynmagyna garaşmandyrlar. Olar özlerine zat satyn alar ýaly, ýanlarynda «pul torbasyny» göteripdirler (Ýahýa 12:6; 13:28, 29). Ýuhana we beýleki aýallar hem olara pul kömegini berendirler.

Käbir adamlar ýehudyly aýallaryň hiç hili şahsy emläginiň bolmandygyny aýdýarlar. Emma Mukaddes Ýazgylaryň käbir aýatlaryndan olaryň emläginiň bolandygyny bilýäris. Meselem: 1) ogly bolmadyk aradan çykan adamyň mirasy onuň gyzyna geçýärdi, 2) aýala mülk sowgat berilýärdi, 3) aýal ärinden aýrylyşanda nika şertnamasy boýunça özüne degişli paýy alýardy, 4) ýanýoldaşy aradan çykan aýala hojalygyň girdejisiniň bir bölegi wagtly-wagtynda berilýärdi ýa-da 5) aýalyň özi zähmet çekip gazanç edýärdi.

Elbetde, Isanyň şägirtleri wagyz işine başardygyndan goşant goşandyrlar. Onuň şägirtleriniň arasynda baý aýallar hem bardy. Ýuhana Hirodesiň öýüni dolandyrýan adamyň aýaly bolandygy üçin gurply ýaşan bolmaly. Belki-de, Isanyň dokalan gymmatbaha donuny Ýuhana ýaly baý aýallaryň biri sowgat edendir. Bir ýazyjy şeýle eşigi «balykçylaryň aýallarynyň berip bilmejekdigini» aýdýar (Ýahýa 19:23, 24).

Mukaddes Ýazgylarda Ýuhananyň pul kömegini berendigi barada açyk aýdylmasa-da, onuň elinde baryny edendigini bilýäris. Ol bize gowy görelde galdyrdy. Allatagala Patyşalyk işlerini goldamak babatda hiç kimi mejbur etmeýär, şonuň üçin her kim öz göwnünden çykaranyny berip bilýär. Hudaý biziň zadymyza däl-de, şatlyk bilen berýändigimize guwanýar (Mat. 6:33; Mar. 14:8; 2 Kor. 9:7).

ISA ARADAN ÇYKANDA BOLAN WAKALAR

Ýuhana bilen birnäçe aýallar Isa «Jeliledekä yzyna düşüp, Oňa hyzmat edendirler. Ol ýerde Isa bilen bile Iýerusalime gelen başga-da köp aýallar bardy». Isa jezalandyrylanda aýallaryň ählisi gelipdiler (Mar. 15:41). Isa ölenden soň, onuň jesedini jaýlamak üçin pürsden düşürdiler. «Isa bilen bile Jelileden gelen aýallar... mazary we Onuň meýidiniň nähili jaýlananyny gördüler. Onsoň öýlerine gaýdyp, ýakymly ysly ýag, atyrlar taýýarladylar». Lukanyň aýtmagyna görä, Sabat gününden soňra «magdalaly Merýem, Ýuhana, Ýakubyň ejesi Merýem» Isanyň mazaryna gelenlerinde perişdeleri görýärler. Şonda perişdeler olara Isanyň direlendigini aýdýarlar (Luka 23:55—24:10).

Ýuhana we Hudaýa iman edýän gelin-gyzlar Isa ak ýürekden hyzmat etdiler

B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Isanyň ejesi, doganlary we şägirtleri Iýerusalime gelenlerinde, Ýuhana-da olaryň arasyndady (Res. iş. 1:12—14). Ol at-abraýly adamlaryň köpüsini tanaýardy. Belki-de, ol Hirodes Antipa barada Luka köp zatlary gürrüň berendir. Luka Ýuhananyň adyny Injilde agzap geçýär (Luka 8:3; 9:7—9; 23:8—12; 24:10).

Biz Ýuhananyň galdyran göreldesinden özümize sapak edinýäris. Ol Isany, resullaryny we beýleki şägirtlerini wagyz işinde emlägi bilen goldandygyna örän begenendir. Ýuhana synaglara garamazdan, Isa wepaly gulluk etdi. Mesihçi aýallar hem Ýuhana ýaly dogry garaýyşda bolup, onuň göreldesine eýerip bilerler.