Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

5-NJI BÖLÜM

Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnak duşuşyklarynyň nähili peýdasy bar?

Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnak duşuşyklarynyň nähili peýdasy bar?

Argentina

Sýerra Leone

Belgiýa

Malaýziýa

Köp adamlar ruhy görkezme we teselli tapmaýandyklary üçin metjitlere, buthanalara barmaklaryny bes edýärler. Onda Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnak duşuşyklaryna barmagyň näme peýdasy bar?

Mähirli we ýagşy adamlar bilen gürrüňdeş bolarsyňyz. I asyrda ýaşan mesihçiler hem Hudaýa sežde etmek, Mukaddes Ýazgylary öwrenmek we birek-biregi ruhlandyrmak üçin ýygnanyşýardylar (Ýewreýler 10:24, 25). Olar bu duşuşyklarda biri-biri bilen mähirli gürrüňdeş bolýardylar we hakyky dostlary tapýardylar (2 Selanikliler 1:3; 3 Ýahýa 14). Biz hem olaryň göreldesine eýerip, şeýle şatlygy duýup bileris.

Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlaryny ulanmagy öwrenersiňiz. Geçmişde ýaşan erkekdir aýallar we çagalar Hudaýyň kada-kanunlaryny öwrenmek üçin ýygnanyşýardylar. Biz hem olaryň göreldesine eýerýäris. Tejribeli mugallymlar ýygnak duşuşyklarynda Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlaryna düşünmäge we olara görä ýaşamaga kömek edýärler (Kanun taglymaty 31:12; Nehemýa 8:8). Biz ýygnak duşuşyklarynda Mukaddes Ýazgylaryň esasynda pikir alyşýarys we Hudaýa öwgüli aýdymlary aýdýarys. Ýygnaga gelen islendik adam muňa gatnaşyp bilýär. Bu bize Hudaýyň berýän wadalaryna ynanýandygymyzy görkezmäge mümkinçilik berýär (Ýewreýler 10:23).

Hudaýa bolan imanyňyzy berkidersiňiz. Pawlus resul imandaşlaryna şeýle ýazdy: «Sizi görmegi gaty küýseýärin... Islegim... biri-birimizde bolan iman arkaly bilelikde teselli tapmagymyzdyr» (Rimliler 1:11, 12). Biz hem ýygnak duşuşyklarynda dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolup, imanymyzy berkidýäris we Hudaýa ýaramly ýaşamak isleýändigimizi görkezýäris.

Biz sizi indiki ýygnak duşuşygyna ýürekden çagyrýarys. Şonda siz ýokarda agzalan zatlaryň ählisini gözüňiz bilen görersiňiz. Ol ýerde sizi mähirli garşylarlar. Ýygnak duşuşyklary mugtuna geçirilýär; hiç kimden pul alynmaýar.

  • Ýygnak duşuşyklary kimleriň göreldesine eýerilip geçirilýär?

  • Ýygnak duşuşyklary bize nähili peýda getirýär?