Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

IKINJI BAP

«Ol Hudaýyň huzurynda gezdi»

«Ol Hudaýyň huzurynda gezdi»

1, 2. Nuh pygamber we onuň maşgalasy näme gurdy we nähili kynçylyklara duş geldi?

NUH PYGAMBER dikelip, bilini ýazýar. Ol dynç almak üçin kesilen agajyň üstünde oturyp, ýasap başlan gämisine syn edýär. Gyzgyn şepbigiň ysy howa ýaýrap, agaçlary kesýän we bejerýän gurallaryň sesi ýaňlanýardy. Nuh pygamber oturan ýerinden ogullarynyň erjellik bilen işleýändigine syn edýär. Ol aýaly, ogullary we gelinleri bilen bu gurluşyk işinde onlarça ýyldan bäri zähmet çekýär. Olar eýýäm köp zatlary eden bolsa-da, edilmeli iş entek kändi!

2 Adamlar Nuh pygamberiň maşgalasyny akylsyz saýyp, üstünden gülýärdi. Gämi guruldygy saýyn adamlar şonça-da olaryň üstünden gülýärdi. Olar ýer ýüzüni suw alyp, Tupanyň boljakdygyna ynanmaýardy. Nuh pygamber Tupan barada duýdursa-da, bu olara akyla sygmajak zat ýaly bolup görünýärdi. Olar Nuh we onuň maşgalasy durmuşyny biderek zada sarp edýändir öýdýärdiler. Emma Nuhuň Hudaýy Ýehowa muňa başgaça garaýardy.

3. Nuh pygamber haýsy manyda Hudaýyň huzurynda gezdi?

3 Mukaddes Ýazgylarda Nuh pygamber «Hudaýyň huzurynda gezdi» diýilýär (Gelip çykyş 6:9-y oka) *. Bu nädip beýle bolup biler? Bu Hudaýyň ýer ýüzüne düşendigini ýa-da Nuh pygamberiň göge galandygyny aňlatmaýar. Nuh pygamber Hudaý bilen ýakyndan dostlaşyp, onuň aýdan ähli zatlaryny berjaý etdi. Müňlerçe ýyl geçensoň, Injilde: «Ol imany arkaly dünýäni höküm etdi» diýildi (Ýewr. 11:7). Bu nämäni aňladýar? Şu günler biz onuň imanyndan näme öwrenip bileris?

Zalym dünýäde ýaşan dogry adam

4, 5. Nuhuň günlerinde adamlar nädip erbetleşdi?

4 Nuh pygamber adamlaryň gün-günden erbetleşýän döwründe ulaldy. Onuň garry atasy Hanok Hudaýyň wepaly gullukçysydy. Onuň döwründe-de adamlar juda erbetdi. Şol sebäpli Hanok Hudaýyň erbet adamlary ýok etjekdigi barada pygamberlik edipdi. Nuhuň günlerinde bolsa, adamlar has-da erbetleşip, ýer ýüzi zalymlykdan doldy (Gel. çyk. 5:22; 6:11; Ýahuda 14, 15). Muňa näme sebäp bolduka?

5 Hudaýyň ogullarynyň, ýagny perişdeleriň arasynda pitne turýar. Olaryň biri Hudaýa töhmet atyp, Adam ata bilen How enäni günä iterýär we Hudaýa garşy pitne turuzýar. Nuhuň günlerinde-de başga perişdeler Ýehowa garşy pitne turuzýar. Olar gökde Hudaýyň beren ýumşuny taşlap, adam keşbinde ýer ýüzüne gelip, owadan aýallara öýlenýär. Bu tekepbir we özüni bilýän pitneçi perişdeler adamlara erbet täsir edýär (Gel. çyk. 6:1, 2; Ýahuda 6, 7).

6. Nefiller sebäpli dünýäniň ýagdaýy nädip has-da erbetleşdi we Ýehowa näme etmegi ýüregine düwdi?

6 Ynsan gyzlaryna öýlenen perişdeleriň äpet we güýçli ogullary doguldy. Mukaddes Ýazgylarda olara nefiller diýilýär. Olaryň ady «başgalary ýykýan» diýmegi aňladýar. Zalym nefiller sebäpli dünýäniň ýagdaýy has-da erbetleşdi. Şonuň üçin Ýaradyjy «bütin dünýädäki adamzadyň betpälliginiň juda çökderdigini, olaryň kalbyndaky oý-pikirleriniň we niýetleriniň hemişe pislikden doludygyny» gördi. Ýehowa adamlary 120 ýyldan ýok etmek kararyna geldi (Gelip çykyş 6:3—5-nji aýatlary oka) *.

7. Nuh bilen aýaly ogullaryny zalymlykdan goramak üçin nähili kynçylyklara duş geldi?

7 Göz öňüne getir, şeýle zalym dünýäde maşgala gurmak nähili kyn bolandyr! Emma Nuh pygamber özüne gowy gelinlik tapdy. Nuh pygamber 500 ýyl ýaşansoň, onuň Sam, Ham we Ýafes atly üç ogly dogulýar *. Nuh we aýaly ogullaryny erbet adamlaryň täsirinden gorady. Ýaş oglanlar güýçli adamlary we «gahrymanlary» gowy görýär. Nuhuň ogullary-da güýçli nefillere höwes edendir. Nuh bilen aýalyna ogullaryny güýçli nefilleriň edýän zalymlyklary baradaky gürrüňlerden goramak kyn bolsa-da, olar zalymlygy ýigrenýän Ýehowa barada hakykaty öwredendirler. Olar ogullaryna Ýehowanyň dünýädäki zalymlygy we pitneçileri görüp, gaty gynanýandygyny aýdandyr (Gel. çyk. 6:6).

Nuh bilen aýaly çagalaryny erbet adamlaryň täsirinden gorady

8. Şu günler ene-atalar nädip Nuhuň we onuň aýalynyň göreldesine eýerip biler?

8 Şu günlerem ene-atalar Nuh pygamberden we onuň aýalyndan görelde alyp biler. Sebäbi zalymlyk we gulak asmazlyk dünýäde giňden ýaýran. Şäherlerde köplenç ýaş oglanlar üýşüp, erbetlik edýärler. Çagalar üçin niýetlenen multfilmler, oýunlar we filmler zalymlykdan doly. Paýhasly ene-atalar hem çagalaryny şeýle ýaramaz täsirden goramak üçin, olara parahatlygy söýýän we zalymlygy ýok etjek Ýehowa Hudaý barada öwredip biler (Zeb. 11:5; 37:10, 11). Nuh aýaly bilen muny başaran bolsa, sizem başararsyňyz! Olaryň ogullary gowy adam bolup ýetişip, özleri ýaly Ýehowanyň islegini birinji orunda goýýan gyzlara öýlendiler.

«Gämi ýasa»

9, 10. a) Ýehowanyň haýsy tabşyrygy Nuhuň durmuşyny bütinleý üýtgetdi? b) Ýehowa Nuha gäminiň görnüşi we maksady barada näme diýdi?

9 Bir gün Nuhuň durmuşy bütinleý üýtgeýär. Ýehowa oňa zalym dünýäni ýok etjekdigini aýdyp: «Özüňe serwi agajyndan bir gämi ýasa» diýýär (Gel. çyk. 6:14).

10 Bu gämi köpleriň pikir etmegine görä, adaty gämi ýaly däldi. Ol uly guta meňzeýärdi. Ýehowa Nuha gäminiň ölçeglerini berip, onuň görnüşini jikme-jik düşündirip, daşyndan hem içinden şepbik çalmagy tabşyrdy. Ol Nuh pygambere: «Men bolsa ýer ýüzüne sil göndererin... ýer ýüzündäki zatlaryň barysy öler» diýdi. Emma Ýehowa Nuh pygamber bilen äht baglaşyp: «Sen ogullaryň, aýalyň hem gelinleriň bilen gämä münersiň» diýdi. Ol gämä haýwanlaryň her hili görnüşlerini hem salmalydy. Sebäbi Tupanda diňe gämä girenler halas bolmalydy (Gel. çyk. 6:17—20).

Nuh maşgalasy bilen Hudaýyň tabşyrygyny berjaý etdi

11, 12. Nuh pygambere nähili iş tabşyryldy we ol oňa nähili garady?

11 Nuh pygambere uly iş tabşyryldy. Gäminiň ululygy futbol meýdançasyndanam uludy. Onuň uzynlygy 133 metr, ini 22 metr beýikligi bolsa, 13 metr bolmalydy. Nuh pygamber bu işden el çekdimi? Kyn diýip zeýrendimi? Ýa-da işini aňsatlaşdyrmak üçin, gäminiň käbir zatlaryny üýtgetdimi? Töwratda: «Nuh Hudaýyň buýran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi» diýilýär (Gel. çyk. 6:22).

12 Gämi 40 ýa-da 50 ýyllap gurlan bolmaly. Onuň üçin agaçlary çapyp, daşamalydy we arassalap, kesmelidi, soňra birikdirmelidi. Gämi üç gatdan ybarat bolup, otaglara bölünmelidi we gapysy gapdalynda bolmalydy. Aýnalaryny ýokardan ýasamalydy. Üçegi bolsa, suw aşak akar ýaly üçburç bolmalydy (Gel. çyk. 6:14—16).

13. Nuh pygambere tabşyrylan haýsy ýumuş gämi gurmakdanam kyn bolandyr we adamlar muňa nähili seslendi?

13 Ýyllar geçip, gämi guruldygy saýyn Nuh pygamber maşgalasynyň ony goldaýandygyna örän begenýärdi! Emma oňa gämi gurmakdanam başga bir kyn ýumuş tabşyrylypdy. Injilde Nuh pygambere «dogrulyk wagyzçysy» diýilýär (2 Petrus 2:5-i oka). Zalym dünýäniň ýok ediljekdigi barada duýdurmak üçin, ol batyrgaý bolmalydy. Adamlar duýduryşa nähili seslendiler? Isa Mesih olar hiç zada üns bermediler diýdi. Onuň aýtmagyna görä, olar gündeki işler bilen başagaý bolup, iýip-içip, öýlenip, äre çykýardylar. Şeýdip, olar Nuhuň aýdan sözlerine üns bermedi (Mat. 24:37—39). Adamlaryň köpüsi Nuhuň we onuň maşgalasynyň üstünden güldi. Käbirleri bolsa garşylyk görkezip, haýbat atdylar. Belki, olar gäminiň gurluşygyna-da päsgel berjek bolandyrlar.

Hudaýyň Nuh pygambere ak pata berýändigine garamazdan, adamlar onuň üstünden güldüler we aýdýan duýduryşyna üns bermediler

14. Şu günler mesihçi maşgalalar Nuhdan we onuň maşgalasyndan näme öwrenip biler?

14 Adamlar olaryň edýän işini biderek saýyp, üstünden gülseler-de, Nuh we onuň maşgalasy işden elini sowatmady. Şu günlerem mesihçi maşgalalar Nuh pygamberden we onuň maşgalasyndan köp zatlary öwrenip biler. Sebäbi bizem Injilde aýdylyşy ýaly, zalym dünýäniň «soňky günlerinde» ýaşaýarys (2 Tim. 3:1). Isa biziň günlerimiziň Nuhuň günlerine meňzejekdigini aýdypdy. Adamlar wagyz edýän hoş habarymyza sowuk-sala garasa, üstümizden gülse ýa-da bizi yzarlasa, Nuh pygamberi ýadymyza salsak gowy bolar. Sebäbi ol hem şeýle kynçylyklary başyndan geçiripdi.

«Gämä mün»

15. Nuh pygamber takmynan 600 ýaşynda kimleri ýitirdi?

15 Onlarça ýyl geçensoň, gämi ahyry gurlup gutarýar. Nuh pygamber takmynan 600 ýaşynda ýakyn adamlaryny ýitirýär. Onuň kakasy Lemek aradan çykýar *. Bäş ýyl geçensoň, dünýäde iň köp ýaşan Nuhuň atasy, Lemegiň bolsa, kakasy Metuşela 969 ýaşynda ýogalýar (Gel. çyk. 5:27). Lemek bilen Metuşela Adam ata bilen bir döwürde ýaşady.

16, 17. a) Nuh pygambere 600 ýaşynda nähili täze tabşyryk berildi? b) Nuh we onuň maşgalasy nähili haýran galdyryjy wakanyň şaýady boldy?

16 Ýehowa Hudaý Nuh pygambere 600 ýaşynda täze tabşyryk berip: «Ähli maşgalaň bilen gämä mün» diýdi. Şonda Hudaý Nuh pygambere haýwanlaryň her dürli görnüşinden, ýagny halal haýwanlardan gurban bermek üçin ýedi jübütden beýleki haýwanlardan bolsa, bir jübütden gämä salmagy tabşyrdy (Gel. çyk. 7:1—3).

17 Göz öňüne getir, ähli ýerden dürli görnüşli, häsiýetli, ululy-kiçili müňlerçe haýwanlaryň ýöräp, uçup, süýrenip gelýändigi nähili haýran galdyryjy bolandyr. Nuha bu ýabany haýwanlary gämä kowalap ýa-da bir usul bilen aldap salmak gerek bolmady. Töwratda olaryň «Nuh bilen gämä münendigi» aýdylýar (Gel. çyk. 7:8, 9).

18, 19. a) Käbir adamlar Nuhuň döwründe bolan wakalara näme üçin ynanmaýar? b) Ýehowanyň haýwanlary adamlar arkaly halas etmegi paýhaslydygyny nädip görkezýär?

18 Käbir adamlar: «Bu nädip beýle bolup biler? Haýwanlar dar ýerde nädip bile oňşup bildi?» diýip ynanmajak bolýar. Eger Älemiň Ýaradyjysynyň çäksiz güýji bar bolsa, haýwanlary eldeki edip, tabyn etdirip bilmezmi? Ähli haýwanlary Ýehowanyň ýaradandygyny unutma. Ol bir gezek Gyzyl deňzi ikä bölüpdi we Güni saklapdy. Onda Ýehowa Nuhuň döwründe haýwanlary gämä salyp bilmezdimi? Elbetde, salyp bilerdi. Ol şeýle-de etdi!

19 Hudaý haýwanlary başga usul bilen hem halas edip bilerdi. Emma Ýehowanyň haýwanlary adamlar arkaly halas etmegi onuň ilkinji niýetini, ýagny adamlaryň ýer ýüzündäki haýwanlaryň üstünden agalyk etmelidigini ýatladýar (Gel. çyk. 1:28). Şu günler ene-atalaryň köpüsi Nuh pygamberiň mysaly arkaly çagalaryna Ýehowanyň adamlary we haýwanlary gymmat saýýandygyny öwredýär.

20. Tupana bir hepde galanda Nuh we onuň maşgalasy näme etdi?

20 Ýehowa Nuh pygambere Tupanyň bir hepdeden boljakdygyny aýtdy. Bu onuň maşgalasy üçin gyzgalaňly wagt boldy. Olar ähli haýwanlary, olaryň iýmitini we özlerine gerekli zatlary gämä salmalydy. Nuhuň aýaly we üç gelni gämide ýaşamak üçin şertleri döretdi.

21, 22. a) Nuhuň günlerinde adamlaryň sowuk-sala garandygyna näme üçin geň galmaýarys? b) Adamlar haçan Nuhuň we onuň maşgalasynyň üstünden gülmegini bes etdiler?

21 Beýleki adamlar näme etdi? Olar Ýehowanyň Nuha we onuň edýän işlerine ak pata berýändigine üns bermediler. Elbetde, olar haýwanlaryň gämä girýändigini gördüler. Ýöne olaryň muňa sowuk-sala garamagy bizi geň galdyrmaýar. Sebäbi şu günlerem adamlar soňky günleriň alamatlaryna üns bermeýär. Petrus resulyň pygamberlik edişi ýaly, olar Hudaýyň duýduruşyny aýdýan adamlaryň üstünden güldüler (2 Petrus 3:3—6-njy aýatlary oka). Şonuň ýaly adamlar Nuh pygamberiň we onuň maşgalasynyň hem üstünden gülüpdi.

22 Olar haçan gülmegini bes etdiler? Töwratda Nuh maşgalasy we haýwanlar bilen gämä girende, Ýehowa «gäminiň gapysyny ýapdy» diýilýär. Eger adamlar golaýda bolan bolsalar, Hudaýyň bu eden hereketini görüp, gülmegini goýandyrlar. Eger görmedik bolsalar, onda ýagyş ýagyp başlanda, dymandyrlar. Ýagyş Ýehowanyň aýdyşy ýaly, ýer ýüzüni suw alýança dynman ýagdy (Gel. çyk. 7:16—21).

23. a) Ýehowanyň erbet adamlary Tupanda ýok edende begenmändigini nireden bilýäris? b) Şu günler Nuhuň imanyndan görelde almak näme üçin paýhasly?

23 Ýehowa zalym adamlary ýok edende begendimikä? Ýok, begenmedi (Ezek. 33:11). Ol adamlara düzelmäge mümkinçilik beripdi. Olar dogry adam bolup bilerdimi? Hawa, muny Nuh göreldesi bilen görkezipdi. Nuh pygamber Ýehowanyň huzurynda gezip we ähli tabşyryklaryny berjaý edip, gutulyp bolýandygyny subut etdi. Ine, şol manyda ol imany arkaly öz döwründäki dünýäni höküm etdi. Şeýtmek bilen, ol Hudaýa ýaranyp, diri galyp bolýandygyny görkezdi. Ol iman edeni üçin, özüni we maşgalasyny halas etdi. Bizem Nuh pygamberiň imanyndan görelde alsak, özümizi we dogan-garyndaşlarymyzy halas edip bileris. Biz Nuh pygamber ýaly Ýehowa bilen dostlaşyp, onuň bilen ýöräp bileris. Şonda Ýehowa bilen ebedi dost bolup bileris!

^ abzas 3 Gelip çykyş 6:9 Nuhuň maşgalasynyň kyssasy şeýledir. Nuh öz döwürdeşleriniň arasynda dogruçyl hem takwa adamdy. Ol Hudaýyň huzurynda gezdi.

^ abzas 6 Gelip çykyş 6:3 Reb: «Men adamzady ebedilik ýaşatmaryn, çünki olar tendir; onuň ömri ýüz ýigrimi ýyl bolar» diýdi. 4 Şol zamanda hatda ondan gijräkki döwürlerde-de, dünýäde nefiller bardy. Olar Hudaý ogullary bilen ynsan gyzlarynyň nesilleridi. Nefiller gadym eýýämden bäri belli, at-abraýly gahrymanlardy. 5 Bütin dünýädäki adamzadyň betpälliginiň juda çökderdigini, olaryň kalbyndaky oý-pikirleriniň we niýetleriniň hemişe pislikden doludygyny Reb gördi.

^ abzas 7 Şol döwür adamlar häzirki günlere garanyňda, has köp ýaşaýardy. Sebäbi olar Adam atanyň we How enäniň ýitiren kämilligine ýakyndy we sagdyndy.

^ abzas 15 Lemek ogluna Nuh ýagny, «dynçlyk» ýa-da «teselli» diýip at dakdy. Ol Nuhuň agyr zähmet çekýän adamlara dynçlyk berjekdigi barada pygamberlik etdi (Gel. çyk. 5:28, 29). Lemek aýdan pygamberliginiň berjaý bolandygyny görmedi. Nuhuň ejesi we dogan-uýalary bolsa, Tupanda ölen bolmaly.