Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÝIGRIMI BIRINJI BAP

Ol gorkusy we şübhesi bilen göreşdi

Ol gorkusy we şübhesi bilen göreşdi

1—3. Petrus gündiz haýsy wakalaryň şaýady boldy we bütin gije ol nämäni başyndan geçirdi?

PETRUS tüm garaňkylykda bar güýji bilen gaýykda kürekläp barýar. Gündogar tarapda asman ýagty saçyp, daň atyp başlaýar. Petrus birnäçe sagat kürekländigi sebäpli, onuň endam-jany agyraýardy. Jelile deňzinde tupan turup, güýçli şemal Petrusyň saçlaryny bulaşdyrýardy. Tolkunlar yzly-yzyna ýokary galyp, balykçylaryň gaýygyna urulýardy. Sowuk suw gaýyga syçraýardy. Petrus bolsa kenara ýetjek bolup kürekleýärdi.

2 Petrus hem-de onuň ýanyndaky ýoldaşlary Isanyň ýeke özüni kenarda goýup gaýdypdy. Gündiz olar Isanyň birnäçe çörek we balyk bilen müňlerçe adamy doýrandygyny gördüler. Şondan soň adamlar Isany patyşa etjek boldular. Emma Isa ýer ýüzünde asla hökümdarlyk edesi gelmedi. Ol şägirtleriniň hem syýasata goşulmagyny islemedi. Ol adamlardan gaçyp gaýdýar-da, şägirtlerine gaýykly beýleki kenara geçmegini tabşyrýar, özi bolsa daga çykyp, doga edýär (Mar. 6:35—45; Ýahýa 6:14—17-nji aýatlary oka).

3 Şägirtler gaýyga münenlerinde, doly aý dik asmana galyp, nur saçýardy, indi bolsa ol günbatar tarapda aşak düşüp barýardy. Şägirtler bütin gije gaýykda kürekleseler-de, bary-ýogy birnäçe kilometr geçdiler. Güýçli şemalyň we tolkunlaryň sesinden ýaňa, olar bir-biri bilen arkaýyn gepleşip bilmeýärdi. Şol sebäpli Petrus pikire batan bolmaly.

Iki ýylyň içinde Petrus Isadan köp zatlary öwrense-de, entek öwrenmeli zatlary kändi

4. Petrus bize näme üçin ajaýyp görelde galdyrdy diýse bolar?

4 Petrus, gör, näçe köp zatlar barada oýlanandyr! Onuň nazaretli Isa bilen tanşanyna iki ýyldan gowrak wagt geçipdi. Ol köp zatlary öwrense-de, entek öwrenmeli zatlary kändi. Ol muny höwes bilen öwrendi, ýagny şübhesi we gorkusy bilen göreşdi. Şeýdip, ol bize ajaýyp görelde galdyrdy.

«Biz Mesihi tapdyk»

5, 6. Petrusyň durmuşy nähilidi?

5 Petrusyň Isa bilen tanşan güni hiç ýadyndan çykmaýardy. Onuň dogany Andreas ýanyna gelip: «Biz Mesihi tapdyk» diýen şatlykly habary aýdypdy. Bu Petrusyň durmuşyny düýbünden üýtgedipdi (Ýahýa 1:41).

6 Petrus Jelile deňziniň demirgazyk kenarynda Kapernaum şäherinde ýaşaýardy. Ol dogany Andreas we Zebedeýiň ogullary Ýakup hem-de Ýahýa bilen balyk tutýardy. Petrus diňe aýaly bilen däl-de, eýsem, gaýyn enesi we dogany Andreas bilen ýaşaýardy. Ol maşgalasyny balyk tutup ekleýärdi. Munuň üçin ussatlyk bilen agyr zähmet çekip, köp güýç sarp etmeli bolýardy. Göz öňüne getir, olar uzak gije iki gaýygyň arasynda torlaryny suwa taşlap, olary çekip çykarmak üçin köp güýç sarp edendir. Gündizine bolsa, olar balyklary saýlap, satmalydy we torlaryny bejerip, ýuwmalydy.

7. Petrus Isa barada näme eşidýär we bu näme üçin şatlykly habardy?

7 Mukaddes Ýazgylarda Andreasyň suwa çümdürýän Ýahýanyň şägirdi bolandygy aýdylýar. Elbetde, Ýahýanyň eden wagzy barada Andreasyň gürrüň beren zatlaryny Petrus höwes bilen diňländir. Bir gün Ýahýa Andreasa nazaretli Isany görkezip: «Ine, Hudaýyň Guzusy!» diýýär. Andreas derrew Isanyň şägirdi bolýar, soňra howlukmaçlyk bilen dogany Petrusa: «Biz Mesihi tapdyk» diýip, şatlykly habary aýdýar! (Ýahýa 1:35—41). Takmynan dört müň ýyl mundan öň, Erem bagynda pitne turansoň, Ýehowa Hudaý ähli adamlara umyt berjek Halasgäri iberjekdigini wada beripdi (Gel. çyk. 3:15). Andreas bolsa hut şol Halasgäri, ýagny Mesihi görýär! Petrusam Isany görmäge howlugýar.

8. Isanyň Petrusa dakan ady nämäni aňladýar we näme üçin käbir adamlar muňa şübhelenýär?

8 Şol güne çenli, Petrusa Simun diýýärdiler. Emma Isa oňa seredip: «„Ýahýanyň ogly Simun, seniň adyň Kifa bolar“ diýdi» (Ýahýa 1:42). «Kifa» diýen at «Petrus» diýip terjime edilýär we «daş» ýa-da «gaýa» diýmegi aňladýar. Isanyň bu aýdan sözleri pygamberlikdi. Ol Petrusyň gaýa ýaly boljagyny, ýagny mesihçiler üçin berk we ynamdar dogan boljakdygyny öňünden aýtdy. Emma Petrus özi barada şeýle pikir etdimi? Ýok, pikir eden däldir. Hatda şu günlerem Injili okaýan käbir adamlar Petrusyň gaýa ýaly bolandygyna ynanmaýarlar. Olar Petrusa ýaýdanjaň, durnuksyz we ynamyňy ödemeýän adam diýýärler.

9. Ýehowa bilen Isa nähili häsiýetlerimize üns berýär we biz näme üçin muňa ynanmaly?

9 Elbetde, Isa Petrusyň kemçiliklerine göz ýummaýardy. Emma ol Atasy Ýehowa ýaly hemişe adamlaryň gowy häsiýetlerine üns berýär. Isa Petrusyň gowy häsiýetlerini görüp, olary kämilleşdirmäge kömek edesi gelýärdi. Şu günlerem Ýehowa bilen onuň Ogly biziň gowy häsiýetlerimizi görýär. Käwagt biz özümiziň gowy häsiýetlerimizi görüp bilmeýäris. Emma Ýehowa bilen Isanyň gowy häsiýetlerimize üns berýändigine ynanmaly we Petrus ýaly öwrenmäge hem-de düzelmäge taýyn bolmaly (1 Ýahýa 3:19, 20-nji aýatlary oka).

«Gorkma»

10. Petrus nämäniň şaýady boldy, emma ol ýene-de näme edip başlaýar?

10 Isa wagyz edip başlanda, Petrus biraz wagt onuň yzyna düşen bolmaly. Belki, ol Isanyň ilkinji gudratyny, ýagny Kana şäherindäki toýda suwy şeraba öwürendigini görendir. Esasanam, ol Isanyň Hudaýyň Patyşalygy baradaky ajaýyp hem-de umyt beriji hoş habaryny diňländir. Muňa garamazdan, Petrus Isanyň yzyna eýermegini bes edip, ýene-de balyk tutup başlaýar. Birnäçe aý geçensoň, Petrus ýene-de Isa bilen ýüzbe-ýüz görüşýär. Bu sapar Isa Petrusy wagza köp wagtyny sarp edip, yzyna eýermäge çagyrýar.

11, 12. a) Petrus bütin gije balyk tutjak bolup nämeler etdi? b) Petrus Isany diňläp, nämeler barada oýlanandyr?

11 Petrus bütin gije balyk tutup bilmän, gaty lapykeç bolýar. Balykçylar yzly-yzyna tory deňze taşlanda, her gezek ony boş çykarýardylar. Elbetde, Petrus balyk tutjak bolup, özüniň bar tejribesini we ussatlygyny ulanandyr. Ol balyklaryň iýmitlenýän dürli ýerlerine torlaryny taşlap görendir. Ol: «Bulanyk suwuň içinden balyklaryň sürüsini görüp, olary toruma düşürip bilsedim» diýip arzuw eden bolmaly. Elbetde, şeýle pikirler ony has-da lapykeç edendir. Petrus balygy keýpine däl-de, maşgalasyny eklemek üçin tutýardy. Iň soňy, Petrus kenara boş gaýdyp gelýär. Ol toruny arassalap durka, Isa ýanyna gelýär.

Petrus Isanyň wagyz edýän hoş habaryny diňlemekden hiç haçan ýadamaýardy

12 Märeke Isanyň aýdýan her bir sözüni eşitjek bolup, her tarapdan ony gysýar. Isa adamlaryň köpdügini görýär-de, Petrusyň gaýygyna münüp, kenardan biraz daşlaşmagy haýyş edýär. Isanyň sesi suwuň ýüzünde gowy eşidilensoň, ol märekä öwredip başlaýar. Petrus kenardaky beýleki adamlar ýaly, haýran galyp, ony diňleýär. Ol Isanyň wagyz edýän hoş habaryny, ýagny Hudaýyň Patyşalygy barada diňlemekden hiç haçan ýadamaýardy. Ähli adamlara umyt berýän hoş habary Isa Mesih bilen bile wagyz etmek uly hormatdy! Emma Petrus muny başararmyka? Ol maşgalasyny nädip eklärkä? Belki, Petrus bütin gije balyk tutmak üçin sarp eden wagtynyň hem-de güýjüniň biderek bolandygy barada oýlanandyr (Luka 5:1—3).

13, 14. Isa Petrusa nähili gudrat görkezdi we bu oňa nähili täsir etdi?

13 Isa sözüni tamamlansoň, Petrusa: «Çuň ýere ýüz-de, torlary şol ýere zyň» diýdi. Petrus muňa şübhelenip: «Mugallym, biz bütin gije jan etsek-de, hiç zat tutup bilmedik, ýöne seniň aýdýandygyň üçin, torlary taşlaýyn» diýýär. Petrusyň aýdan soňky sözleri onuň gitmek islemeýändigini görkezýär. Sebäbi Petrus ýaňy torlaryny arassalapdy we häzir balyklaryň iýmitlenýän wagty däldi. Muňa garamazdan, ol Isanyň diýenini edýär we ikinji gaýykdaky ýoldaşlary yzyna düşüp gider ýaly, olara yşarat eden bolmaly (Luka 5:4, 5).

14 Petrus tory çekdigi saýyn, onuň agyrdygyny duýýar. Ol öz-özüne ynanman, tory bar güýji bilen çekende, köp balygyň çyrpynyp ýatandygyny görýär! Ol aljyrap ikinji gaýykdaky adamlary kömege çagyrýar. Tizden olar şonça balygyň bir gaýyga sygmajakdygyna göz ýetirýär. Iki gaýyk balykdan dolanda, suwa çümüp başlaýar. Petrus haýran galyp, aňk-taňk bolýar. Ol Isanyň güýjüni öň görenem bolsa, ýöne häzirki görkezen gudraty oňa güýçli täsir edýär. Isa gudrat arkaly balyklary tora düşürýär! Petrus muny görüp, gorkup başlaýar. Ol dyza çöküp: «Agam, men seniň ýanyňda bolmaga mynasyp däldirin, men bir günäli adam ahyryn» diýýär. Petrus Hudaýyň beren güýji arkaly şeýle gudratlary görkezýän Adamyň ýanynda bolmaga özüni mynasyp görmeýär (Luka 5:6—9-njy aýatlary oka).

«Men bir günäli adam»

15. Isa Petrusyň sebäpsiz ýere şübhelenýändigini we gorkýandygyny nädip görkezdi?

15 Isa Petrusa: «Gorkma, sen mundan beýläk adamlary tutýan balykçy bolarsyň» diýdi (Luka 5:10, 11). Häzir şübhelenip, gorkmagyň wagty däldi. Petrusyň maşgalasyny eklemek hakda alada etmegi we kemçilikleri barada şübhelenmegi ýerliksizdi. Ol bar ünsüni wagyz işine bermelidi. Isa ähli adamlaryň gelejegine täsir etjek wajyp işi etmelidi. Ol «gaty geçirimli» Hudaýa gulluk edýärdi (Iş. 55:7). Ýehowa Petrusa maşgalasyny eklemäge we wagyz etmäge hökman kömek ederdi (Mat. 6:33).

16. Petrus, Ýakup hem-de Ýahýa Isanyň çakylygyna nähili seslendiler we näme üçin bu olaryň gelen iň gowy karary diýse bolar?

16 Ýakup bilen Ýahýa ýaly Petrusam derrew Isa gulak asýar. «Olar gaýyklaryny kenara çykardylar-da, olary goýup, Isanyň yzyna düşdüler» (Luka 5:11). Şeýdip, Petrus Isanyň Hudaý tarapyn iberlendigine iman edýändigini görkezdi. Bu onuň gelen iň gowy kararlarynyň biridi. Şu günlerem mesihçiler Hudaýa gulluk etmek üçin gorkusy we şübhesi bilen göreşip, imanyny iş ýüzünde görkezýärler. Hudaýa bil baglaýan adamlaryň Ol hemişe aladasyny edýär (Zeb. 22:4, 5).

«Sen näme üçin şübhelendiň?»

17. Petrus Isa bilen tanşanyna iki ýyl bolansoň, nämeler barada oýlanandyr?

17 Petrusyň Isa bilen tanşanyna takmynan iki ýyl bolupdy. Indi ol babyň başynda aýdylyşy ýaly, ýary gije tupan turan Jelile deňzinde kürekläp barýardy. Elbetde, biz onuň näme hakda pikir edendigini bilmeýäris. Ol köp zatlar barada oýlanan bolmaly. Isa Petrusyň gaýyn enesini sagaldypdy we dagdaky wagzyny aýdypdy. Isa öwreden taglymatlary we görkezen gudratlary arkaly Ýehowanyň iberen Mesihidigini gaýta-gaýta subut etdi. Birnäçe aý geçensoň, Petrus gorky we şübhe ýaly kemçiliklerine erk etmegi başarýar. Hatda Isa ony 12 resulynyň biri edip hem saýlaýar! Emma tizden Petrus henizem gorkusy we şübhesi bilen göreşmelidigine düşünýär.

18, 19. a) Petrusyň Jelile deňzinde gören zatlaryny gürrüň ber. b) Isa Petrusyň haýyşyny nädip ýerine ýetirdi?

18 Gijäniň dördünji ýarymynda, ýagny takmynan daňdan sagat 3-den 6 aralygynda Petrus birdenkä küreklemegini bes edip, doňup galýar. Suwuň ýüzünden bir zat süýşüp gelýärdi! Ol aýyň ýagtysyna ýaldyraýan tolkunlar-a däldir? Ýok, ol dim-dikligine gelýärdi. Ol hakyt adamdy! Hawa, ol suwuň ýüzünden ýöräp gelýärdi! Ol gaýyga golaýlaşanda, geçip gitjek ýaly bolup görünýär. Şägirtler gorkup, gözümize bir alamat görünýändir öýdýärler. Ol: «Batyr boluň! Bu men; gorkmaň» diýýär. Görseler, bu Isa eken! (Mat. 14:25—28).

19 Petrus: «Halypam, bu sen bolsaň, onda maňa-da suwdan ýöräp ýanyňa barmagy buýur» diýýär. Ol, ilkibaşda, gorkmaýar. Petrus bu üýtgeşik gudraty görüp, imanyny berkitmek isleýär. Ol hem suwuň ýüzünden ýöräsi gelýär. Isa-da ony ýanyna çagyrýar. Petrus gaýykdan düşüp, tolkun atyp duran deňze aýagyny basýar. Petrus bir gaty zadyň üstüne basan ýaly bolanda we suwuň ýüzünden ýöräp başlanda, göz öňüne getir, özüni nähili duýandyr. Ol Isa tarap ýörände, gaty haýran galan bolmaly. Emma tizden ony başga duýgy gaplap alýar (Matta 14:29-y oka).

«Petrus güýçli tolkunlara seredip gorkdy»

20. a) Petrus ünsüni nämä sowdy we netijede näme boldy? b) Isa Petrusa näme öwretdi?

20 Petrus bar ünsüni Isa gönükdirmelidi. Ol Ýehowanyň güýji arkaly Petrusy tolkun atyp duran suwuň ýüzünde saklady. Isa muny Petrusyň imanyny berkitmek üçin etdi. Emma Petrus ünsüni başga zada sowýar. Mukaddes Ýazgylarda: «Petrus güýçli tolkunlara seredip gorkdy» diýilýär. Ol gaýygyň garşysyna möwç urýan tolkunlara, şemaldan ýaňa syçraýan suwlara we onuň köpürjiklerine seredip, howsala düşýär. Belki, ol gark bolaryn diýip gorkandyr. Ol doly gorka basylyp, imanyny gowşadýar. Isa Petrusyň berk boljakdygyny bilip, «Gaýa» diýen ady dakypdy. Indi ol imany gowşandygy üçin, daş ýaly suwuň içine çümüp başlaýar. Aslynda, Petrus ýüzüp bilýän bolsa-da, häzir muny başarmaýar. Ol: «Halypam, meni halas et!» diýip gygyrýar. Isa elini uzadyp, ony çekip alýar. Isa Petrusy çekip alan badyna, bir wajyp zady öwredýär. Ol Petrusa: «Eý imany az adam, sen näme üçin şübhelendiň?» diýýär (Mat. 14:30, 31).

21. Şübhe näme üçin heläkçilige eltýär we biz oňa nädip garşy göreşmeli?

21 «Näme üçin şübhelendiň?» diýen sorag, gör, nähili ýerlikli! Şübhe adamy heläkçilige eltip bilýär. Eger biz şübhelenip ýörsek, imanymyz gowşap, heläkçilige elter. Şol sebäpli biz şübhämize garşy göreşmeli! Nädip? Biz bar ünsümizi dogry zatlara gönükdirmeli. Eger biz hemişe gorkuzýan, ruhdan düşürýän, Ýehowa bilen onuň Oglundan ünsümizi sowýan zatlar barada oýlansak, şübhämiz has-da güýçlener. Eger-de biz Ýehowa bilen Ogluna hem-de olaryň söýýän adamlary üçin eden, edýän hem-de indi etjek işlerine üns bersek, imanymyzy gowşadýan şübhäni ýüregimizden aýyrmagy başararys.

22. Petrusyň imanyndan görelde almak näme üçin wajyp?

22 Petrus Isanyň yzyna düşüp, gaýyga münende, tupanyň ýatandygyny görýär. Jelile deňzinde dym-dyrslyk bolýar. Petrus şägirtler bilen bile: «Sen, dogrudan-da, Hudaýyň Ogly» diýýär (Mat. 14:33). Deňizde daň sazy asmanyň ýüzüni gyzardypdy, Petrusyň ýüregi minnetdarlykdan dolan bolmaly. Ol özüni gorka we şübhä aldyrtmady. Elbetde, Petrus derrew Isanyň aýdyşy ýaly, gaýa kimin berk mesihçi bolmady. Ýöne ol öz üstünde işlemegi we imanyny berkitmegi ýüregine düwýär. Senem şeýle etmegi ýüregiňe düwdüňmi? Munuň üçin Petrusyň imanyndan görelde alsaň gowy bolar.