Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

5-NJI SAPAK

Hudaý ýeri näme maksat bilen ýaratdy?

Hudaý ýeri näme maksat bilen ýaratdy?

1. Allatagala ýeri näme üçin ýaratdy?

Ýehowa ýeri adamzat üçin ýaratdy. Bu — biziň öýümiz. Ilkinji ynsan maşgalasy, ýagny Adam ata bilen How ene gökde ýaşamak üçin ýaradylmandy. Hudaý gökde ýaşamak üçin perişdeleri ýaradypdy (Eýýup 38:4, 7). Şeýlelikde, Allatagala ilkinji ynsany owadan Erem bagynda, ýagny Jennetde ýerleşdirdi (Gelip çykyş 2:15—17). Ýehowa Adam atanyň we onuň nesilleriniň ebedi ýaşamaklaryny isleýärdi. Zebur 37:29; 115:16-ny okaň.

Ilkibaşda, diňe Erem bagy Jennetdi. Ilkinji ynsan maşgalasy ýer ýüzüni öz nesli bilen doldurmalydy. Olar bütin ýer ýüzüne gözegçilik edip, wagtyň geçmegi bilen, ony Jennete öwürmelidiler (Gelip çykyş 1:28). Ýer hiç haçan ýok edilmez. Ol hemişe biziň öýümiz bolar. Zebur 104:5-i okaň.

2. Näme üçin häzir ýer ýüzi Jennet däl?

Adam ata bilen How ene Hudaýa gulak asmandygy sebäpli Erem bagyndan kowuldylar. Şeýlelikde, Jennet ýitirildi we ony hiç kim gaýtadan dikeldip bilmedi. Mukaddes Ýagylarda şeýle diýilýär: «Ol dünýäni zalymlaryň eline berdi» (Eýýup 9:24, TD). Gelip çykyş 3:23, 24-nji aýatlary okaň.

Ýehowa adamzat babatdaky niýetinden el çekermi? Ýok! Ol Gudratygüýçli Hudaý. Oňa niýetini amala aşyrmaga hiç zat päsgel berip bilmez (Işaýa 45:18). Ýehowa adamzat babatdaky niýetini hökman amala aşyrar. Zebur 37:11, 34-nji aýatlary okaň.

3. Jennet nädip dikeldiler?

Isanyň hökümdarlyk edýän döwründe ýer ýüzünde Jennet dikeldiler. Başda Isa Hudaýyň perişdeleri bilen Armageddon söweşinde Hudaýa garşy çykýanlaryň ählisini ýok eder. Soňra ol Şeýtany 1000 ýyllyk baglap, düýpsüz çuňluga taşlar. Hudaýyň halky bolsa, bu söweşde aman galar, sebäbi Isa olara görkezme berer we olary gorar. Şondan soň olar ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşarlar. Ylham 20:1—3; 21:3, 4-nji aýatlary okaň.

4. Horluklaryň soňy haçan geler?

Allatagala ýer ýüzünden erbetligi haçan aýrar? Isa pygamber şol günüň golaýlandygyny görkezjek «alamatlary» agzap geçdi. Şu günler dünýäde bolýan erbet wakalar adamzadyň howp astyndadygyny we biziň «soňky günlerde ýaşaýandygymyzy» görkezýär. Matta 24:3, 7—14, 21, 22-nji aýatlary okaň.

Isa gökde 1000 ýyl hökümdarlyk etjek döwri ýer ýüzündäki horluklaryň soňuna çykar (Işaýa 9:6, 7; 11:9). Isa diňe bir Patyşa hökmünde däl, eýsem, Baş Ruhany bolup hem gulluk eder. Şonda ol Hudaýy söýýän adamlary günäden azat eder. Şeýdip, Allatagala Isa arkaly keselçiligi, garrylygy we ölümi ýok eder. Ýahýa 5:28; Ylham 21:4-i okaň.

5. Gelejekdäki Jennetde kimler ýaşar?

Siz Patyşalyk zalynda Hudaýy söýýän we Onuň kanunlaryny öwrenmek isleýän adamlar bilen tanşarsyňyz

Jennetde Hudaýa gulak asýan adamlar ýaşar (1 Ýahýa 2:17). Isa şägirtlerine ýumşak adamlary gözlemegi we olara Hudaýa ýaramly ýaşamagy öwretmegi tabşyrdy. Şu günler Ýehowa millionlarça adamlary ýer ýüzünde boljak Jennetde ýaşamaga taýýarlaýar (Sefanýa 2:3). Ýehowanyň Şaýatlarynyň Patyşalyk zallarynda adamlar häzirden gowy ata-ene bolmagy we maşgala borçlaryny gowy ýerine ýetirmegi öwrenýärler. Mika pygamber bu babatda şeýle welilik edipdi: «Köp milletler gelip, şeýle diýerler: „Geliň, Rebbiň dagyna... Hudaýynyň öýüne çykalyň. Reb bize Öz ýollaryny öwreder. Biz hem Onuň ýodalaryndan ýöräris“» (Mika 4:2).