Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

3-NJI SAPAK

Dogrudan-da, hoş habar Hudaý tarapynmy?

Dogrudan-da, hoş habar Hudaý tarapynmy?

1. Mukaddes Ýazgylaryň awtory kim?

Mukaddes Ýazgylarda adamlaryň ýer ýüzünde ebedi ýaşajakdygy habar berilýär (Zebur 37:29). Mukaddes Ýazgylar 66 kitapdan ybarat bolup, ony 40 golaý Hudaýa wepaly adamlar ýazdy. Mukaddes Ýazgylaryň başdaky bäş kitabyny takmynan 3500 ýyl mundan ozal Musa pygamber ýazdy. Soňky kitabyny bolsa, 1900 ýyl mundan öň Ýahýa resul ýazdy. Mukaddes Ýazgylarda kimiň pikiri beýan edilýär? Hudaý mukaddes ruh arkaly pygamberlerine näme ýazmalydygyny habar berýärdi. Şeýlelikde, olar öz pikirlerini däl-de, Hudaýyň pikirlerini ýazdylar (Ylham 1:1). Diýmek, Mukaddes Ýazgylaryň awtory Ýehowa. 2 Timoteos 3:16,17; 2 Petrus 1:20, 21-nji aýatlary okaň.

2. Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň kitabydygyna ynansa bolýarmy?

Mukaddes Ýazgylarda gelejek barada anyk we jikme-jik pygamberlikler ýazylan. Bu bize onuň Hudaýdan gelen kitapdygyna ynanmaga kömek edýär. Gelejegi hiç bir adam aýdyp bilmeýär (Ýeşuwa 23:14). Adamzada gelejekde nämäniň garaşýandygyny diňe Gudratygüýçli Hudaý bilýär. Ol Işaýa pygamber arkaly şeýle diýdi: «Men täze zatlary yglan edýärin; ýüze çykmazdan öň olary size aýan edýärin... Owaldan ahyra boljagy, heniz bolmadyklary aýan edýärin» (Işaýa 42:9; 46:10).

Mukaddes Ýazgylar başga kitaplardan tapawutlanýar. Şu günler Mukaddes Ýazgylaryň 2 milliarddan gowragy 500-e golaý dilde çap edildi. Mukaddes Ýazgylar örän gadymy kitap bolsa-da, ol ylmy meselede dogry gelýär. Ony 40-a golaý adam ýazsa-da, ondaky pikirler biri-birine garşy gelmeýär *. Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan zatlaryň ählisinde Hudaýyň söýgüsi görünýär. Bu kitap adamlaryň durmuşyny gowulyga tarap özgertmäge kömek edýär. Bularyň ählisi millionlarça adamlary Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň Sözüdigine ynandyrýar.

Käbir adamlar Mukaddes Ýazgylar üýtgedilen diýip pikir edýärler. Emma Mukaddes Ýazgylaryň iki müň ýyl mundan öň ýazylan nusgalary şu günlere çenli saklanyp galypdyr. Şol golýazmalar biziň şu günler ulanýan Mukaddes Ýazgylarymyza gabat gelýär. Bu bolsa, Mukaddes Ýazgylaryň üýtgedilmändigini subut edýär (Işaýa 40:8). Görşümiz ýaly, Allatagala Öz Sözüniň üýtgedilmegine ýol bermeýär. Zebur 12:6, 7; 1 Petrus 1:24, 25-nji aýatlary okaň.

«Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň kitabydygyna ynansa bolýarmy?» atly wideony görüň

3. Mukaddes Ýazgylarda näme barada gürrüň edilýär?

Mukaddes Ýazgylarda, esasan, hoş habara, ýagny Hudaýyň adamzat üçin söýgi bilen niýetlän ajaýyp wadalaryna üns berilýär. Onda ýer ýüzünde ebedi ýaşaýşyň nädip ýitirilendigi we gelejekde Jennetiň gaýtadan dikeldiljekdigi barada aýdylýar. Ylham 21:4, 5-nji aýatlary okaň.

Hudaýyň Sözünde kanunlar, prinsipler we bagtly ýaşamaga kömek edýän maslahatlar hem bar. Mundan başga-da onda Hudaýyň häsiýetlerini aýan edýän ençeme wakalar ýazylan. Bularyň ählisi bize Ýaradyjymyzy has gowy tanamaga kömek edýär. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda Hudaý bilen nädip dostlaşyp bolýandygy düşündirilýär. Zebur 19:7, 11; Ýakup 2:23; 4:8-i okaň.

4. Mukaddes Ýazgylara düşünmäge näme kömek edýär?

Şu broşýura size Mukaddes Ýazgylara düşünmäge kömek eder. Onuň her sapagynda Mukaddes Ýazgylara esaslanan soraglar we olaryň jogaplary berilýär. Hudaýyň pygamberleri-de adamlara şeýle usul bilen tälim berýärdiler. Luka 24:27, 45-nji aýatlary okaň.

Hudaýyň aýdýan hoş habary örän wajypdyr. Emma käbir adamlar oňa sowuk-sala garaýarlar, käbirleri bolsa gaharlanýarlar. Goý, bu zatlar sizi gynandyrmasyn! Siziň ebedi ýaşamak mümkinçiligiňiz Hudaý barada aljak bilimiňize baglydyr. Ýahýa 17:3-i okaň.

 

^ abzas 3 «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitabynyň 20-nji sahypasyna serediň.