Ýahýa 20:1—31
20 Hepdäniň birinji güni* magdalaly Merýem ir bilen, jahan ýagtylmanka mazara gelip+, agzyndaky daşyň aýrylandygyny gördi+.
2 Ol Simun Petrusyň we Isanyň gowy görýän şägirdiniň+ ýanyna ylgap baryp: «Halypamyzyň jesedini mazardan alyp gidipdirler+. Ýöne nirä äkidendiklerini bilemizok» diýdi.
3 Petrus bilen ýanyndaky şägirt mazary görmäge gitdiler.
4 Olaryň ikisi hem ylgap gitdiler, ýöne beýleki şägirt Petrusdan çalt ylgap, mazara öňürti bardy.
5 Ol eglip mazaryň içine seredende, ýerde ýatan kepeni* gördi+, emma mazara girmedi.
6 Yzyndan Simun Petrus gelip, mazara girdi. Ol hem ýerde ýatan kepeni* gördi.
7 Isanyň kellesine oralan mata kepeniň ýanynda däl-de, başga ýerde ýatyrdy.
8 Şonda birinji ylgap gelen şägirt hem mazara girdi. Ol ähli zady görüp, aýdylanlara ynandy.
9 Olar Isanyň direlmelidigi+ hakda ýazylanlara doly düşünmeýärdiler.
10 Soňra şägirtler öýlerine gaýtdylar.
11 Merýem bolsa mazaryň ýanynda aglap durdy. Ol aglaý-aglaý mazaryň içine seredende,
12 ak eşikli iki perişdäniň+ oturandygyny gördi. Olaryň biri Isanyň ýatan ýeriniň başujunda, beýlekisi aýagujunda otyrdy.
13 Olar Merýeme: «Sen näme üçin aglaýaň?» diýdiler. Ol: «Halypamyzy alyp gidipdirler. Nirä äkidendiklerini bilemok» diýdi.
14 Merýem gepläp durka, yzyna öwrülende, biriniň durandygyny gördi. Ol Isady, ýöne Merýem ony tanamady+.
15 Isa oňa: «Näme üçin aglaýaň? Kimi gözleýäň?» diýdi. Merýem oňa bagbandyr öýdüp: «Agam, jesedi sen aldyňmy? Nirede goýandygyňy aýdaý, men alyp gideýin» diýdi.
16 Isa: «Merýem!» diýdi. Merýem yzyna öwrülip: «Mugallym!» diýdi (ýewreýçe «Rabboni!»).
17 Isa oňa: «Meni beýdip saklap* durma. Men entek Atamyň ýanyna gidemok. Bar, doganlaryma aýt+: „Men Atamyň ýanyna barýaryn+. Ol siziň hem Ataňyzdyr, meniň we siziň Hudaýyňyzdyr“»+ diýdi.
18 Magdalaly Merýem şägirtleriň ýanyna gelip: «Halypamyzy gördüm!» diýip, Isanyň aýdanlaryny gürrüň berdi+.
19 Şol gün hepdäniň birinji günüdi*. Agşam düşende şägirtler ýygnanyşdylar we ýehudylardan gorkup gapylary gulplap otyrdylar. Şonda Isa olaryň arasynda peýda bolup: «Salam!*»+ diýdi.
20 Soňra Isa şägirtlerine elini we böwrüni görkezdi+. Olar Halypasyny görüp begendiler+.
21 Isa ýene-de olara: «Salam!*+ Atamyň meni dünýä iberişi ýaly+, menem sizi dünýä iberýärin»+ diýdi.
22 Soňra olara tarap üfläp: «Mukaddes ruhy alyň+.
23 Kimiň günäsini bagyşlasaňyz, Hudaý hem onuň günäsini bagyşlandyr. Emma siz bir adamyň günäsini bagyşlamasaňyz, Hudaý hem bagyşlan däldir» diýdi.
24 Isa gelende, 12 resulyň biri Ekiz lakamly Tomas+ olaryň ýanynda ýokdy.
25 Şägirtler oňa: «Halypamyzy gördük!» diýdiler. Tomas bolsa: «Eliniň çüýlenen ýerini görüp, barmagymy degirmesem, böwrüni elläp görmesem+ ynanmaryn» diýdi.
26 Sekiz günden şägirtler ýene-de bir öýde ýygnanyşdylar. Olaryň ýanynda Tomas hem bardy. Gapylar gulply bolsa-da, Isa peýda bolup: «Salam!*»+ diýdi.
27 Ol Tomasa: «Elime seret, barmagyňy degrip gör. Eliňi uzadyp, böwrüme degir. Indi şübhelenme, iman et» diýdi.
28 Tomas: «Halypam, Hudaýym!*» diýdi.
29 Isa: «Meni görendigiň üçin iman etdiňmi? Görmän iman edýänler bagtlydyr» diýdi.
30 Isa şägirtlerine ençeme gudratlary görkezdi, ýöne olaryň ählisi şu kitaba* ýazylmady+.
31 Şu zatlar bolsa Isanyň Mesihdigine we Hudaýyň Ogludygyna ynanmagyňyz üçin ýazyldy. Siz iman etseňiz, onuň ady arkaly ebedi ýaşarsyňyz+.
Çykgytlar
^ Ýagny ýekşenbe güni. Ýehudylarda ýekşenbe güni hepdäniň birinji güni hasaplanýardy.
^ Sözme-söz: Maňa ýapyşyp.
^ Sözme-söz: Size parahatlyk bolsun!
^ Ýagny ýekşenbe güni. Ýehudylarda ýekşenbe güni hepdäniň birinji güni hasaplanýardy.
^ Sözme-söz: Size parahatlyk bolsun!
^ Sözme-söz: Size parahatlyk bolsun!
^ Ýagny Hudaýyň wekili.
^ Sözme-söz: golýazma.