Ýakubyň haty 2:1—26

  • Ala tutmak we günä (1—13)

    • Söýgi we patyşa kanuny (8)

  • «Iman iş ýüzünde görkezilmese ölüdir» (14—26)

    • Jynlar hem Hudaýa ynanýar we sandyraşýar (19)

    • Ybraýym Ýehowanyň dosty (23)

2  Doganlarym, siz birini beýgeldip, beýlekini peseltseňiz şan⁠-⁠şöhratly Halypamyz Isa Mesihe iman etdigiňiz bolarmy?+  Aýdaly, iki adam ýygnaga gelýär. Biri altyn ýüzükli we gymmatbaha eşikli, beýlekisi bolsa garyp hem⁠-⁠de köne eşikli.  Şonda siz geýnüwli adamy hormatlap: «Geliň, töre geçiň!», garyba bolsa: «Sen dik dur» ýa⁠-⁠da «Gapynyň agzynda otur*»+ diýýän bolsaňyz,  adamlaryň birini beýlekisinden beýgeldip+, adalatsyz kazylara meňzemersiňizmi?+  Eziz doganlarym, diňläň! Hudaý dünýäniň garyp saýýan adamlaryny saýlap, imana baý etmedimi?+ Hudaýy söýýänlere wada berilişi ýaly, olar Patyşalygyň mirasdüşerleri bolmadymy?+  Siz garyby sylamaýarsyňyz. Emma baýlar size ezýet berip+, kazyýete süýräp eltmeýärlermi?  Olar siziň beýik adyňyza dil ýetirmeýärmi?  Eger siz «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý»+ diýen patyşa kanunyny berjaý edýän bolsaňyz, gowy edýärsiňiz.  Emma adamlary ala tutýan bolsaňyz+, günä edýärsiňiz we günäkärler hökmünde kanun boýunça höküm edilersiňiz*+. 10  Kim Töwradyň ähli tabşyryklaryny berjaý edip, ýekejesini bozsa, ol tutuş kanuny bozýandyr+. 11  Sebäbi «zyna etme»+ diýen Hudaý «adam öldürme»+ diýip hem tabşyrdy. Eger zyna etmän, adam öldürseňiz, onda kanuny bozýarsyňyz. 12  Siziň gepleýşiňiz we özüňizi alyp barşyňyz azatlyk kanuny boýunça höküm ediljek adamlaryňky ýaly bolsun+. 13  Kim rehim etmese, höküm çykarylanda, onuň özüne⁠-⁠de rehim edilmez+. Hawa, rehimdarlyk hökümden üstün çykýandyr. 14  Doganlarym, kim Hudaýa iman edýärin diýip⁠-⁠de, muny iş ýüzünde görkezmese, peýdasy bolarmy?+ Şeýle iman adamy halas edip bilermi?+ 15  Aýdaly, bir doganyň ýa⁠-⁠da uýanyň geýere eşigi ýa iýere çöregi ýok. 16  Siz: «Sag⁠-⁠aman baryň, ýylnyň we iýip içiň» diýip, olara gerekli zady bermeseňiz näme peýdasy bar?+ 17  Şonuň ýaly⁠-⁠da iman hem iş ýüzünde görkezilmese ölüdir+. 18  Kimdir biri şeýle diýip biler: «Sen iman edýärsiň, men bolsa imanymy iş ýüzünde görkezýärin. Sen ýagşy işleri etmän imanyňy nädip görkezjek? Men bolsa ýagşy işlerim bilen imanymy görkezeýin». 19  Sen Hudaýyň ýeke⁠-⁠täkdigine ynanýarsyň gerek? Ynanýan bolsaň, örän gowy! Ýöne jynlar hem ynanýarlar we gorkudan ýaňa sandyraşýarlar+. 20  Eý akylsyz, imanyňy iş ýüzünde görkezmeseň peýdasyzdygyny bilmeýärmiň? 21  Ybraýym atamyz haçan dogruçyl hasaplandy? Ogly Yshagy gurbanlyk ojagynyň* üstünde goýansoň dälmi?+ 22  Görşüňiz ýaly, ol imanyny iş ýüzünde görkezdi we onuň imany eden işleri arkaly kämilleşdi+. 23  Şeýdip, «Ybraýym Ýehowa* iman etdi, şonuň üçin hem dogruçyl adam hasaplandy»+ diýen sözler ýerine ýetdi. Şol sebäpli Ybraýyma Ýehowanyň* dosty diýildi+. 24  Görşüňiz ýaly, adam diňe iman edýändigi üçin däl, ony iş ýüzünde görkezýändigi üçin dogruçyl hasaplanýar. 25  Ahlaksyz aýal Rahaw hem içalylary öýüne myhman aldy, soňra olary başga ýol bilen ugratdy. Ol hem eden işleri üçin dogruçyl hasaplanmadymy?+ 26  Dogrudan⁠-⁠da, bedeniň ruhsuz* öli+ bolşy ýaly, iman hem iş ýüzünde görkezilmese ölüdir+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Aýaklarymy goýýan oturgyjymyň ýanynda otur.
Ýa⁠-⁠da: ýazgarylarsyňyz.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: demsiz.