Ýewreýler 5:1—14

  • Isa Mesih ähli baş ruhanylardan beýikdir (1—10)

    • «Mäliksadyk ýaly baş ruhany» (6, 10)

    • «Görgi görüp, gulak asmagy öwrendi» (8)

    • «Ebedilik halas etmek üçin bellendi» (9)

  • Ruhy taýdan ösüň (11—14)

5  Baş ruhany adamlara Hudaýa sežde etmäge kömek edýär+. Ol Hudaýa halkyň sadakalaryny we gurbanlyklaryny hödürläp, günälerini ýuwýar+.  Ol ýalňyşyp günä eden adamlaryň ýagdaýyna düşünýär, sebäbi özi hem ýalňyşýar.  Şol sebäpli ol adamlaryň günäleri üçin gurbanlyk berişi ýaly, özi üçin hem gurbanlyk bermeli+.  Hiç kim öz-özüni baş ruhany edip belläp bilmeýär, ony diňe Hudaý belleýär. Haruny hem Hudaý baş ruhany edip belläpdi+.  Şonuň ýaly Mesih hem öz-özüni+ baş ruhany edip bellemedi. Hudaý: «Sen meniň oglum, şu gün seniň ataň boldum»+ diýip, ogluny baş ruhany edip belledi we şöhratlandyrdy.  Başga bir ýerde bolsa Hudaý oňa: «Sen Mäliksadyk ýaly ebedilik ruhany bolarsyň»+ diýýär.  Mesih ýer ýüzünde ýaşan mahaly, ölümden halas etmegi başarýan Hudaýa ahy-nala we gözýaşlar bilen ýalbaryp+, ýürekden dileg etdi. Onuň dilegi kabul boldy, sebäbi ol Hudaýdan gorkýardy.  Ol Hudaýyň ogly bolsa-da, görgi görüp, gulak asmagy öwrendi+.  Mesih ähli zatda Hudaýa gulak asmagy öwrenip*+, indi Hudaýa gulak asýan adamlary ebedilik halas etmek üçin bellendi+. 10  Şeýlelikde, Hudaý ony Mäliksadyk ýaly baş ruhany edip belledi+. 11  Mesih hakda aýdara zat köp, ýöne size düşündirmek kyn, sebäbi gulagyňyz gapylypdyr. 12  Siz şu wagta çenli eýýäm mugallym bolmalydyňyz, ýöne siziň özüňize ýörite mugallym gerek. Size Hudaýyň sözüniň esasy taglymatlaryny başdan-aýak öwretmeli+. Size agyr nahar däl-de, süýt bermeli. 13  Süýt içýän adam Hudaýyň sözüne* düşünýän däldir, sebäbi ol heniz çagadyr+. 14  Emma agyr nahar ruhy taýdan ösen adamlar üçindir. Olaryň aň-düşünjesi ýagşy bilen ýamanyň tapawudyny bilmäge öwrenişendir.

Çykgytlar

Ýa-da: kämillige ýetip.
Sözme-söz: dogruçyllyk sözüne.