Ikinji Korinfliler 6:1—18
6 Biz Hudaýyň işdeşleri+ hökmünde size Hudaýyň ýagşylygyna sowuk-sala garamazlygy ündeýäris+.
2 Hudaý: «Rehim eden döwrüm saňa jogap berdim, gutulyş güni saňa kömek etdim»+ diýýär. Ine, rehim edilýän wagt geldi! Ine, gutulyş güni geldi!
3 Adamlar gullugymyzdan kemçilik tapmaz ýaly, hiç kimi büdretmeýäris+.
4 Biz ähli ýagdaýda Hudaýyň gullukçylary hökmünde tanalmak isleýäris+. Biz köp kynçylyklara çydaýarys, betbagtçylyga, mätäçlige, kyn günlere+,
5 urgulara, türmä+, gozgalaňçylara, agyr zähmete, ukusyz gijelere we açlyga çydaýarys+.
6 Şeýle-de halal ýaşaýarys, bilim alýarys, sabyrly bolýarys+, ýagşylyk edýäris+, mukaddes ruha eýerýäris, ýürekden* söýýäris+,
7 ýalan sözlemeýäris we Hudaýyň güýjüne bil baglaýarys+. Onsoňam, sag* we çep* elimizde adalat* ýaraglary bar+.
8 Bize alkyş aýtsalar-da, kemsitseler-de, gybatymyzy etseler-de, öwseler-de Hudaýyň gullukçylary hökmünde tanalmak isleýäris. Bizi ýalançy hasaplasalar-da, hakykaty aýdýarys,
9 dünýä bizi tanamasa-da, Hudaý tanaýandyr, adamlar ölüme mynasyp görseler-de, biz diridiris+, jeza* berseler-de, ölen däldiris+.
10 Bizi biçäre hasaplasalar-da, elmydama şadyýandyrys, garyp görseler-de, köpleri baý edýändiris, hiç zadymyz ýokdur öýtseler-de, hemme zadymyz bardyr+.
11 Eý korinfliler, siziň bilen aç-açan gepleşdik, ýüregimizi giňden açdyk.
12 Biz size gysganman mähir siňdirdik*+, ýöne siz bizden mähriňizi gysgandyňyz.
13 Size çagalarym hökmünde aýdýaryn: siz hem ýüregiňizi giňden açyň+.
14 Imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmäň+. Eýsem dogruçyllyk bilen kanunsyzlygyň nähili baglanyşygy bar?+ Ýagtylyk bilen garaňkylygyň näme meňzeşligi bar?+
15 Mesih Şeýtan* bilen ylalaşyp bilermi?+ Ýa-da imanly bilen imansyzyň näme meňzeşligi* bar?+
16 Heý-de, Hudaýyň ybadathanasynda butlar bolup bilermi?+ Biz Biribaryň ybadathanasy+, sebäbi Hudaý: «Men olaryň ýanynda+, olaryň arasynda bolaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem meniň halkym bolar»+ diýdi.
17 «Ýehowa* şeýle diýýär: „Olaryň arasyndan çykyň, olardan aýrylyň. Haram zada el degirmäň!“+, „şonda men sizi kabul ederin“»+.
18 «Gudratygüýçli Ýehowa* şeýle diýýär: „Men siziň ataňyz+, siz hem meniň ogul-gyzlarym bolarsyňyz“»+.
Çykgytlar
^ Ýa-da: ikiýüzli bolmadyk söýgi bilen.
^ Ähtimal, hüjüm etmek üçin.
^ Ähtimal, goranmak üçin.
^ Sözme-söz: dogruçyllyk.
^ Ýa-da: temmi.
^ Ýa-da: Biziň ýüregimizde ýer darlyk edýän däldir.
^ Sözme-söz: Beliýal. Dereksiz diýmegi aňladýar.
^ Ýa-da: baglanyşygy.