Ikinji Musa 3:1—22

  • Musa we ýanyp duran ýandak (1—12)

  • Ýehowa adynyň manysyny düşündirýär (13—15)

  • Ýehowa Musa görkezme berýär (16—22)

3  Musanyň gaýynatasy Şugaýyp+ Midýanyň ruhanysydy. Musa gaýynatasynyň mallaryny bakýardy. Bir gün ol sürini çölüň içi bilen günbatara äkidip, hak Hudaýyň dagy Horebe bardy+.  Şonda ýanyp duran ýandagyň içinde Ýehowanyň perişdesi peýda boldy+. Musa görse, ýandak lowlap ýanyp dur, ýöne ýanyp gutaranok.  Ol içinden: «Eý Alla, bu ne gudrat! Ýandak ýanyp gutaranok-la, hany, golaýyna baryp göreýin» diýdi.  Ýehowa Musanyň gelýänini görüp, ýandagyň içinden: «Musa, Musa!» diýip seslendi. Ol: «Diňleýärin!» diýdi.  Şonda Hudaý: «Bärik golaýlaşma, aýagyňdaky çarygy çykar, mukaddes ýerde dursuň» diýdi.  Hudaý sözüni dowam edip: «Men ata-babalaryň* Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy»+ diýdi. Musa hak Hudaýa seretmäge gorkup, ýüzüni ýapdy.  Ýehowa bolsa: «Halkymyň Müsürde çekýän jebrini gördüm. Rehimsiz müsürlilerden ýaňa edýän ahy-nalasyny eşitdim. Olaryň ejir çekýänini bilýärin+.  Aşak inip*, halkymy müsürlileriň elinden halas ederin+. Olary Müsürden çykaryp, mes toprakly hem giň, süýt bilen bal akýan ýurda+, kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň+ ýurduna äkiderin.  Ysraýyllaryň ahy-nalasyny eşitdim. Müsürlileriň olary zalymlyk bilen ezýänini gördüm+. 10  Seni faraonyň ýanyna ibereýin, git-de, ysraýyl halkymy Müsürden çykar» diýdi+. 11  Şonda Musa hak Hudaýa: «Faraonyň ýanyna gidip, ysraýyllary Müsürden çykarar ýaly, men kimmişim?!» diýdi. 12  Hudaý bolsa: «Men seniň ýanyňda bolaryn+. Halkymy Müsürden çykaryp, maňa* şu dagda+ sežde edersiňiz. Şonda seni meniň iberendigime doly göz ýetirersiň» diýdi. 13  Musa hak Hudaýa: «Ysraýyllaryň ýanyna baryp: „Meni ata-babalaryňyzyň Hudaýy iberdi“ diýsem, olaram: „Onuň ady näme?“+ diýip sorasalar, näme jogap bereýin?» diýdi. 14  Şonda Hudaý: «Men Kim bolaýyn diýsem, Bolýandyryn*»+ diýdi. Soňra ol: «Ysraýyllara: „Meni ýanyňyza Bolýandyryn iberdi“+ diýip aýt» diýdi. 15  Hudaý Musa ýene bir gezek gaýtalap: «Ysraýyllara: „Meni ata-babalaryňyzyň Hudaýy, Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy Ýehowa+ iberdi“ diý. Bu meniň ebedi adymdyr+. Nesilden-nesle şu adym bilen tanalaryn. 16  Indi git-de, ysraýyl ýaşulularyny ýygnap: „Ata-babalaryňyzyň Hudaýy, Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy Ýehowa maňa görnüp, şeýle diýdi: „Size nazar salyp+, Müsürde çekýän jebir-jepalaryňyzy gördüm. 17  Sizi müsürlileriň zorluk-süteminden azat edip+, kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň+, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň+ ýurduna, süýt bilen bal akýan ýurda+ äkitjekdigime söz berýärin“ diý. 18  Olar saňa hökman gulak asar+. Ysraýyl ýaşululary bilen Müsür faraonynyň ýanyna baryň-da: „Biz bilen ysraýyllaryň*+ Hudaýy Ýehowa gepleşdi. Rugsat berseňiz, üç günlük çöle gidip, Ýehowa Hudaýymyza gurbanlyk berjek bolýarys“+ diýiň. 19  Ýöne mejbur etmeseň, Müsür faraony sizi goýbermez+. 20  Güýçli golum bilen gudrat görkezip, Müsüriň başyna bela-beter indererin. Şonda faraon sizi goýberer+. 21  Müsürlileri size hormat goýar ýaly ederin. Ýurtdan eli boş çykmarsyňyz+. 22  Gelin-gyzlar goňşusyndan we öýünde ýaşaýan aýaldan altyn-kümüş, egin-eşik sorasyn. Olary ogul-gyzlaryňyza geýdirersiňiz. Şeýdip, müsürlileri talap gaýdarsyňyz»+ diýdi.

Çykgytlar

Sözme-söz: ataň.
Ýa-da: Olara nazar salyp.
Sözme-söz: hak Hudaýa.
Sözme-söz: ýewreýleriň.