Ikinji Taryh 6:1—42

  • Süleýmanyň halka aýdan sözi (1—11)

  • Ybadathananyň açylyş dabarasynda Süleýmanyň dogasy (12—42)

6  Süleýman: «Ýehowa, sen tüm⁠-⁠garaňkylykda+ ýaşajakdygyňy aýdypdyň.  Men saňa baky mekanyň boljak şöhratly öý gurdum»+ diýdi.  Patyşa yzyna öwrülip, tutuş ysraýyl jemagatyna ak pata berdi. Şol wagt ysraýyllar aýak üstünde durdy+.  Süleýman şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şöhrat bolsun! Ol kakam Dawuda beren wadasyny berjaý etdi*.  Hudaý: „Ysraýyl halkymy Müsürden çykaran günümden bäri adymy beýgeltjek öý+ gurmak üçin ysraýyl taýpalarynyň hiç bir şäherini saýlamandym. Hiç kimi ysraýyl halkyma baştutan etmedim.  Soňra adymy şöhratlandyrmak üçin Iýerusalimi saýladym+, Dawudy ysraýyl halkyma baştutan edip saýladym“+ diýdi.  Kakam Dawut Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň adyny göterýän öý gurmak isleýärdi+.  Emma Ýehowa: „Sen meniň adyma öý gurmak isleýäň, gowy niýetiň bar.  Ýöne öýi sen gurmarsyň. Adymy göterjek öýi seniň ogluň* gurar“+ diýdi. 10  Ýehowa beren sözünde durdy, men kakam Dawudyň mirasdüşeri boldum, Ýehowanyň wada berişi ýaly+, Ysraýyl tagtyna geçdim+. Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň adyna öý gurdum. 11  Äht sandygyny hem getirip goýdum. Sandygyň içinde Ýehowanyň ysraýyl halky bilen baglaşan ähti bar»+. 12  Süleýman Ýehowanyň gurbanlyk ojagynyň* hem⁠-⁠de tutuş ysraýyl jemagatynyň öňünde durup, elini göge galdyrdy+. 13  Şol wagt Süleýman misden ýasalan sekiniň üstünde durdy. Süleýman sekini uly howlynyň ortasynda goýupdy+. Sekiniň uzynlygy bäş tirsek*, ini bäş tirsek, beýikligi üç tirsekdi. Süleýman tutuş ysraýyl jemagatynyň öňünde dyza çöküp, elini göge galdyrdy⁠-⁠da+, 14  şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa, ýerde⁠-⁠gökde seniň deý Hudaý ýokdur! Sen özüňe bütin ýürekden gulluk edýän bendeleriňe ýagşylyk edip*, ähtiňi berjaý edýäň+. 15  Kakam Dawuda beren sözüňde durduň+, wadaňy berjaý etdiň*+. 16  Ysraýyl Hudaýy Ýehowa, indi bolsa guluň Dawuda: „Ogullaryň ünsli bolup, kanunymy berjaý etseler, maňa sen ýaly+ wepaly gulluk etseler, Ysraýyl tagtynda hemişe seniň nesliň oturar“+ diýen wadaňy berjaý et. 17  Ysraýyl Hudaýy Ýehowa, guluň Dawuda beren sözüňi ýerine ýetir. 18  Heý⁠-⁠de, Hudaý ýer ýüzünde adamlaryň arasynda ýaşarmy?+ Sen göklere, hatda ägirt uly asmana⁠-⁠da sygaňok ahyryn+. Meniň guran öýüm nädip sygdyrsyn?!+ 19  Ýehowa Hudaýym, doga⁠-⁠dilegimi eşidip, menden razy bol, dady⁠-⁠perýadyma gulak asyp, haýyşymy bitir. 20  Goý, gözleriň gije⁠-⁠gündiz şu öýe seredip dursun, öýüňe bakyp doga edýän guluň dilegini eşit. Sen: „Şu öý adymy göterer“ diýipdiň+. 21  Guluň dilegini eşit. Ysraýyl halkyň öýüňe seredip dileg etse+, olara jogap ber. Gökdäki mekanyňdan eşidip+, olaryň günäsini geç+. 22  Eger bir adamy başga birine garşy günä etmekde aýyplap, ant içirseler, ol hem gargyşa galyp*, seniň öýüňdäki gurbanlyk ojagynyň öňüne gelse+, 23  gökden eşit⁠-⁠de, gullaryň işine seredip, adyl höküm çykar. Päliýaman adama eden etmişine görä almytyny ber+, bigünäni bolsa aklap, dogruçyllygy üçin sylagla+. 24  Ysraýyl halkyň saňa garşy günä edeni üçin duşmandan ýeňilse+, soňam saňa ýüz tutup, adyňy şöhratlandyrsa+, senden rehim⁠-⁠şepagat diläp, öýüňe gelip, huzuryňda ýalbaryp doga etse+, 25  olary gökden eşit⁠-⁠de+, halkyň günäsini geç, ata⁠-⁠babalaryna we olara beren ýurduňa gaýtaryp getir+. 26  Olar saňa garşy günä edeni+ üçin gök ýapylyp, ýagmyr ýagmadyk mahaly+, öýüňe seredip doga etseler, adyňy şöhratlandyrsalar, beren temmiňi kabul edip*, günälerine toba etseler+, 27  olary gökden eşit⁠-⁠de, gullaryň, ysraýyl halkyň günäsini geç. Olara öwüt⁠-⁠nesihat berip, dogry ýola sal, ýöremeli ýoluny görkez+, mülk edip beren ýurduňa ýagmyr ýagdyr+. 28  Eger ýurda açlyk düşse+ ýa mergi keseli+ dörese, howurly ýel öwüsse, ekinler heň bilen çüýrese+, çekirtge ýagyp, bar zady ýalmap ýuwutsa+, ýa⁠-⁠da bir şähere duşman çozsa+, nähili bela⁠-⁠beter, nähili kesel bolsa⁠-⁠da+, 29  bir adam ýa⁠-⁠da tutuş ysraýyl halky öýüňe tarap+ elini uzadyp, senden rehim⁠-⁠şepagat dilese+ (her kimiň öz derdi we ýürek ýarasy bardyr)+, 30  gökdäki mekanyňdan eşit⁠-⁠de+, olaryň günäsini geç+. Her kese eden işine görä hakyny ber, sebäbi sen adamyň ýüregini görýäň, hawa, adamyň ýüregini diňe sen bilýäň+. 31  Goý, halk ata⁠-⁠babalarymyza beren ýurduňda seniň ýoluňdan ýöräp, bütin ömrüne saňa çuňňur hormat goýsun*. 32  Başga milletli adam seniň beýik adyň+, güýç⁠-⁠kuwwatly goluň hakda eşidip, uzak ýerden gelse, öýüňe seredip doga etse+, 33  gökdäki mekanyňdan eşidip, başga milletli adamyň ähli haýyşyny bitir. Şonda ysraýyl halkyň ýaly, bütin ýer ýüzüniň halklary adyňy tanap+, senden gorkar we guran öýümiň seniň adyňy göterýändigini biler. 34  Eger halkyňy duşmanlar bilen söweşmäge iberseň+, olar hem saýlan şäheriňe we adyň üçin guran öýüme seredip+ doga etse+, 35  gökden olaryň doga⁠-⁠dilegini eşidip, razy bol we duşmanlaryny ýeňmäge kömek et+. 36  Eger halk saňa garşy günä etse (sebäbi günä etmeýän adam ýok)+, senem gaharlanyp, olary duşmanlaryň eline berseň, duşmanlar olary ýakyn ýa daş ýurda ýesirlige äkitse+, 37  olar hem ýesir düşen ýurdunda akylyna aýlanyp, saňa ýüz tutsa, ýesirlikde senden rehim⁠-⁠şepagat diläp: „Biz günä etdik, dogry ýoldan sowlup, erbetlik etdik“+ diýip ýalbarsalar, 38  ýesir düşen ýurdunda+ bütin ýüregi+, bütin jany* bilen saňa dolansalar, ata⁠-⁠babalaryna beren ýurduňa, saýlan şäheriňe+ we adyň üçin guran öýüme tarap seredip doga etseler, 39  gökdäki mekanyňdan doga⁠-⁠dileglerini eşidip, olardan razy bol, dadyna ýetiş+. Halkyň saňa garşy eden günälerini bagyşla. 40  Eý Hudaýym, haýyş edýärin, öýüňde edilýän dogalary ünsli diňläp, jogap ber+. 41  Ýehowa Hudaý, şu öýde hemişelik mesgen tut. Goý, güýç⁠-⁠kuwwatyňy görkezýän äht sandygyň hemişe şu öýde dursun+. Eý Ýehowa Hudaý, goý, ruhanylar seniň halasgär Hudaýdygyňy düşündirsin, wepaly bendeleriň ýagşylygyňa begensin+. 42  Ýehowa Hudaýym, saýlanyňdan ýüz öwürme+, guluň Dawuda eden ýagşylygyňy* unutma»+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: dili bilen aýdanyny eli bilen etdi.
Sözme⁠-⁠söz: biliňden önen ogluň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgi bildirip.
Ýa⁠-⁠da: diliň bilen aýdanyňy eliň bilen etdiň.
Adam ýalandan ant içse ýa⁠-⁠da içen antyny bozsa, gargyşa galýardy.
Ýa⁠-⁠da: olary peseldendigiňe düşünip.
Sözme⁠-⁠söz: senden gorksun.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgi bildireniňi.