Danyýar 6:1—28
6 Dariý patyşa 120 sany emiri ýurdy dolandyrmak üçin belledi+.
2 Olaryň üstünden bolsa üç sany baş emeldary goýdy. Patyşanyň işleri rowaçlanar ýaly emirler+ olara hasabat bermelidi. Baş emeldarlaryň biri Danyýardy+.
3 Ol beýleki emirlerden we baş emeldarlardan akyl-paýhasy bilen tapawutlanýardy+. Şol sebäpli patyşa ony bütin ýurduň üstünden baş edip goýmakçy boldy.
4 Baş emeldarlar bilen emirler Danyýary aýyplamak üçin patyşalykda ýerine ýetirýän işlerinden kemçilik tapjak boldular, emma hiç zat tapyp bilmediler. Sebäbi Danyýar ynamdar we dogruçyl adamdy, işine sowuk-sala garamaýardy.
5 Olar: «Biz Danyýaryň dinini+ özüne garşy ulanaýmasak, ondan hiç hili ýazyk tapyp bilmeris» diýdiler.
6 Şeýlelikde, baş emeldarlar bilen emirler ýygnanyşdylar we patyşanyň huzuryna gelip, şeýle diýdiler: «Dariý patyşamyz! Ömrüňiz uzak bolsun!
7 Biz baş emeldarlar, wezir-wekiller, emirler, köşk geňeşçileri, häkimler bolup maslahatlaşdyk we şanyň şeýle perman çykarmagyny makul bildik. Goý, patyşa şeýle perman çykarsyn: 30 günüň içinde sizden başga hudaýa ýa-da ynsana dileg eden adam ýolbarsly çukura taşlansyn+.
8 Siziň alyhezretleriňiz, perman çykaryp, möhür basyň+. Midiýa we Pars kanunlarynyň ýatyrylmaýşy ýaly, goý, siziň çykaran permanyňyz ýatyrylmasyn»+.
9 Dariý patyşa permana möhür basdy.
10 Danyýar permana möhür basylandygyny eşiden badyna öýüne gaýtdy. Ýokarky otagyň Iýerusalime bakyp duran penjireleri açyk durdy+. Ol hemişekisi ýaly dyza çöküp, her gün üç gezek doga etdi we Hudaýyna alkyş aýtdy.
11 Şol pursat adamlar onuň öýüne kürsäp girdiler we Hudaýa ýalbaryp, dileg edip duran Danyýary gördüler.
12 Olar patyşanyň huzuryna bardylar we perman hakda ýatladyp: «Patyşahym, çykaran permanyňyza görä, 30 günüň içinde sizden başga hudaýa ýa-da ynsana dileg eden adam ýolbarsly çukura taşlanmalydyr» diýdiler. Patyşa jogap berip: «Hawa, Midiýa we Pars kanunlarynyň ýatyrylmaýşy ýaly, permany hem hiç kim üýtgedip bilmez»+ diýdi.
13 Olar derrew patyşa: «Ýahudadan ýesir getirilen Danyýar+ sizi äsgermeýär, möhür basan permanyňyzy ýerine ýetirmeýär. Ol her gün üç sapar öz Hudaýyna doga edýär»+ diýdiler.
14 Patyşa muny eşidende, gama batdy. Ol Danyýary halas etmek üçin çykalga gözledi we Gün ýaşýança, ony gutarmagyň aladasyny etdi.
15 Ahyry olar üýşüp, patyşanyň huzuryna bardylar-da, şeýle diýdiler: «Patyşahym, bilip goýuň, Midiýa we Pars kanunyna görä, patyşanyň permany hem karary üýtgedilmeli däldir»+.
16 Şeýlelikde, patyşa buýruk berdi we olar Danyýary ýolbarsly çukura taşladylar+. Patyşa Danyýara: «Wepaly* gulluk edýän Hudaýyň seni halas eder» diýdi.
17 Soňra daşy getirip, çukuryň agzynda goýdular. Danyýara çykarylan karar üýtgedilmez ýaly, patyşa özüniň we han-begleriniň ýüzügi bilen daşy möhürledi.
18 Patyşa köşgüne geldi. Ol agşam hiç zat iýmedi, aýdym-saz diňlemedi, gözüne uky-da gelmedi.
19 Daň atan badyna, patyşa ýerinden turup, ýolbarsly çukura tarap ylgady.
20 Ol çukuryň ýanyna gelip, gamgyn ses bilen: «Danyýar, Biribaryň guly! Wepaly gulluk edýän Hudaýyň seni ýolbarslardan halas etdimi?» diýip sorady.
21 Danyýar patyşa derrew jogap berip: «Eý patyşa, ömrüňiz uzak bolsun!
22 Meniň Hudaýym perişdesini iberip, ýolbarslaryň agzyny baglady+. Olar maňa zyýan ýetirmediler+, sebäbi Allanyň öňünde günäm ýokdur. Eý patyşa, size garşy hem günä etmändim» diýdi.
23 Patyşa begenjinden ýaňa uçaýjak boldy. Ol Danyýary çukurdan çykarmagy buýurdy. Danyýary çykaranlarynda, endamynda hiç hili ýara ýokdy. Sebäbi ol öz Hudaýyna bil baglapdy+.
24 Patyşanyň buýrugy bilen Danyýara ýamanlyk eden* adamlary getirdiler. Olary ogullary we aýallary bilen bile ýolbarsly çukura taşladylar. Çukuryň düýbüne düşmänkä, ýolbarslar olary parçalap, ähli süňklerini gemirdiler+.
25 Şonda Dariý patyşa dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan halklara, milletlere we dillere şeýle hat ýazdy+: «Size parahatlyk dileýärin!
26 Men şeýle buýruk berýärin: patyşalygymyň ähli welaýatlarynda ýaşaýan adamlar Danyýaryň Hudaýyndan gorksunlar, hormat goýsunlar+. Sebäbi ol Biribardyr, baky ýaşaýandyr. Onuň patyşalygy hiç haçan ýok edilmez, ebedi höküm sürer+.
27 Ol halas edýär+, azat edýär. Gökde we ýerde alamatlar hem gudratlar görkezýär+. Danyýary ýolbarslaryň penjesinden halas etdi».
28 Danyýar Dariý+ we Pars şasy Kiriň patyşalygynda sag-salamat ýaşady+.