Galatýalylar 2:1—21
2 Men 14 ýyl geçensoň, Barnabas+ bilen ýene-de Iýerusalime gitdim. Biz Titusy hem ýanymyz bilen alyp gitdik+.
2 Maňa ol ýere gitmelidigim görnüş* arkaly aýdylypdy. Ol ýerde men ýygnaga gözegçilik edýän doganlar bilen aýratyn görşüp, olara başga halklara wagyz edýän hoş habarymy gürrüň berdim. Şeýdip, men öňem, häzirem biderek ýere ylgamandygyma göz ýetirjek boldum.
3 Meniň ýanymdaky Titus+ grek bolsa-da, hiç kim ondan sünnetlenmegi talap etmedi+.
4 Emma ýygnagyň arasyna ogrynça giren ýalan doganlar gelip, kynçylyk döretdiler+. Olar bizi Isa Mesihiň şägirtleri hökmünde berlen azatlykdan mahrum edip+, doly gul etmek isleýärdiler+.
5 Ýöne biz olara azajyk-da eglişik etmedik, tabyn hem bolmadyk+, sebäbi siziň hoş habaryň hakykatyndan ýüz öwürmegiňizi islemedik.
6 Olar abraýly ýaly bolup görünseler-de+, hiç hili täze zat aýtmadylar. Olar sylanýan bolsalar-da, maňa parhy ýokdy, sebäbi Hudaý adamyň daş keşbine seretmeýär.
7 Petrusyň sünnetli adamlara hoş habary wagyz etmäge bellenilişi ýaly, meniň hem sünnetlenmedik adamlara wagyz etmäge bellenendigime göz ýetirdiler+.
8 Sebäbi Petrusa sünnetli adamlara, maňa bolsa başga halklara resullyk etmäge ygtyýar berildi+.
9 Doganlar Hudaýyň maňa bereket berendigini* bilenlerinde+, ýygnagyň diregi hasaplanýan Ýakup+, Kifa* we Ýahýa maňa+ hem-de Barnabasa sag elini uzadyp, hyzmatdaşlyk etmäge razydygyny görkezdiler. Şeýdip, biz başga halklara, olar bolsa sünnetli adamlaryň arasyna gitdiler.
10 Olar mätäçlik çekýän doganlary hem unutmazlygy haýyş etdiler. Menem olara yhlas bilen kömek etmäge jan edýärin+.
11 Kifa*+ Antakyýa+ gelende özüni nädogry alyp bardy. Şonda men onuň ýalňyşyny ýüzüne aýtdym.
12 Ol Ýakubyň+ iberen adamlary gelmänkä, başga milletliler bilen iýip içýärdi+. Ýöne myhmanlar gelende, sünneti goldaýanlardan gorkup+, başga milletlileriň ýanyndan aýrylyp, olar bilen gepleşmegini-de goýdy.
13 Beýleki ýehudylar hem onuň ikiýüzli hereketini goldadylar. Hatda Barnabas hem olaryň täsirine düşüp, ikiýüzlülik etdi.
14 Men olaryň hoş habaryň hakykatyna garşy gidýändigini görüp+, hemmeleriň öňünde Kifa*: «Sen ýehudy bolup, ýehudylar ýaly däl-de, başga milletliler ýaly ýaşaýarsyň. Onda näme üçin başga milletlileri ýehudylaryň däp-dessuryna eýermäge mejbur edýärsiň?»+ diýdim.
15 Biz ýehudy bolup doguldyk we başga milletler ýaly günäkär däldiris.
16 Emma adam kanuny berjaý edip däl-de, Isa Mesihe iman+ edip dogruçyl hasaplanýar. Biz Isa Mesihe+ iman edýäris, şonuň üçin kanuny berjaý edip däl, Mesihe iman edip dogruçyl hasaplanýarys. Sebäbi hiç bir adam kanuny berjaý edip, dogruçyl hasaplanyp bilmez+.
17 Eger biz Mesih arkaly dogruçyl hasaplanmak üçin günäkär bolsak, onda Mesih bizi günä iterýärmi? Elbetde, ýok!
18 Eger men ýykan zadymy gaýtadan dikeldýän bolsam, diýmek, günäli bolýaryn.
19 Sebäbi men kanuna eýerip, kanun üçin öldüm+, ýöne Hudaý üçin direldim.
20 Men Mesih bilen bile pürse çüýlendim+. Indi men däl-de, men arkaly Mesih ýaşaýar+. Dogrudan-da, men ýaşasam-da, Hudaýyň Ogluna iman edip ýaşaýaryn+. Ol meni söýüp, meniň üçin janyny gurban etdi+.
21 Men Hudaýyň ýagşylygyndan ýüz öwürmeýärin+. Sebäbi adam kanuny berjaý edendigi üçin dogruçyl hasaplansa, onda Mesihiň ölmegi biderek bolardy+.