Galatýalylar 5:1—26
5 Mesih hem bizi şeýle azatlyga çykarmak üçin boşatdy. Şonuň üçin berk duruň+, gulçulygyň boýuntyrygyny gaýtadan dakynmaň+.
2 Men Pawlus, size aýdýaryn, eger sünnetlenseňiz, Mesihiň edenleriniň peýdasy bolmaz+.
3 Size ýene-de aýdýaryn, sünnetlenýän adam Töwradyň ähli tabşyryklaryny berjaý etmelidir+.
4 Eger siz kanun arkaly dogruçyl bolmaga jan edýän bolsaňyz+, onda Mesihden aýrylyp, ýagşylygyny görmersiňiz.
5 Biz mukaddes ruh arkaly iman edip, dogruçyl hasaplanjak wagtymyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.
6 Sebäbi Isa Mesihiň şägirtlerine sünnetli ýa-da sünnetsiz bolmak hökman däl+, ýöne söýgi bilen iman ähmiýetlidir.
7 Siz jan edip ylgaýardyňyz+. Kim size hakykat boýunça ýaşamaga päsgel berýär?
8 Sizi çagyran Hudaý päsgel berýän däldir.
9 Azajyk hamyrmaýa bütin hamyry turşadýar+.
10 Halypamyzyň şägirtleriniň+ nädogry pikir etmejekdigini bilýärin. Ýöne siziň pikiriňizi zäherleýän adama+ höküm çykarylar.
11 Doganlar, eger sünnetlenmek barada henizem wagyz edýän bolsam, onda näme üçin meni yzarlaýarlar? Eger şeýle eden bolsadym, jebir pürsi* adamlary büdredýän daş*+ bolmazdy.
12 Wah, sizi sünnetlenmäge yrjak bolýanlar özlerini agta etsedi!*
13 Doganlar, siz azatlyga çykdyňyz, ýöne azatlygyňyzy ten höwesleri üçin ulanmaň+. Gaýtam biri-biriňizi söýüp, gul kimin hyzmat ediň+.
14 Sebäbi tutuş Töwrat: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý»+ diýen tabşyrykda jemlenendir*.
15 Eger biri-biriňizi günäkärläp, etiňizi iýip barýan bolsaňyz+, onda bir-biriňizi ýok etmekden seresap boluň+.
16 Men size diýýärin, mukaddes ruha görä ýaşaň+, şonda ten höweslerine eýermersiňiz+.
17 Sebäbi ten höwesi ruha garşy, ruh bolsa ten höwesine garşydyr. Olar biri-birine duşmandyr, şol sebäpli siz isleýän zatlaryňyzy edip bilmeýärsiňiz+.
18 Hawa, eger siz mukaddes ruha eýerseňiz, kanunyň golastynda bolmarsyňyz.
19 Ten işleri şulardyr: ahlaksyzlyk*+, haramlyk, haýasyzlyk*+,
20 butparazlyk, jadygöýlik*+, duşmançylyk, dawa-jenjel, gabanjaňlyk, gahar-gazap, jedel, bölünişik, dini toparlary* döretmek,
21 göriplik, serhoşlyk+, keýpi-sapaly oturyşyklar we şuňa meňzeş zatlar+. Şeýle zatlar bilen meşgullanýan adamlaryň Hudaýyň Patyşalygyny miras almajakdygyny+ size öň duýduryşym ýaly, ýene-de duýdurýaryn.
22 Mukaddes ruhuň miwesi bolsa şulardyr: söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk*, mähribanlyk*, gowulyk*+, iman,
23 ýumşaklyk, özüňe erk etmeklik+. Bulara garşy hiç hili kanun ýokdur.
24 Isa Mesihe degişli adamlar erbet we güýçli höwesleri bilen bile günäli bedenini pürse çüýlediler+.
25 Eger biz ruha görä ýaşaýan bolsak, oňa eýermegimizi dowam edeliň+.
26 Geliň, diňe özüni bilýän adam bolmalyň+, biri-birimiz bilen bäsleşmäliň+, göriplik etmäliň!
Çykgytlar
^ Ýa-da: biçsedi! Şeýle adama Töwratdaky borçlary ýerine ýetirmek rugsat berilmeýärdi.
^ Başga manysy: tabşyryk bilen berjaý bolandyr.
^ Ýa-da çydamlylyk.
^ Ýa-da: ýagşylyk.