Galatýalylar 6:1—18

  • Birek⁠-⁠biregiň ýüküni götermek (1—10)

    • Näme ekseň, şony orarsyň (7, 8)

  • Sünnetlenmek wajyp däl (11—16)

    • Täzeden ýaradylmak (15)

  • Jemleýji sözler (17, 18)

6  Doganlar, kim bilmän ýalňyş ädim ätse, siz, ruhy taýdan ösenler, ony ýumşaklyk bilen düzetjek boluň+. Ýöne özüňiz hem synaga düşmez ýaly+ seresap boluň+.  Biri⁠-⁠biriňiziň ýüküňizi göteriň+. Şeýle etseňiz, Mesihiň kanunyny+ berjaý edersiňiz.  Eger kimdir biri hiç kim bolup⁠-⁠da, özüni wajyp saýýan bolsa+, onda ol özüni aldaýandyr.  Goý, her kes öz işini barlasyn+, emma başgalaryňky bilen deňeşdirmesin+. Şonda edýän işlerinden şatlyk tapar.  Sebäbi her kim öz jogapkärçiligini özi çekmelidir*+.  Goý, Hudaýyň sözüni öwrenen adam hem öwredýän adamlar bilen ýagşy zatlaryny paýlaşsyn+.  Aldanmaň, Hudaý üstünden güldürýän däldir. Adam näme ekse, şony⁠-⁠da orar+.  Sebäbi ten höweslerine ekýän adam teninden ölüm* orar, mukaddes ruha ekýän adam ruhdan ebedi ýaşaýyş orar+.  Şonuň üçin ýagşy işleri etmegi goýmalyň, sebäbi ýagşylyk etmekden ýadamasak*+, öz wagtynda miwesini orarys. 10  Geliň, mümkinçilik barka* hemme adamlara, esasan⁠-⁠da, imandaşlara ýagşylyk edeliň. 11  Serediň, size haty öz elim bilen, uly harplar bilen ýazdym. 12  Sizi mejburlyk bilen sünnetletjek bolýanlar daş keşbi* bilen adamlara täsir etjek bolarlar. Şeýdip, olar Mesihiň jebir pürsi* sebäpli yzarlamalardan gaçmak isleýärler. 13  Olar sünnetli bolsa⁠-⁠da Töwrady berjaý etmeýärler+. Emma olar siziň bedeniňiz arkaly öwünmek üçin sünnetlenmegiňizi isleýärler. 14  Men bolsa Halypamyz Isa Mesihiň jebir pürsünden+ başga hiç zada öwnüp bilmerin. Ol arkaly dünýä meniň üçin, men hem dünýä üçin ölendirin*. 15  Sünnetli ýa⁠-⁠da sünnetsiz bolmak wajyp däl+, ýöne täzeden ýaradylmak wajypdyr+. 16  Şu düzgüne eýerýän ähli adamlara, ýagny Hudaýyň Ysraýylyna+ parahatlyk bolsun we rehim edilsin! 17  Indi meni hiç kim alada goýmasyn, sebäbi bedenime Isanyň guludygymy görkezýän tagma basylandyr+. 18  Doganlar, dogry garaýşyňyz üçin Halypamyz Isa Mesih ýagşylyk etsin! Omyn!

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: ýüküni özi götermelidir.
Sözme⁠-⁠söz: çüýreme.
Ýa⁠-⁠da: ýagşylyk etmegi bes etmesek.
Sözme⁠-⁠söz: bellenen wagta çenli.
Sözme⁠-⁠söz: teni.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: pürse çüýlenendirin.