Işaýa 2:1—22

  • Ýehowanyň beýik dagy (1—5)

    • Gylyçlardan azallar ýasalar (4)

  • Ýehowanyň gününde tekepbirler peseldiler (6—22)

2  Amozyň ogly Işaýanyň Ýahuda we Iýerusalim hakda gören görnüşi*+:   Soňky günlerde*,Ýehowanyň öýüniň duran dagy,Ähli daglardan belentde durar+.Ol baýyrlardan hem beýik bolar,Ähli halklar oňa tarap eňerler+.   Köp milletler gelip, şeýle diýerler: «Geliň, Ýehowanyň dagyna çykalyň,Ýakubyň Hudaýynyň öýüne baralyň+. Ol bize ýollaryny öwreder,Biz onuň ýodalaryndan ýöräris»+. Sebäbi kanun Siondan,Ýehowanyň sözi Iýerusalimden çykar+.   Ol milletleriň arasynda kazylyk eder,Köp halklaryň dawasyny çözer. Olar gylyçlaryndan azallar,Naýzalaryndan oraklar ýasarlar+. Millet millete garşy gylyç galdyrmaz,Indi söweşmegi öwrenmezler+.   Ýakubyň öýi, geliň!Ýehowanyň nurunda gezeliň!+   Eý Hudaý, sen halkyňdan, Ýakubyň öýünden ýüz öwürdiň+,Sebäbi olar Gündogaryň däp-dessurlaryna eýerdiler,Piliştliler ýaly jadygöýlik etdiler+.Olaryň arasynda ençeme ýat adamlar ýaşadylar.   Olaryň ýurdy altyn-kümşe baýdyr,Çäksiz hazynasy bardyr. Atlary sansyz-sajaksyzdyr,Söweş arabalarynyň soňy ýokdur+.   Olaryň ýurdy dereksiz butlardan doludyr+. Halk öz elleriniň işine tagzym edýär,Barmaklarynyň ýasan zadyna sežde edýär.   Şeýdip, adam kiçelýär, mertebesini peseldýär.Sen olaryň günäsini geçmersiň. 10  Olar Ýehowanyň güýjünden,Şan-şöhratyndan gorkup+,Gowaga girerler, ýeriň astynda gizlenerler. 11  Ulumsy adamlar kiçeldiler,Tekepbirler peseldiler. Şol gün diňe Ýehowa şöhratlanar. 12  Ol gün Serkerdebaşy Ýehowanyň günüdir+. Ol gün ähli ulumsylaryň, tekepbirleriň,Baýlaryň we garyplaryň üstünden iner+. 13  Ol gün Liwanyň beýik we belent kedr agaçlarynyň,Başanyň ähli dub agaçlarynyň, 14  Beýik daglaryň,Belent depeleriň, 15  Beýik diňleriň,Berk galalaryň, 16  Tarşyşyň+ ähli gämileriniň,Owadan gaýyklarynyň üstünden iner. 17  Ulumsy adamlar kiçeldiler,Tekepbirler peseldiler. Şol gün diňe Ýehowa şöhratlanar. 18  Dereksiz taňrylar bütinleý ýok ediler+. 19  Ýehowa aýaga galyp, ýer ýüzüni sarsdyrar.Onuň güýjünden,Şan-şöhratyndan gorkup+,Adamlar gowaga girer,Çukurlarda gizlener+. 20  Şol gün adamlar dereksiz taňrylaryny,Sežde etmek üçin ýasan altyn-kümüş butlarynyKörsyçanlaryň* we ýarganatlaryň öňüne taşlarlar+. 21  Hudaý ýer ýüzüni lerzana getirmek üçin aýaga galanda,Olar Ýehowanyň güýjünden,Şan-şöhratyndan gorkup,Gowaga girerler, gaýalaryň jaýryklarynda gizlenerler. 22  Siziň bähbidiňiz üçin aýdýaryn,Toprakdan ýaradylan ynsana bil baglamaň,Sebäbi onuň demi kesilse öler. Heý-de, oňa bil baglap bolarmy?

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa-da: Dünýäniň soňunda.
Syçana meňzeş süýdemdiriji jandar.