Işaýa 43:1—28
43 Eý Ýakup, seni ýaradan,Eý Ysraýyl, saňa şekil beren Ýehowa şeýle diýýär+:
«Gorkma, seniň üçin töleg töledim+.
Adyňy tutup çagyrdym.
Sen meniňki bolduň.
2 Suwdan geçeniňde seniň bilen bolaryn+.Derýalardan geçeniňde gark bolmarsyň+.
Lowlaýan otdan geçeniňde ýanmarsyň.Alaw seni ýakmaz.
3 Men seniň Hudaýyň Ýehowadyryn.Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy, Halasgäri mendirin.
Seniň üçin Müsüri töleg berdim,Seniň üçin Efiopiýany we Sabany berdim.
4 Men seni eziz görýärin+,Saňa hormat goýýaryn, seni söýýärin+.
Seniň üçin halklary bererin,Janyňa derek milletleri bererin.
5 Gorkma, men seniň bilendirin+.
Çagalaryňy gündogardan,Seni günbatardan getirerin+.
6 Demirgazyga: „Olary yzyna ber!“ diýerin+.
Günorta diýerin: „Olary saklama!
Ogullarymy uzakdan, gyzlarymy ýeriň aňry ujundan getir+.
7 Olar adymy göterýän halkdyr+.Olary şan-şöhratym üçin döretdim.Halkymy elim bilen ýaratdym“+.
8 Gözleri bolsa-da, görmeýän,Gulagy bolsa-da, eşitmeýän adamlar gelsin+.
9 Goý, milletler jemlensin,Halklar toplansyn+.
Taňrylaryň arasynda şulary aýdyp biljek barmy?
Olaryň haýsysy ilkinji zatlary* aýdyp biler?+
Goý, haklydygyny subut etmek üçin şaýatlaryny getirsin.Olary diňläp: „Dogry!“ diýsinler»+.
10 Ýehowa şeýle diýýär: «Siz meniň şaýatlarym+,Meniň saýlan gullarym+.Meni tanaň, iman ediň.Düşüniň, men üýtgemeýärin+.
Menden öň Hudaý bolan däldir.Menden soň hem Hudaý bolmaz+.
11 Men, men Ýehowa+, menden başga halasgär ýokdur+.
12 Araňyzda keseki taňry ýok wagty+,Men pygamberlik etdim,Sizi halas etdim, öňünden yglan etdim.
Men hak Hudaý+, siz bolsa meniň şaýatlarym».Muny Ýehowa aýdýar.
13 «Men hiç haçan üýtgemerin+.Hiç kim elimdäki zady alyp bilmez+.
Meniň tutan işime kim päsgel berip biler?»+
14 Siziň üçin töleg tölän Ýehowa+,Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy+ şeýle diýýär:
«Siziň üçin Wawilona goşun ibererin,Derwezeleriniň gulplaryny döwerin+,Gämide barýan haldeýlere dady-perýat etdirerin+.
15 Men Ýehowa, siziň Mukaddes Hudaýyňyz+,Ysraýylyň Ýaradany+, siziň Patyşaňyzdyryn»+.
16 Ýehowa deňizden ýol açýar,Joşýan suwlaryň içinden ýoda çekýär+.
17 Söweş arabalary we atlary+,Batyr esgerleri we uly goşuny getiren Alla şeýle diýýär:
«Olar ýatar, ýerinden turup bilmezler+.
Olar peltäniň sönüşi ýaly, ýom-ýok bolarlar».
18 «Öňki zatlary ýatlamaň,Geçmiş bilen ýaşamaň.
19 Ine, men täze bir zat edýärin+.Ol eýýäm berjaý bolup başlady.
Ony hökman görersiňiz.
Çölüň üstünden ýol çekerin+.Sähradan çeşme akdyraryn+.
20 Çölüň ýabany haýwanlary meni sylar,Şagallar we düýeguşlar hormat goýar.Saýlan halkym+ üçin çölde suw,Sährada derýa akdyraryn+.
21 Halkymy özüm üçin ýaratdym.Maňa alkyş aýtsyn diýip döretdim+.
22 Eý Ýakup, sen bolsa meni çagyrmadyň+.Eý Ysraýyl, menden bizar bolduň+.
23 Maňa ýakma gurbanlygy hökmünde goýun getirmediň.Gurbanlyklary berip, meni şöhratlandyrmadyň.
Men senden sadaka bermegi talap etmedim.Ladan* getir diýip ýüregiňe düşmedim+.
24 Meniň üçin ýakymly ysly gamyş satyn almadyň.Gurbanlyklaryň ýagy bilen göwnümi götermediň+.
Gaýtam günäleriň maňa ýük boldy.Ýazyklaryň meni ýadatdy+.
25 Men öz adym üçin+ günäleriňi bagyşlaryn+,Indi günäleriňi ýatlamaryn+.
26 Unudan bir zadym bolsa aýt, meseläni orta ataly.Delil getir, haklydygyňy subut et.
27 Seniň birinji ataň* günä etdi,Wekilleriň* maňa garşy baş göterdi+.
28 Şonuň üçin ybadathananyň hanlaryny masgara* ederin,Ýakubyň başyna heläkçilik indererin.Ysraýyl kemsidiler+.
Çykgytlar
^ Ilkinji ýerine ýetmeli pygamberlikler göz öňünde tutulýar.
^ Ýagny Adam ata.
^ Kanuny öwredýän mugallymlar göz öňünde tutulýan bolmaly.
^ Ýa-da: haram.