Markus 12:1—44
12 Soňra Isa olara mysallar bilen gürrüň berip başlady: «Bir adam mellegine üzüm ekip+, onuň daşyna haýat aýlaýar, üzüm sykylýan çukur gazyp, diň gurýar+. Soňra mellegini bagbanlara kärendesine berip, başga ýurda gidýär+.
2 Hasyl döwri biraz miwe almak üçin bagbanlaryň ýanyna guluny iberýär.
3 Emma bagbanlar guly urup, hiç zat bermän kowup goýberýärler.
4 Soňra hojaýyn başga bir guluny iberýär, bagbanlar ony kemsidip, kellesine urýarlar+.
5 Ol ýene-de birini ugradýar, bagbanlar ony öldürýärler. Hojaýyn başga-da köp gullaryny iberdi, olar gullaryň käbirini urup, käbirini öldürýärler.
6 Hojaýynyň gowy görýän ogly bardy+. Ahyry ol ogluny iberip: „Oglumy-ha sylarlar“ diýip pikir edýär.
7 Emma bagbanlar öz aralarynda: „Ol üzümçiligiň mirasdüşeri+. Geliň, ogluny öldüreliň, mirasy biziňki bolar!“ diýýärler.
8 Şeýdip, bagbanlar ony öldürip, üzümçilikden çykaryp zyňýarlar+.
9 Indi üzümçiligiň eýesi näme eder? Ol gelip, bagbanlary öldürer, üzümçiligi bolsa başgalara berer+.
10 Siz: „Ussalaryň zyňan daşy indi esasy daş* boldy+.
11 Muny eden Ýehowa*, bizi haýran galdyrdy“+ diýip ýazylanyny okamadyňyzmy?»
12 Olar Isany tussag etmek üçin amatly pursat gözläp başladylar. Sebäbi mysalyň özleri hakda aýdylandygyna düşündiler. Ýöne halkdan gorkup, Isanyň ýanyndan gitdiler+.
13 Olar Isany sözünde tutmak üçin käbir fariseýleri we Hirodesiň tarapdarlaryny iberdiler+.
14 Olar gelip: «Mugallym, sen dogruçyl, Hudaý barada hakykaty öwredýäň. Sen adamlara ýaranjaňlyk etmeýärsiň, wezipesine seretmeýärsiň. Aýtsana, patyşa* salgyt tölemek dogrumy ýa-da ýok?
15 Tölemelimi ýa-da tölemeli däl?» diýip soradylar. Isa olaryň niýetiniň erbetdigini bilip: «Meni näme üçin synaýarsyňyz? Hany, maňa bir teňňe* görkeziň» diýdi.
16 Olar bir teňňe getirip berdiler. Isa olardan: «Teňňede kimiň suraty we ady bar?» diýip sorady. Olar: «Patyşanyň*» diýip jogap berdiler.
17 Isa: «Onda patyşanyňkyny patyşa+, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň»+ diýdi. Adamlar Isanyň beren jogabyna haýran galdylar.
18 Direlişe ynanmaýan saddukeýler*+ Isanyň ýanyna gelip+:
19 «Mugallym, Musa pygamberiň aýtmagyna görä, bir adam perzentsiz dünýäden ötüp, yzynda aýaly galsa, dogany oňa öýlenip, neslini dowam etmeli+.
20 Ýedi dogan bardy. Olaryň birinjisi öýlenip, perzentsiz aradan çykdy.
21 Soňra dogany onuň aýalyna öýlendi, ýöne ol hem perzentsiz dünýäden ötdi. Üçünjisi bilen hem şeýle boldy.
22 Şeýdip, ýedi doganyň hemmesi perzentsiz dünýäden ötdi. Soňunda aýal hem aradan çykdy.
23 Doganlaryň ýedisi-de şol aýala öýlenipdi. Indi direlişde ol haýsysynyň aýaly bolar?» diýip soradylar.
24 Isa olara: «Siz ýalňyşýarsyňyz, sebäbi mukaddes kitaplary-da, Hudaýyň güýjüni-de bilmeýärsiňiz+.
25 Direlişde ne öýlenerler, ne-de durmuşa çykarlar, olar gökdäki perişdeler ýaly bolarlar+.
26 Siz Musanyň kitabyndan ýanyp duran ýandak baradaky wakany okamadyňyzmy? Şonda Hudaý Musa: „Men Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy“ diýip, direljek adamlar hakda gürrüň edipdi+.
27 Ol ölüleriň däl, dirileriň Hudaýy. Siz juda ýalňyşýarsyňyz»+ diýdi.
28 Bir kanunçy gelip, olaryň jedelleşýändigini we Isanyň gowy jogap berýändigini eşidip: «Iň wajyp tabşyryk haýsy?»+ diýip sorady.
29 Isa: «Tabşyryklaryň iň wajyby şudur: „Diňle, eý Ysraýyl! Ýehowa* Hudaýymyz ýeke-täk Ýehowadyr*.
30 Ýehowa* Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň*, bütin aň-düşünjäň we bütin güýjüň bilen söý“+.
31 Ikinji tabşyryk hem şudur: „Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý“+. Şu iki tabşyrykdan uly tabşyryk ýokdur» diýip jogap berdi.
32 Kanunçy oňa: «Mugallym, dogry aýtdyň! „Hudaý ýeke-täkdir, ondan başgasy ýokdur“+.
33 Hudaýy bütin ýüregiň, bütin aň-düşünjäň, bütin güýjüň bilen söýmeli we ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söýmeli. Hudaýy we ýakynyňy söýmek ýakma gurbanlyklardan hem-de sadakalardan has wajypdyr»+ diýdi.
34 Isa kanunçynyň paýhasly jogabyny diňläp: «Sen Hudaýyň Patyşalygyndan uzakda dälsiň» diýdi. Şondan soň hiç kim Isa sorag bermäge milt etmedi+.
35 Isa bolsa ybadathanada öwretmegini dowam edip, şeýle diýdi: «Kanunçylar näme üçin Mesihe Dawudyň ogly diýýärler?+
36 Dawut mukaddes ruhuň+ ylhamy bilen şeýle diýipdi: „Ýehowa* meniň Halypama: „Duşmanlaryňy aýaklaryň astynda goýýançam, sagymda otur“+ diýdi“.
37 Eger Dawut oňa Halypam diýen bolsa, onda Mesih nädip onuň ogly bolýar?»+
Uly märeke ony höwes bilen diňleýärdi.
38 Isa sözüni şeýle dowam etdi: «Kanunçylardan seresap boluň. Olar uzyn don geýip aýlanmagy gowy görýärler, bazarlarda adamlaryň hormat bilen salam bermeklerini isleýärler+.
39 Sinagogalarda öňdäki hatarlarda, myhmançylykda törde oturmagy halaýarlar+.
40 Olar dul aýallaryň öýlerini talaýarlar, göz üçin uzyn-uzyn doga-dileg edýärler. Olar has agyr jeza sezewar bolarlar».
41 Soňra Isa ybadathanada pul atylýan gutularyň+ garşysynda oturdy. Ol adamlaryň gutulara pul atyşyny synlap, baýlaryň köp pul atýandygyny gördi+.
42 Bir dul aýal gelip, ikije teňňe* atdy+.
43 Şonda Isa şägirtlerini çagyryp: «Size hakykaty aýdýaryn, şol garyp dul aýal pul atanlaryň hemmesinden köp atdy+.
44 Hemmeler özünden artanyny atdylar, emma ol mätäçlik çekýänem bolsa, barja zadyny atdy»+ diýdi.
Çykgytlar
^ Rim imperatory Sezar.
^ Sözme-söz: dinar. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Rim imperatory Sezar.
^ Sözme-söz: iki lepta. Goşmaça maglumata serediň: B14.