Matta 18:1—35

  • Patyşalykda kim iň uly bolar? (1—6)

  • Günä etdirýän zatlar (7—11)

  • Ýiten goýun mysaly (12—14)

  • Doganyň bilen ýaraşmak (15—20)

  • Rehimsiz hyzmatkär (21—35)

18  Şägirtleri Isanyň ýanyna gelip: «Gökdäki Patyşalykda iň uly kim bolar?»+ diýip soradylar.  Isa bir çagany çagyrdy-da, ony şägirtleriniň öňünde durzup, şeýle diýdi:  «Size hakykaty aýdýaryn, eger garaýşyňyzy we häsiýetiňizi üýtgedip, çaga ýaly bolmasaňyz+, gökdäki Patyşalyga asla girmersiňiz+.  Kim şu çaga ýaly pesgöwünli bolsa, gökdäki Patyşalykda iň uly bolar+.  Meniň hatyrama çaga ýaly pesgöwünli adamy kabul eden meni-de kabul edýändir.  Emma kim maňa iman edýän pesgöwünli adamlardan biriniň imanyny gowşatsa*, onda boýnuna degirmen daşyny asyp, deňizde gark bolany has gowy bolardy+.  Eý adamzat, waý günüňize! Sebäbi siz adamlaryň imanyny gowşadýarsyňyz*. Adamlaryň imanyny gowşatjak* tapylar, ýöne olaryň öz başyna betbagtçylyk iner.  Eger eliň ýa-da aýagyň günä etdirýän* bolsa, kesip taşla+. Iki eliň ýa-da iki aýagyň bolubam ebedi oda taşlananyňdan, elsiz ýa-da aýaksyz ýaşaýşa gowşanyň gowudyr+.  Eger gözüň günä etdirýän* bolsa, gözüňi oýup taşla. Iki gözli bolup Jähennem* oduna taşlananyňdan, bir gözüň bilen ýaşaýşa gowşanyň gowudyr+. 10  Pesgöwünli adamlary kemsitmäň. Size diýýärin, olaryň perişdeleri gökdäki Atamyň ýüzüni elmydama görýändirler+. 11  *—— 12  Siz nähili pikir edýärsiňiz, eger bir adamyň 100 goýny bolup, biri ýitse+, 99 goýnuny dagda goýup, ýitenini gözlemäge gitmezmi?+ 13  Men size diýýärin, eger goýnuny tapsa, onda beýleki 99 goýnuna däl-de, tapan goýnuna has köp begener. 14  Gökdäki Atam* hem pesgöwünli adamlaryň hiç biriniň heläk bolmagyny islemeýär+. 15  Eger doganyň saňa garşy günä etse, ikiçäk gepleşip, eden günäsini aýt+. Seni diňlese, dogry ýola dolanmaga kömek edersiň+. 16  Eger diňlemese, ýanyňa bir ýa-da iki şaýat alyp bar, sebäbi her bir mesele iki ýa üç şaýadyň sözi bilen tassyklanýandyr+. 17  Eger olary-da diňlemese, ýygnaga aýt. Eger ýygnagy-da diňlemese, ol seniň üçin keseki+ ýa-da salgytçy adam+ ýaly bolsun. 18  Size hakykaty aýdýaryn, siz gökde baglanan zady ýer ýüzünde baglarsyňyz, gökde çözülen zady ýer ýüzünde çözersiňiz. 19  Size diýýärin, eger iki adam ylalaşyp, wajyp zady dilese, gökdäki Atam amala aşyrar+. 20  Iki ýa-da üç adam meniň adym üçin bir ýerde ýygnanyşsa+, men olaryň ýanynda bolaryn». 21  Petrus Isanyň ýanyna gelip: «Halypam, maňa garşy günä eden doganymy näçe gezek bagyşlamaly? Ýedi gezekmi?» diýip sorady. 22  Isa oňa şeýle diýdi: «Saňa diýýärin, ýedi gezek däl, 77 gezek bagyşlamaly+. 23  Gökdäki Patyşalygy hyzmatkärlerinden algysyny ýygnaýan patyşa meňzetse bolýar. 24  Ol algysyny ýygnap başlanda, nökerleri 10 000 batman* bergili hyzmatkäri ýanyna getirýärler. 25  Hyzmatkäriň tölemäge hiç zady bolmansoň, patyşa onuň özüni, aýalyny, çagalaryny we bar zadyny satmagy buýurýar+. 26  Şonda hyzmatkär dyza çöküp: „Hojaýyn, ýene biraz garaş, ähli bergimi bererin“ diýip ýalbarýar. 27  Patyşanyň rehimi inip, bar bergisini geçýär+. 28  Emma hyzmatkär patyşanyň ýanyndan gaýdan badyna, özüne 100 teňňe* bergili hyzmatkäri tapýar-da: „Bergiňi ber“ diýip, bogup başlaýar. 29  Hyzmatkär dyza çöküp: „Biraz garaş, bergimi bererin“ diýip ýalbarýar. 30  Ýöne ol diňlemän, hyzmatkäri türmä basdyrýar, bergisini berýänçä türmede sakladýar. 31  Beýleki hyzmatkärler muny görüp, örän gynanýarlar. Olar patyşa ähli zady gürrüň berýärler. 32  Patyşa ony ýanyna çagyryp: „Eý zalym hyzmatkär, maňa ýalbaranyňda ähli bergiňi geçmedimmi? 33  Saňa rehim edişim ýaly, senem özüň ýaly hyzmatkäre rehim etmeli däldiňmi?“+ diýdi. 34  Patyşanyň gahary gelip, ony garawullara tabşyrýar. Olar hyzmatkäri türmä basyp, bergisini berýänçä saklaýarlar. 35  Eger siz doganyňyzy ýürekden bagyşlamasaňyz+, gökdäki Atam hem sizi bagyşlamaz»+.

Çykgytlar

Sözme-söz: büdretse.
Sözme-söz: büdredýärsiňiz.
Sözme-söz: büdretjekler.
Sözme-söz: büdredýän.
Sözme-söz: büdredýän.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: Ataňyz.
10 000 batman kümüş 60 million dinara deň. Goşmaça maglumata serediň: B14.