Matta 20:1—34

  • Üzümçilikde işlänlere deň hak tölenýär (1—16)

  • Isanyň öljekdigi ýene⁠-⁠de aýdylýar (17—19)

  • Patyşalykda uly orun soralýar (20—28)

    • Isanyň beren tölegi (28)

  • Iki kör adam sagalýar (29—34)

20  «Gökdäki Patyşalygy üzümçiligiň eýesine meňzetse bolar. Ol ir bilen hakyna işgär tutmaga çykýar+.  Ol işgärlere gününe bir teňňe* tölejekdigini aýdýar, soňra olary üzümçiligine iberýär.  Ol irden dokuzlarda* bazara baranda, başga-da işsiz oturan adamlary görýär.  Ol: „Sizem üzümçiligimde işläň, hakyňyzy tölärin“ diýýär.  Olar hem işlemäge gidýärler. Üzümçiligiň eýesi günortan on ikilerde* we öýlän üçlerde* hem şeýle edýär.  Ol öýlän bäşlerde* bazara baranda, ýene-de işsiz oturan adamlary görüp: „Siz näme üçin uzakly gün işsiz otyrsyňyz?“ diýip soraýar.  Olar: „Bizi hiç kim işe çagyrmady“ diýip jogap berýärler. Ol: „Sizem gidip, üzümçiligimde işläň“ diýýär.  Agşam üzümçiligiň eýesi iş dolandyryja: „Işgärleri çagyr, soňky gelenlerden başlap, ilkinji gelenleriň ählisine iş hakyny ber“+ diýýär.  Öýlän bäşlerde* işläp başlanlaryň hersine bir teňňe* berilýär. 10  Şonda irden işe başlanlar has köpräk alarys öýdýärler. Ýöne olara-da bir teňňeden* berilýär. 11  Olar iş hakyny alanda, üzümçiligiň eýesinden nägile bolup: 12  „Soňky gelenler bir sagat işlediler, biz bolsa ertirden agşama çenli jokrama yssyda işledik. Bize olar bilen deň hak töleýäňmi?“ diýýärler. 13  Üzümçiligiň eýesi olaryň birine: „Dostum, men adalatsyzlyk etmedim. Biz bir teňňä* gepleşdik, senem razy bolduň+. 14  Hakyňy al-da, gidiber. Men bir sagat işlänlere-de saňa tölänimi tölejek. 15  Pulumy islänime bermäge hakym ýokmy? Ýa-da olara ýagşylyk* edýänime göriplik edýäňmi?“+ diýdi. 16  Şeýlelikde, soňkular ilkinji bolar, ilkinjiler bolsa soňky bolar»+. 17  Iýerusalime barýarkalar, Isa 12 şägirdini bir gyra çekip+: 18  «Biz Iýerusalime barýarys. Ynsan ogly uly ruhanylaryň we kanunçylaryň eline berler. Olar Ynsan ogluny ölüme höküm ederler+ 19  we başga milletlilere tabşyrarlar. Onuň üstünden gülerler, gamçylarlar we pürse çüýlärler+, ýöne üçünji güni direler»+ diýdi. 20  Zebedeýiň+ aýaly iki ogly bilen Isanyň ýanyna gelip, tagzym etdi-de, bir zat haýyş etmekçi boldy+. 21  Isa aýaldan: «Näme haýyşyň bar?» diýip sorady. Ol: «Patyşalygyňda iki oglumy ýanyňda oturt, birini sag tarapyňda, beýlekisini çep tarapyňda»+ diýip jogap berdi. 22  Isa onuň ogullaryna: «Siz näme soraýanyňyzy bilmeýärsiňiz. Meniň içýän käsämden içip bilersiňizmi?»+ diýdi. Olar: «Hawa» diýdiler. 23  Isa olara: «Siz meniň käsämden içersiňiz+. Ýöne sag ýa-da çep tarapymda kimiň oturjagyny men däl, Atam çözýär»+ diýdi. 24  Beýleki on şägirt muny eşidip, iki dogana gaharlandylar+. 25  Isa şägirtlerini çagyryp: «Siz baştutanlaryň we uly wezipeli adamlaryň halkyň üstünden agalyk edýändigini bilýänsiňiz+. 26  Emma siz beýle etmeli däl+. Araňyzda uly bolmak isleýän beýlekilere hyzmat etmeli+. 27  Araňyzda uly wezipäni eýelemek isleýän beýlekileriň guly bolmaly+. 28  Ynsan ogly-da özüne hyzmat etdirmek üçin däl, hyzmat etmek+ we köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin geldi»+ diýdi. 29  Isa şägirtleri bilen Ýerihondan çykyp barýarka, uly märeke yzyna düşdi. 30  Ýoluň ugrunda oturan iki kör adam Isanyň geçip barýandygyny eşidip: «Agam, Dawut Ogly, bize rehim et!»+ diýip gygyrdy. 31  Märeke olara käýäp, dymyp oturmagy tabşyrdy, ýöne olar: «Agam, Dawut Ogly, bize rehim et!» diýip, öňküdenem beter gygyrdylar. 32  Isa aýak çekip, olary çagyrdy-da: «Size näme kömek edeýin?» diýip sorady. 33  Olar: «Agam, gözlerimizi açaý!» diýdiler. 34  Isanyň haýpy gelip, olaryň gözlerine elini degrende+, şol bada gözleri açyldy. Olar hem Isanyň yzyna düşdüler.

Çykgytlar

Sözme-söz: üçünji sagat töweregi.
Sözme-söz: altynjy sagat töweregi.
Sözme-söz: dokuzynjy sagat töweregi.
Sözme-söz: on birinji sagat töweregi.
Sözme-söz: On birinji sagatda.
Sözme-söz: dinardan. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: jomartlyk.