Matta 6:1—34
6 Ýagşy işleri göz üçin etmäň+, ýogsam gökdäki Ataňyzdan sylag almarsyňyz.
2 Mätäje sadaka bereniňizde, ikiýüzli adamlar ýaly sinagogalarda we köçelerde jar çekmäň*. Ikiýüzli adamlar alkyş almak üçin şeýle edýärler. Size hakykaty aýdýaryn, olar adamlardan alkyş alsalar-da, Hudaýdan sylag almazlar.
3 Emma mätäje sadaka bereniňizde, sag eliňiziň näme edýändigini çep eliňiz bilmesin.
4 Mätäje kömek edeniňizi başgalar bilmesin. Şonda ähli zady görýän Ataňyz sizi sylaglar+.
5 Hudaýa doga edeniňizde, ikiýüzli adamlar ýaly bolmaň+. Olar adamlara görünmek üçin sinagogalarda we uly ýollaryň çatrygynda durup doga edýärler+. Size hakykaty aýdýaryn, olar adamlardan alkyş alsalar-da, Hudaýdan sylag almazlar.
6 Emma siz doga edeniňizde, otagyňyza girip, gapyňyzy ýapyň-da, göze görünmeýän Ataňyza doga ediň+. Şonda ähli zady görýän Ataňyz sizi sylaglar.
7 Doga edeniňizde, başga halklar ýaly şol bir sözleri gaýtalap durmaň. Sebäbi olar köp söz aýtsalar Hudaý eşider öýdýärler.
8 Siz olara meňzemäň, sebäbi Ataňyz size nämäniň gerekdigini dilemänkäňiz bilýär+.
9 Siz şeýle doga ediň+:
„Eý gökdäki Atamyz, adyň+ mukaddes bolsun!+
10 Patyşalygyň+ gelsin, gökde bolşy ýaly, ýerde-de+ islegiň+ amala aşsyn!
11 Her günki çöregimizi ýetirip dur*+.
12 Adamlaryň günäsini* bagyşlaýşymyz ýaly, sen hem biziň günälerimizi* bagyşla+.
13 Bize synaga düşmäge ýol berme+, Şeýtanyň* elinden halas et“+.
14 Siz adamlaryň günäsini bagyşlasaňyz, gökdäki Ataňyz hem sizi bagyşlar+.
15 Emma adamlaryň günäsini bagyşlamasaňyz, Ataňyz hem siziň günäňizi bagyşlamaz+.
16 Agyz bekläniňizde+, ikiýüzli adamlar ýaly ýüzüňizi sallamaň. Sebäbi şeýle adamlar agyz bekleýändiklerini görkezjek bolup ýüzüni sallaýarlar*+. Size hakykaty aýdýaryn, olar adamlardan alkyş alsalar-da, Hudaýdan sylag almazlar.
17 Emma siz agyz bekläniňizde, ýüzüňizi ýuwuň, başyňyza ýag çalyň.
18 Agyz bekleýäniňizi adamlar däl-de, göze görünmeýän Ataňyz görsün. Şonda ähli zady görýän Ataňyz sizi sylaglar.
19 Ýer ýüzünde baýlyk* ýygnamaň+, sebäbi olary güýe we pos iýýär, ogrular ogurlaýar.
20 Muňa derek gökde baýlyk ýygnaň+. Gökde ýygnan baýlygyňyzy ne güýe, ne pos iýýär+, ne-de ogrular ogurlap bilýär.
21 Baýlygyňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar.
22 Bedeniň çyrasy gözdür+. Gözüň sada* bolsa, bütin bedeniň ýagty bolar.
23 Emma gözüň erbet*+ bolsa, bütin bedeniň garaňky bolar. Şonda bedeniňdäki garaňkylyk, gör, nähili gorkunç bolar!
24 Hiç kim iki hojaýynyň hyzmatkäri bolup bilmez. Sebäbi birini ýigrenip, beýlekisini gowy görer+, birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezçilik eder. Siz hem Hudaýyň, hem baýlygyň guly bolup bilmersiňiz+.
25 Men bolsa size diýýärin, mundan beýläk näme iýip içeris diýip janyňyzy alada etmäň+, näme geýeris diýip bedeniňizi gaýgy etmäň+. Adamyň jany* çörekden, bedeni egin-eşikden gymmatly dälmi?+
26 Guşlara syn ediň+. Olar ne ekýärler, ne orýarlar, ne-de ammarlara däne ýygnaýarlar. Emma şonda-da gökdäki Ataňyz guşlary iýmitlendirýär. Siz olardan has gymmatly dälmi?
27 Siziň haýsyňyz alada edip, ömrüňizi biraz* uzaldyp bilýäňiz?+
28 Egin-eşik hakda näme üçin alada edýäňiz? Çigildemleriň ösüşine syn ediň. Olar ne zähmet çekýärler, ne-de eşik tikýärler.
29 Emma men size diýýärin, şan-şöhratly Süleýman patyşa-da+ şeýle owadan geýnen däldir.
30 Eger şu gün ösüp, ertir ojaga atylýan gülleri we otlary Alla şeýle geýindirýän bolsa, onda sizi has-da gowy geýindirmezmi näme, eý imany azlar?!
31 Şonuň üçin „Näme iýeris?“, „Näme içeris?“ ýa-da „Näme geýeris?“ diýip+, hiç haçan alada etmäň+.
32 Şeýle zatlaryň aladasyny başga halklar edýär. Ýöne gökdäki Ataňyz size nämäniň gerekdigini bilýär.
33 Hudaýyň Patyşalygyny we adalatly kanunlaryny* hemişe birinji orunda goýuň, şonda gerekli zatlar üstüne goşulyp berler+.
34 Şeýlelikde, hiç haçan ertirki günüň aladasyny etmäň+, sebäbi ertir hem başga aladalar bolar. Her günüň öz derdi özüne ýetikdir.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: surnaý çalmaň.
^ Sözme-söz: Şu günki iýjegimizi şu gün ber.
^ Sözme-söz: bergisini.
^ Sözme-söz: bergilerimizi.
^ Sözme-söz: zalymyň.
^ Ýa-da: üst-başyna seretmeýärler.
^ Ýa-da: hazyna.
^ Ýa-da: diňe bir zada seredýän.
^ Sözme-söz: zalym.
^ Sözme-söz: bir tirsek. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Ýa-da: dogruçyllygyny.