Nakyllar 28:1—28
28 Erbet kowalamasaň-da gaçýar,Hudaýhon şir kimin mertdir+.
2 Ýurtda gozgalaň tursa, yzly-yzyna hökümdary çalşar+,Parasatly* we bilimli adam bilen maslahatlaşsa,Patyşa uzak höküm sürer+.
3 Ejiziň hakyny iýýän garyp+,Hasyly süpürip äkidýän sil ýalydyr.
4 Kanuny bozýanlar erbede alkyş aýdýar,Kanuna eýerýänleriň olara gahary gelýär+.
5 Zalym adam adalata düşünmez,Ýehowany gözleýän adam ähli zada akyl ýetirer+.
6 Ýalançy baý adamdan,Halal ýaşaýan* garyp ýagşydyr+.
7 Düşünjeli ogul kanuny berjaý edýär,Hajymelikler* bilen tirkeşýän adamAtasynyň ýüzüni ýere salýar+.
8 Süýthoruň göterimine berip+ toplan baýlygy,Garyplara howandarlyk edýäne galýar+.
9 Kanuna gulak asmaýanyňDogasy-da ýigrenjidir+.
10 Dogruçyllary ýoldan çykaran adamGazan çukuryna özi gaçýar+.Emma akýüreklileriň görjegi gowulyk bolar+.
11 Baý özüne akyllydyryn öýdýär+,Parasatly* garyp synçydyr, onuň içini bilýär+.
12 Dogruçyllar üstün çyksa, halk şatlanar,Erbetler tagta çyksa, halk bukular+.
13 Günäsini gizleýän üstünlik gazanmaz+,Günäsini boýun alyp, toba edene rehim ediler+.
14 Hudaýdan gorkýanlar bagtlydyr,Doňýürekler heläkçilige uçrar+.
15 Halkyny ezýän hökümdarArlaýan arslan, topulýan aýy ýalydyr+.
16 Parasatly* bolmadyk serdar zorluk-sütem edýär+,Haram gazanjy ýigrenýän uzak ömür sürýär+.
17 Biriniň ganyna galan adam mazara inýänçä gaçyp gezer+.
Goý, hiç kim ony goldamasyn.
18 Hudaýa wepaly* adam halas bolar+,Hilegärlik edýän bolsa duýdansyz ýykylar+.
19 Mellegini sürýäniň nany bol bolar,Boş zatlara kowalaşýanyň gözi garyplykdan açylmaz+.
20 Wepaly adam bereket tapar+,Baýlygyň yzynda hars urýan günäsiz galmaz+.
21 Ala tutmak gowy däldir+,Käte adam bir döwüm çörek üçin şeýle erbetligi edýär.
22 Görip* baýajak bolup hars urýar,Başyna garyplygyň geljegini bilmeýär.
23 Iň soňunda adam ýaranjaňlyk edene däl-de,Ýalňyşyny ýüzüne aýdana+ minnetdar bolar+.
24 Ene-atasyny talap: «Günä iş etmedim» diýýän+
Galtamanlaryň ýoldaşydyr+.
25 Açgöz* adam agzalalyk döredýär,Ýehowa bil baglaýanyň işi rowaç bolýar+.
26 Öz ýüregine bil baglaýan akylsyzdyr+,Akyldarlyk ýolunda ýöreýän halas bolar+.
27 Garyplaryň hossary mätäçlik çekmez+,Garyplardan ýüzüni sowýan gargyş astynda galar.
28 Erbet tagta çyksa, adamlar gizlener,Erbet ýok bolsa, hudaýhon köpeler+.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: Saýgarma ukyply.
^ Ýa-da: Aýypsyz.
^ Ýa-da: Köp iýýänler.
^ Sözme-söz: Saýgarma ukyply.
^ Sözme-söz: Saýgarma ukyply.
^ Ýa-da: Aýypsyz.
^ Ýa-da: Açgöz.
^ Başga manysy: Tekepbir.