Nesihat 2:1—26
2 Şonda men: «Şadyhorramlykda ýaşap, durmuşyň hözirini göreýin» diýip pikir etdim. Bu-da biderek ekeni.
2 Men gülkä: «Akmaklyk!»,
Şadyhorramlyga: «Näme peýdaň bar?» diýdim.
3 Men şerap+ içip, lezzet alaýyn diýdim, ýöne akyl-huşumy ýitirmedim. Ynsan ömri gysgadyr, gök* astynda ynsan üçin nämäniň has gowudygyny biljek bolup, akmaklyga baş goşdum.
4 Beýik işleri etdim+: özüme jaýlar saldym+, üzüm agaçlaryny ekdim+,
5 bag-bakjaly seýilgähleri gurdum, her dürli miweli agaçlary ekdim.
6 Gür tokaýy suwarmak üçin howdanlary gazdym.
7 Gul-gyrnak edindim+, öýümde doglan hyzmatkärlerim hem köpdi. Iri şahly mallarym we goýun-geçilerim Iýerusalimde höküm süren patyşalaryňkydan has köpdi+.
8 Altyn-kümüş ýygnadym+, welaýatlaryň we patyşalaryň baýlygyny topladym+. Aýal-erkek bagşylary getirtdim, adam ogullarynyň göwnüni göterýän köp gelin-gyzlary aldym.
9 Şan-şöhratym artdy, Iýerusalimde menden öň ýaşanlaryň ählisinden juda baýadym+. Şonda-da akylymy ýitirmedim.
10 Özümi hiç bir lezzetden* mahrum etmedim+, ýüregimiň islegine ýok diýmedim. Der döküp çeken zähmetime begendim. Çeken zähmetimiň hözirini gördüm+.
11 Eden işlerim we der döküp çeken zähmetim+ hakda oýlandym. Olaryň bary biderek, şemaly kowalamak ekeni+. Gök astynda hiç bir zatdan peýda ýok ekeni+.
12 Akyldarlygyň, däliligiň we akmaklygyň nämedigini bilmek üçin olara syn etdim+. Özüme: «Patyşadan soň geljek adam näme edip biler? Onuň etjek işleri bireýýäm edilendir» diýdim.
13 Ýagtylygyň tümlükden gowy bolşy ýaly, akyldarlygyň hem akmaklykdan has peýdalydygyna+ göz ýetirdim.
14 Paýhasly adam ýörejek ýoluny görýär*+, akmak bolsa tümlükde gezýär+. Olaryň ikisiniň hem soňy bir ekeni+.
15 Şonda içimden: «Akmagyň soňy nähili bolsa, meniňem soňum şeýle bolar»+ diýdim. Men akyldar bolup näme gazandym? Soňra: «Bu-da biderek ekeni» diýdim.
16 Akyldary-da, akmagy-da hiç kim ýatlamaz+. Wagtyň geçmegi bilen ähli adamlar unudylar. Akyldar hem akmak adam ýaly öler+.
17 Men durmuşdan doýdum+, gök astynda edilýän ähli zatlardan ýadadym. Ähli zat biderek+, şemaly kowalamakdyr+.
18 Gök astynda çeken agyr zähmetimi ýigrendim+, sebäbi mal-mülküm menden soňky adama galar+.
19 Onuň akmak ýa-da akylly boljagyny kim biler?+ Meniň gök astynda der döküp, akyldarlyk bilen eden işlerim onuň eline geçer. Bu-da biderek.
20 Men gök astynda çeken agyr zähmetim hakda oýlanyp, lapykeç boldum.
21 Adam akyldarlygy, bilimi we bar zehini bilen janaýaman işleýär, emma gazanan ähli zady zähmet çekmedik adama galýar+. Bu-da biderek, agyr dert ekeni.
22 Gök astynda çeken agyr zähmetinden, maksat-myradyndan* ynsana ne peýda?+
23 Ol ömürboýy işläp, gaýgy-hasrat çekýär+, hatda gijelerine göwni ynjalyk tapmaýar+. Bu-da biderek ekeni.
24 Adam üçin iýip-içmekden, zähmetiniň hözirini görmekden gowy zat ýokdur+. Bu-da hak Hudaýyň berýän berekedi ekeni+.
25 Eýsem menden gowy iýip-içýän barmy?+
26 Alla hudaýhon adama akyldarlyk, bilim we şatlyk berýär+. Günäkärlere bolsa baýlyk toplamaga ýol berýär, soňra olaryň emlägini hudaýhonlara geçirýär+. Bu-da biderekdir, şemaly kowalamak ýalydyr.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: Gün.
^ Ýa-da: gözümiň gören zadyndan.
^ Sözme-söz: Paýhasly adamyň gözi başyndadyr.
^ Sözme-söz: ýürek arzuwyndan.