Ýahýa gelen Ylham 1:1—20

  • Hudaýyň Isa arkaly beren ylhamy (1—3)

  • Ýedi ýygnaga salam (4—8)

    • «Men Alfa we Omega» (8)

  • Ýahýa Halypamyzyň gününe alnyp gidilýär (9—11)

  • Şöhratlanan Isa hakdaky görnüş (12—20)

1  Isa Mesihden Ýahýa gelen ylham. Hudaý gullaryna+ tizden boljak zatlary Isa Mesih arkaly äşgär etdi+. Isa hem perişdesini iberip, guly Ýahýa alamatlaryň üsti bilen gürrüň berdi+.  Ýahýa Hudaýyň sözüne we Isa Mesihiň şaýatlygyna we gören ähli zatlaryna güwä geçdi.  Şu pygamberlik sözlerini sesli okaýan, eşidýän we ýazylan zatlary berjaý edýän adam bagtlydyr+, sebäbi bellenen wagt golaýlady.  Ýahýa Aziýadaky ýedi ýygnaga+ şeýle ýazýar: «Häzir hem, geçmişde hem, gelejekde hem Bar bolan Hudaý»+ we Onuň tagtynyň öňünde duran ýedi ruh+ size ýagşylyk* etsin, parahatlyk bersin!  «Wepaly şaýat»+, «ilkinji direlen»+ we «ýerdäki patyşalaryň Hökümdary»+ Isa Mesih size ýagşylyk etsin, parahatlyk bersin! Ol bizi söýüp+, gany arkaly günälerimizden azat etdi+,  Atasynyň we Hudaýyň öňünde patyşalar+ hem-de ruhanylar+ edip belledi. Baky şöhrat we güýç Onuňky bolsun! Omyn!  Ine, ol bulutlar bilen gelýär+, ony her kes, hatda naýza sanjanlar hem görerler. Ol sebäpli ýer ýüzündäki ähli taýpalar hasrat çekip, gursagyna urarlar+. Hawa, bular hökman bolar. Omyn!  Ýehowa* Hudaý: «Men Alfa we Omega*+, häzir hem, geçmişde hem, gelejekde hem Bar bolan Gudratygüýçli Hudaýdyryn»+ diýýär.  Men Ýahýa doganyňyz. Isanyň şägirdi+ hökmünde siziň ýaly kynçylyklara duş gelsem-de+, çydamly bolýaryn+ we patyşalyga umyt edýärin+. Men Hudaý we Isa barada wagyz edýändigim üçin Patmos adasyna sürgün edildim. 10  Mukaddes ruh meni Halypamyzyň gününe alyp gitdi. Şonda arkamdan surnaýyň owazy kimin biriniň batly sesini eşitdim. 11  Ol maňa: «Gören zatlaryňy golýazma ýazyp, ýedi ýygnaga, ýagny Efese+, Smirna+, Pergama+, Tiýatira+, Sardise+, Filadelfiýa+, Laodikiýa+ iber» diýdi. 12  Meniň bilen gepleşip duranyň kimdigini görmek üçin yzyma öwrülenimde, altyndan ýedi şemdan+ gördüm. 13  Şemdanlaryň ortarasynda ynsan ogluna meňzeş biri+ durdy. Onuň topugyna ýetip duran dony we döşünden biline çenli altyn guşagy bardy. 14  Saçlary ýüň we gar ýaly ap-akdy, gözleri bolsa oduň ýalny+ ýalydy. 15  Aýaklary otly peçde arassalanan mis+ kimindi, sesi bolsa şarlawugyň sesi ýalydy. 16  Sag elinde ýedi ýyldyz+ bardy, agzyndan ýiti, uzyn we iki tarapy kesgir gylyç+ çykyp durdy, ýüzi bolsa Gün kimin nur saçýardy+. 17  Men ony görüp, öli kimin aýagyna ýykyldym. Şonda ol sag elini üstüme goýup, şeýle diýdi: «Gorkma, men Ilkinji+ we Soňkudyryn+, 18  Men ýaşaýandyryn+. Men ölüpdim+, indi diridirin, baky we ebedi ýaşaryn+. Ölümiň we mazaryň* açarlary mendedir+. 19  Şonuň üçin gören zatlaryňy, bolup duran zatlary we şundan soň boljak zatlary ýaz. 20  Sag elimde gören ýyldyzlaryň we altyndan ýedi şemdanyň mukaddes syry şudur: ýedi ýyldyz ýedi ýygnagyň perişdelerini, ýedi şemdan bolsa ýedi ýygnagy aňladýar+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýagny ilkinji we soňky. Grek elipbiýiniň birinji we soňky harplary.
Sözlüge serediň.