Ýahýa gelen Ylham 14:1—20
14 Soňra görsem, Sion dagynda+ Guzy+ we onuň ýanynda 144 000 adam+ durdy. Olaryň maňlaýynda Guzynyň we onuň Atasynyň ady ýazylgydy+.
2 Men gökden suwuň şaggyldysyna we gök gürrüldisine meňzeş ses eşitdim. Şeýle-de arfada saz çalyp, aýdym aýdýanlaryň sesine meňzeş ses eşitdim.
3 Olar tagtyň, dört perişdäniň+ we ýaşulularyň+ öňünde täze aýdyma meňzeş aýdym aýdýardylar+. Aýdymy ýerden satyn alnan 144 000-den+ başga hiç kim aýdyp bilmeýärdi.
4 Olar aýallar bilen özlerini hapalamadylar, päkligini sakladylar+. Guzy nirä gitse, yzyna düşýärler+. Olar ynsanlaryň arasyndan ilkinji miwe+ hökmünde Hudaý we Guzy üçin satyn alnandyr+.
5 Olar hiç haçan ýalan sözlän däldirler, olaryň ýazygy ýokdur+.
6 Soňra men asmanda uçup ýören başga bir perişdäni gördüm. Ol ýerde ýaşaýanlaryň ählisine: her millete, her taýpa, her dile we her halka ebedi hoş habary yglan edýärdi+.
7 Ol batly ses bilen: «Hudaýdan gorkuň, ony şöhratlandyryň, sebäbi höküm etmeli sagady gelip ýetdi+. Ýeri-gögi, deňzi we çeşmeleri Ýaradana+ sežde ediň!» diýýärdi.
8 Onuň yzyndan gelýän ikinji perişde: «Weýran boldy! Ähli milletlere azgyn* we ahlaksyzlyk* şerabyny içiren+ Beýik Wawilon+ weýran boldy!»+ diýýärdi.
9 Olaryň yzyndan gelýän üçünji perişde batly ses bilen şeýle diýýärdi: «Kim wagşy haýwana+ we şekiline sežde edip, belligini maňlaýyna ýa-da eline basdyrsa+,
10 ol Hudaýyň gazap käsesine guýlan we hiç zat garylmadyk gahar şerabyndan hem içer+. Ol mukaddes perişdeleriň we Guzynyň gözüniň alnynda kükürt hem-de otda jebir çeker+.
11 Olary gynaýan oduň tüssesi baky we ebedi çykyp durar+. Wagşy haýwana we şekiline sežde edip, adynyň belligini alanlar gije-gündiz dyngysyz jebir çekerler+.
12 Şeýle ýagdaýda mukaddeslere+, ýagny Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý edýänlere we Isa berk iman edýänlere+ çydamly bolmak gerekdir».
13 Men gökden şeýle ses eşitdim: «Şuny ýaz: mundan beýläk Halypamyzyň şägirtleri hökmünde ölenler+ bagtlydyr. Hawa, ruh şeýle diýýär: „Goý, olar çeken zähmetinden dynç alsynlar. Sebäbi olaryň eden işleri unudylmaz*“».
14 Soňra men ak bulut gördüm. Onuň üstünde ynsan ogluna meňzeş biri+ otyrdy. Kellesinde altyn täç, elinde bolsa ýiti orak bardy.
15 Ybadathananyň mukaddes ýerinden başga bir perişde çykyp, buludyň üstünde oturana batly ses bilen: «Oragyňy al, orup başla! Sebäbi orak döwri geldi, ýer ýüzüniň hasyly ýetişipdir»+ diýdi.
16 Buludyň üstünde oturan hem oragyny alyp, ýer ýüzüni ordy.
17 Soňra gökdäki ybadathananyň mukaddes ýerinden başga bir perişde çykdy. Onuň hem ýiti oragy bardy.
18 Gurbanlyk ojagyndan* ýene bir perişde çykdy. Oňa oduň üstünden ygtyýar berildi. Ol ýiti orakly perişdä gygyryp: «Ýiti oragyňy alyp, ýer ýüzündäki üzüm salkymlaryny* ýygna, olar bişipdir»+ diýdi.
19 Perişde hem oragyny alyp, ýer ýüzündäki üzümleri ýygdy we olary Hudaýyň gahary bolan uly üzüm sykylýan çukura zyňdy+.
20 Üzümler şäheriň daşynda sykyldy. Üzüm sykylýan çukurdan çykan gan 296 kilometre* çenli akyp, atlaryň agyzzyrygyna çenli ýetdi.
Çykgytlar
^ Ýa-da: gahar.
^ Sözme-söz: ýanlary bilen gidýär.
^ Ýa-da: hoşalaryny.
^ Sözme-söz: 1 600 stadiýa. Bir stadiý 185 m. Goşmaça maglumata serediň: B14.