Ýahýa gelen Ylham 20:1—15
20 Soňra men bir perişdäniň gökden aşak inip gelýändigini gördüm. Elinde düýpsüz çuňlugyň açary+ we uly zynjyr bardy.
2 Ol aždarhany+, ýagny Iblis+ we Şeýtan+ diýilýän köne ýylany+ tutup, 1 000 ýyllyk baglady.
3 Perişde aždarhany düýpsüz çuňluga+ zyňyp, agzyny ýapdy we üstüne möhür basdy. Indi ol 1 000 ýyl dolýança, milletleri aldap bilmez. Soňra ol biraz wagtlyk boşadylar+.
4 Soňra men tagtlary gördüm, onuň üstünde oturanlara höküm etmäge ygtyýar berildi. Mundan başga-da, men Isa hakda şaýatlyk we Hudaý hakda wagyz edendikleri üçin öldürilenleri* gördüm. Olar wagşy haýwana-da, şekiline-de sežde etmändiler, maňlaýyna hem-de eline belligini almandylar+. Olar direlip, Mesih bilen 1 000 ýyl patyşa bolup höküm sürdüler+.
5 Bu birinji direlişdir+. Ölenleriň galany+ bolsa 1 000 ýyl dolýança ýaşaýşy almadylar.
6 Birinji direlişde direljekler+ bagtlydyr we mukaddesdir, ikinji ölüm+ olara zyýan ýetirip bilmez*+. Olar Hudaýyň, Mesihiň ruhanylary bolarlar+ we 1 000 ýyl patyşa bolup höküm sürerler+.
7 Müň ýyl tamamlanan badyna, Şeýtan tussaglykdan boşadylar.
8 Soňra ol ýeriň dört künjeginde ýaşaýan milletleri, ýagny Äjit-Mäjidi azdyrmaga gider we söweş üçin ýygnar. Olaryň sany deňziň çägesi deý köpdür.
9 Olar bütin ýer ýüzüne ýaýrap, mukaddesleriň ýaşaýan ýerini we Hudaýyň söýýän şäherini gabadylar. Emma gökden ot inip, olary ýok etdi+.
10 Olary aldan Iblis ot we kükürt kölüne zyňyldy. Wagşy haýwan+ we ýalan pygamber bolsa eýýäm şol ýerdedi+, olar gije-gündiz baky hem ebedi jebir çekerler.
11 Soňra men uly ak tagt gördüm, tagtda Hudaý otyrdy+. Ýer we gök Hudaýyň huzuryndan gaçdylar+, indi olara gaçara ýer tapylmady.
12 Şeýle-de men sada we abraýly ölen adamlaryň tagtyň öňünde durandygyny gördüm, şonda golýazmalar açyldy. Başga bir golýazma hem açyldy, ol ýaşaýyş kitabydy+. Golýazmalara laýyklykda, ölülere eden işlerine görä höküm çykaryldy+.
13 Deňiz özündäki ölüleri, ölüm bilen mazar* hem özündäki ölüleri berdi. Olaryň her birine edýän işlerine görä höküm edildi+.
14 Soňra ölüm bilen mazar* ot kölüne zyňyldy+. Ot köli+ ikinji ölümi+ aňladýar.
15 Ýaşaýyş kitabyna ady ýazylmadyklar+ hem ot kölüne zyňyldy+.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: palta bilen çapylanlary.
^ Sözme-söz: ikinji ölümiň olaryň üstünden ygtyýary ýokdur.