Ýahýa gelen Ylham 4:1—11
4 Şondan soň gökde açyk gapy gördüm we meniň bilen başda gepleşeniň sesini eşitdim. Onuň sesi surnaýyň owazy kimindi. Ol: «Bärik gel, boljak zatlary görkezeýin» diýdi.
2 Şol bada üstüme Hudaýyň mukaddes ruhy indi. Men gökde duran tagty we onda oturan birini gördüm+.
3 Tagtyň üstünde oturanyň daş keşbi ýaşma daşyna+ we gyzyl reňkli gymmatbaha daşa meňzeýärdi. Tagtyň daş-töwereginde zümerrede+ meňzeş älemgoşar bardy.
4 Tagtyň töwereginde 24 sany tagt bardy. Tagtlarda egni ak eşikli we başy altyn täçli 24 ýaşuly+ otyrdy.
5 Men tagtdan ýyldyrymyň çykandygyny gördüm+, güýçli sesi we gök gürrüldisini+ eşitdim. Tagtyň öňünde ýedi sany otly çyralar bardy. Olar Hudaýyň ýedi ruhuny+ aňladýar.
6 Tagtyň öňünde dup-dury aýna* ýaly deňze+ meňzeş zat bardy.
Ortada duran tagtyň daşynda öň we yz tarapy gözden doly dört perişde+ durdy.
7 Birinji perişdäniň ýüzi ýolbarsa+, ikinjisiniňki öküze+, üçünjisiniňki+ ynsana, dördünjisiniňki+ bürgüde+ meňzeýärdi.
8 Dört perişdäniň hersiniň alty ganaty bardy, ganatlarynyň ähli ýeri gözden doludy+. Olar gije-gündiz yzyny üzmän: «Häzir hem, geçmişde hem, gelejekde hem bar bolan+ Gudratygüýçli Hudaý Ýehowa* mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir!»+ diýýärdiler.
9 Perişdeler her gezek tagtda Oturana, baky hem ebedi Ýaşaýana+ şöhrat, hormat we minnetdarlyk aýdanlarynda,
10 ýigrimi dört ýaşuly+ tagtda Oturanyň öňünde dyza çöküp, baky hem ebedi ýaşaýan Hudaýa sežde edýärdi. Olar başyndaky täjini tagtyň öňüne zyňyp:
11 «Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowa*, sen şöhrata+, hormata+, alkyşa mynasypsyň! Sebäbi ähli zady sen ýaratdyň+, olar seniň islegiň bilen ýaşaýandyr we döredilendir» diýýärdiler.