Zebur 103:1—22
Dawudyň aýdymy.
103 Men Ýehowa alkyş aýdaryn!Janym-tenim bilen mukaddes adyny wasp ederin.
2 Men Ýehowa alkyş aýdaryn!Eden işlerini hiç haçan unutmaryn+.
3 Ol ähli günäleriňi bagyşlaýar+,Dertleriňe derman berýär+.
4 Ol janyňy mazardan halas edýär+,Ýagşylyk* hem rehim edýär+.
5 Ol saňa ömürboýy bereket berer+,Bürgüt kimin güýçli* bolarsyň+.
6 Ýehowa ezilen adamlara+ adalatly bolar+,Olaryň haklaryny alyp berer.
7 Ol ýollaryny Musa öwretdi+,Işlerini Ysraýyl ogullaryna aýtdy+.
8 Ýehowa rehimdar, mähirli*+,Giň göwünli*, wepaly söýgä baý+.
9 Ol günäleriňi ýatladyp durmaz*+,Gahar-gazaby hemişe tutaşyp durmaz+.
10 Günälerimize görä jeza bermez+,Ýalňyşymyza görä temmi bermez+.
11 Gögüň ýerden uzak bolşy ýaly,Allanyň hudaýhonlara* wepaly söýgüsi şonça-da beýikdir+.
12 Gündogaryň günbatardan uzak bolşy ýaly,Günälerimizi şonça-da daşlaşdyrýar+.
13 Atanyň ogullaryna rehimi inişi ýaly,Ýehowa-da hudaýhonlara rehimdarlyk edýär+.
14 Sebäbi ol nähili ýaradylandygymyzy bilýär+,Toprakdandygymyz ýadynda+.
15 Başy ölümli ynsanyň ömri gök ot ýalydyr+,Ol sähra gülleri kimin gülleýär+.
16 Emma şemal öwsende guraýar,Hiç wagt bitmedik ýaly bolýar.
17 Ýehowa hudaýhonlara,Ebedilik ýagşylyk edýär*+.Olaryň nesillerine adalatly bolýar+.
18 Ol ähtine wepaly bolýanlara+,Buýruklaryny ýürekden berjaý edýänlere adalatlydyr.
19 Ýehowa tagtyny gökde dikdi+,Ol älem-jahanyň Hökümdary+.
20 Eý güýçli perişdeler+, Ýehowa alkyş aýdyň!Siz Hudaýa gulak asyp, sözüni berjaý edýärsiňiz+.
21 Eý Hudaýyň goşuny+, Ýehowa alkyş aýdyň!Siz onuň emrini ýerine ýetirýän hyzmatkärsiňiz+.
22 Eý janym, Ýehowa alkyş aýt!Allanyň höküm sürýän ýerlerinde,
Ýehowanyň ýaradanlary alkyş aýtsyn!
Çykgytlar
^ Ýa-da: Wepaly söýgini bildirýär.
^ Sözme-söz: ýaş.
^ Ýa-da: duýgudaş.
^ Ýa-da: Sabyr-takatly; çalt gaharlanmaýar.
^ Ýa-da: Ol hemişe kemçilik gözlemez.
^ Ýa-da: Hudaýdan gorkýanlara.
^ Ýa-da: wepaly söýgüsini bildirýär.