Zebur 104:1—35

  • Ýaradylan täsin zatlar üçin alkyş aýdyň

    • «Ýer hiç haçan sarsmaz» (5)

    • Çörek we şerap ynsan üçindir (15)

    • «Seniň işleriň köpdür!» (24)

    • «Janyny alsaň, gara topraga siňýärler» (29)

104  Eý janym, Ýehowa alkyş aýt!+ Ýehowa Hudaýym, sen örän beýik!+ Hormata we şan⁠-⁠şöhrata eýesiň+.   Ýagtylygy lybas kimin geýdiň+.Asmany perde kimin ýaýdyň+.   Hudaýyň ýokarky otaglary bulutlaryň üstünde+.Ol bulutlary araba edip münýär+,Ýeliň ganatlarynda aýlanýar+.   Perişdelerini ýel ýaly güýçli edýär,Hyzmatkärlerini lowlap ýanýan ot ýaly edýär+.   Ol ýeriň düýbüni tutdy+,Ýer hiç haçan sarsmaz+.   Deňzi don kimin zeminiň egnine atdyň+, Suwlar bilen daglaryň üstüni örtdüň.   Sen käýäniňde, suwlar yza çekildi+,Haýbatly sesiňden gorkup gaçdy.   Daglar ýokary galdy+, jülgeler aşak çökdi,Suwlar buýran ýeriňe akdy.   Suwlar dolup⁠-⁠daşmaz ýaly,Ýer ýüzüni örtmez ýaly çäk goýduň+. 10  Ol jülgelerden suw akdyrýar,Daglaryň arasyndan çeşme akdyrýar. 11  Haýwanlary suwa ýakýar,Gulanlary suwdan gandyrýar. 12  Ol ýerde guşlar höwürtge ýasaýar,Gür ýaprakly şahalarda saýraýar. 13  Hudaý ýokarky otaglaryndan daglary suwarýar+, Elleri bilen ýer ýüzüne bol bereket berýär+. 14  Mal⁠-⁠gara üçin ot çykarýar,Adamlara gök önüm berýär+,Ýerden hasyl öndürýär. 15  Göwnüňi göterýän şeraby+,Ýüzüňi nurlandyrýan ýagy,Güýjüňe güýç goşýan* çöregi berýär+. 16  Ýehowa agaçlaryny suwdan gandyrýar,Eli bilen eken Liwanyň kedr agaçlaryny suwarýar. 17  Olarda guşlar höwürtge ýasaýar, Leglek+ arçalarda öý gurýar. 18  Beýik daglar dag geçiniň mekany+,Gaýalar torsugyň penasy+. 19  Hudaý pasyllary* bellemek üçin Aýy ýaratdy,Gün hem ýaşmaly wagtyny bilýär+. 20  Garaňkylyk aralaşýar, gije düşýär+,Jeňňeliň ähli haýwanlary oýanýar. 21  Awa çykan arslanlar arlaýar+,Alladan iýere zat dileýär+. 22  Gün al⁠-⁠asmana galýar,Haýwanlar hinine girýär. 23  Ynsan işe başlaýar,Gün ýaşýança zähmet çekýär. 24  Eý Ýehowa, seniň işleriň köpdür!+ Ähli zady akyldarlyk bilen ýaratdyň+, Ýer ýüzi elleriň işlerinden doludyr. 25  Deňze seret, ol şeýle uly hem çuň,Içinde birgiden ululy⁠-⁠kiçili jandarlar bar+. 26  Onda gämiler ýüzýär,Seniň ýaradan läheňiň*+ oýnaýar. 27  Wagtly⁠-⁠wagtynda iýmit berersiň+ diýip,Olaryň bary saňa garaşýar. 28  Bereniňi iýýärler+, Eliňi açýarsyň, näz⁠-⁠nygmatdan doýýarlar+. 29  Ýüzüňi sowsaň, howsala düşýärler, Janyny* alsaň, gara topraga siňýärler+. 30  Güýjüň* bilen janly⁠-⁠jandarlary ýaratdyň+,Ýer ýüzüni täzeleýärsiň. 31  Ýehowanyň şan⁠-⁠şöhraty ebedilik dowam eder, Ýehowa elleriniň işlerinden lezzet alar+. 32  Ol seredende, ýer sandyraýar,Daglara elini degrende, asmana tüsse galýar+. 33  Ýehowa tutuş ömrüme aýdym aýdaryn+,Soňky demime çenli Allany wasp ederin+. 34  Goý, oý⁠-⁠pikirim Hudaýyň göwnünden tursun!* Men Ýehowanyň işlerine şatlanaryn. 35  Günäkärler ýer ýüzünden sogrular,Erbetler ýok bolup gider+. Eý janym, Ýehowa alkyş aýt! Ýaha alkyş aýt!*

Çykgytlar

Ýa-da: Başy ölümli ynsanyň ýüregini berkidýän.
Ýa-da: wagty.
Ýewreýçe «liwýatan». Sözlüge serediň.
Ýa-da: Ruhuny. Sözlüge serediň: Ruh.
Sözme-söz: Ruhuň.
Başga manysy: Hudaý hakda oýlananymda, onuň kalby şatlansyn!
Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.