Zebur 115:1—18
115 Bizi däl, Ýehowa, bizi däl,Öz adyňy şöhratlandyr+.Sebäbi sen söýgä* baý hem wepalysyň+.
2 Halklar:
«Olaryň Hudaýy nirede?» diýmesin+.
3 Hudaýymyzyň tagty gökdedir,Islegini mydama amala aşyrýandyr.
4 Olaryň altyn-kümüş butlary,Adam elleriniň işidir+.
5 Olaryň agzy bar, ýöne geplemeýär+,Gözleri bar, ýöne görmeýär.
6 Olaryň gulagy bar, ýöne eşitmeýär,Burny bar, ýöne ys almaýar.
7 Olaryň eli bar, ýöne tutup bilmeýär,Aýagy bar, ýöne ýöräp bilmeýär+,Bogazyndan ses çykmaýar+.
8 Butlary ýasanlar,Butlara bil baglaýanlar+,Olaryň özleri ýaly bolar+.
9 Ysraýyl, Ýehowa bil bagla!+Ol hemaýatkärimiz, galkanymyz+.
10 Harunyň öýi+, Ýehowa bil bagla!Ol hemaýatkärimiz, galkanymyz.
11 Ýehowadan gorkýanlar, Ýehowa bil baglaň!+Ol hemaýatkärimiz, galkanymyz+.
12 Ýehowa bizi unutmaz, ak pata berer,Ysraýylyň öýüni,Harunyň öýüni ýalkar+.
13 Ýehowa hudaýhonlara*,Olaryň uludan-kiçisine bereket berer.
14 Ýehowa sizi köpelder,Birgiden ogul-gyzlaryňyz bolar+.
15 Goý, ýeri-gögi Ýaradan+,Ýehowa sizi ýalkasyn!+
16 Asman Ýehowanyňkydyr+,Ol ýer ýüzüni ynsan ogullaryna berendir+.
17 Ölen adamlar Ýaha alkyş aýdýan däldir+,Ölüm ukusyna gidenler*+ wasp edýän däldir.
18 Biz häzirem, gelejekde-de,Ýaha alkyş aýdarys!
Ýaha alkyş aýdyň!*
Çykgytlar
^ Ýa-da: wepaly söýgä.
^ Ýa-da: özünden gorkýanlara.
^ Ýa-da: Dymyp ýatanlar.
^ Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.