Zebur 132:1—18
Zyýarat aýdymy*.
132 Eý Ýehowa, Dawudy,Onuň çeken jebir-jepasyny ýada sal+.
2 Ol Ýehowa ant içipdi,Ýakubyň gudratly Hudaýyna şeýle wada beripdi+:
3 «Men çadyryma, öýüme girmerin+,
Düşegime geçip ýatmaryn.
4 Gözlerimi ýummaryn,Kirpiklerimi gyrpmaryn.
5 Ýehowanyň sandygy üçin mekan,Ýakubyň Hudaýy üçin gözel çadyr tapýançam köşeşmerin»+.
6 Ol* hakda Efrafada eşitdik+,Ony tokaýdan tapdyk+.
7 Geliň, Allanyň mekanyna gideliň+,Basgançagynyň öňünde baş egeliň+.
8 Eý Ýehowa, aýaga gal,Beýik güýjüň nyşany bolan sandygyň bilen mekanyňa gir+.
9 Ruhanylaryň adalat donuny egnine atsyn,Saňa wepaly bendeleriň joşup aýdym aýtsyn.
10 Guluň Dawudyň hatyrasyna,Saýlanyňdan ýüz öwürme+.
11 Ýehowa Dawuda ant içip,Beren sözünde durar:
«Seniň nesliňden bir adamTagtyňda oturar+.
12 Eger ogullaryň ähtimi saklasalar,Öwüt-nesihatlarymy* unutmasalar+,Olaryň ogullary hemSeniň tagtyňda ebedilik oturarlar»+.
13 Sebäbi Ýehowa Siony saýlady+,Öz mekany etmek isledi+:
14 «Şu ýer meniň ebedilik mekanym.Men ol ýerde ýaşamak isleýärin+.
15 Men şähere bereket ýagdyraryn,Garyp-gasarlaryny çörekden doýraryn+.
16 Ruhanylarynyň egnine gutulyş donuny ataryn+,Wepaly gullarym joşup aýdym aýdarlar+.
17 Şol ýerde Dawudyň güýjüne güýç goşaryn,
Saýlanym üçin çyra taýýarlaryn+.
18 Başynyň täji öwşün atar+,Duşmanlaryny masgara ederin».