Zebur 62:1—12
Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Ýedutun*. Dawudyň aýdymy.
62 Men Hudaýa sabyrly* garaşaryn,
Ol meni halas eder+.
2 Ol meniň arkadagym, halasgärim hem galam+.Men hiç haçan ýykylmaryn+.
3 Siz haçana çenli ejize azar berip,
Onuň kastyna çykjak?+Siz ýykyljak bolup duran,Gyşaran diwar ýaly howplusyňyz*.
4 Olar adamyň mertebesini peseltmek üçin dil düwüşýärler,Ýalan sözden keýp alýarlar.
Içinden nälet okap, daşyndan hoşamaý sözleri aýdýarlar+.
5 Men Hudaýyma sabyrly garaşaryn+,Sebäbi ol maňa umyt berýär+.
6 Ol meniň arkadagym, halasgärim hem galam.Men hiç haçan ýykylmaryn+.
7 Hudaý arkadagym hem penamdyr.
Ol meni halas eder, şan-şöhrata ýetirer+.
8 Adamlar, hemişe Hudaýa bil baglaň!
Oňa ýüregiňizi döküň+.
Sebäbi ol biziň penamyz+. (Sela)
9 Ynsan ogullary bir dem kimindir,Olar ýöne bir salgym* ýalydyr+.
Terezide çekeniňde bugdan hem ýeňildir+.
10 Talaňçylyk bilen baýarys öýtmäň,Ogrulyk bilen döwletiňiz artar öýtmäň,
Baýlygyňyz artsa-da, oňa daýanmaň+.
11 «Güýç-kuwwat Alladandyr!»+ diýen sözleri,
Hudaý bir sapar aýtdy, men iki sapar eşitdim.
12 Ýehowa, sen wepaly söýgä* baýsyň!+Adamyň eden işine görä hakyny berýärsiň+.
Çykgytlar
^ Ýa-da: ümsüm.
^ Başga manysy: Siz ony ýykyljak bolup duran, gyşaran diwar ýaly görýärsiňiz.
^ Ýa-da: boş hyýal.