Zebur 77:1—20
Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Ýedutun*. Asafyň aýdymy+.
77 Batly ses bilen perýat ederin, Hudaýa ýalbararyn,Allany çagyraryn, ol meni eşider+.
2 Agyr günümde Ýehowany gözleýärin+,
Gije elimi asmana galdyrýaryn,
Yzyny üzmän dileg edýärin.
Ynjalyk tapmaýaryn.
3 Hudaý hakda oýlansam, damagym dolýar+,Kalbym howsala düşüp, güýçden gaçýaryn+. (Sela)
4 Gözüme uky gelmeýär,Halym harap, gepläre ýagdaýym ýok.
5 Geçen ýyllary, gadymy günleri ýatlaýaryn+.
6 Gijesine aýdyma hiňlenýärin+,Çuňňur oýa batýaryn+,Sowallaryma jogap tapjak bolýaryn.
7 Ýehowa bizden hemişelik ýüz öwürdimi?+
Indi hiç haçan rehim etmezmi?+
8 Allanyň wepaly söýgüsi* hemişelik sowadymy?
Wadalary hiç haçan ýerine ýetmezmi?
9 Hudaý indi rehim etmezmi?+Gahary rehimdarlygyndan rüstem geldimi? (Sela)
10 Men: «Allatagala* kömek edenok» diýip,
Haçana çenli biynjalyk bolaryn?+
11 Men Ýahyň eden işlerini ýatlaryn,Gadymy döwür eden gudratlaryny unutmaryn.
12 Seniň eden işleriň hakda oýlanaryn,Gudratlaryň barada çuňňur oýa bataryn+.
13 Eý Hudaý, ýollaryň mukaddesdir,
Saňa taý geljek barmy?+
14 Sen gudratly işleri edýän hak Hudaýsyň+,
Halklar beýik güýjüňe şaýatdyr+.
15 Güýçli goluň bilen halkyňy,Ýakubyň, Ýusubyň ogullaryny halas etdiň+. (Sela)
16 Derýalar saňa seretdi,Seni görüp möwç urdy+.
Deňiz çaýkandy.
17 Gara bulutlardan ýagyş ýagdy.
Gök gümmürdedi,Peýkamlaryň çar tarapdan atyldy+.
18 Gök gümmürdisi+ söweş arabasynyň sesi ýalydy.Ýyldyrym çakyp, ýer ýüzüni ýagtyltdy+.Zemin sandyr-sandyr edýärdi+.
19 Ýollaryň suwuň içinden+,Ýodalaryň deňziň içinden geçipdi,Ýöne aýak yzyň tapylmady.
20 Musa we Harunyň goly bilen+,Çopan kimin halkyňa ýol görkezdiň+.