Esasy materiala geçiň

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Ýetişenlik döwri bilen bagly kynçylyklara nädip hötde gelip bilerin?

Ýetişenlik döwri bilen bagly kynçylyklara nädip hötde gelip bilerin?

 «Jynsy taýdan ýetişenlik döwri gyzlar üçin aňsat bolmaýar. Başyňy çaşyrýar, aý garaz, hiç hili gowulyk ýok!» Oksana

 «Meniň birden keýpim göterilýärdi, birdenem gaçýardy. Bilmedim, başga oglanlarda şeýle bolýarmy ýa-da ýok, ýöne mende şeýle bolupdy». Braýn

 Ýetişenlik döwrüni birden aşak düşüp, birdenem ýokary galýan amerikan karuseline meňzetse bolýar. Bu döwür gorkuly bolsa-da, şol bir wagtyň özünde tolgundyryjy! Sen oňa nädip hötde gelip bilersiň?

 Ýetişenlik döwri näme?

 Ýönekeý söz bilen aýdanyňda, ýetişenlik döwri seni beden we duýgy taýdan özgerdip, ýokary tizlikde barýan otly ýaly uly adamlaryň hataryna çalt goşýar. Şol döwür gysga wagtyň içinde beden we gormonal taýdan uly özgerişikler bolup, adamyň organizmini nesil öndürmäge taýýarlaýar.

 Elbetde, bu seniň ene-ata bolmalydygyňy aňlatmaýar. Ýetişenlik döwri çagalygyňy terk etmegiň wagtynyň gelendigini görkezýär. Şonda seni hem şatlykly, hem gussaly duýgular gaplap alýar.

 Sorag: Seniň pikiriňçe, ýetişenlik döwri aşakda görkezilen haýsy ýaşda başlanmagy ýerlikli?

  • 8

  • 9

  • 10

  • 11

  • 12

  • 13

  • 14

  • 15

  • 16

 Jogaby: Ýetişenlik döwrüne görkezilen sanlaryň ählisi gabat gelýär.

 Eger 13, 14 ýaşyňda bolup we heniz ýetişenlik döwri sende başlamadyk bolsa ýa-da 10 ýaşyňda bolup, eýýäm başlan bolsa, onda gaty alada etme. Sebäbi her kimiň organizmi her hili bolýar we ol adama bagly däl.

Ýetişenlik döwrüni birden aşak düşüp, birdenem ýokary galýan amerikan karuseline meňzetse bolýar. Ol gorkuly we şol bir wagtyň özünde tolgundyryjy bolsa-da, onuň hötdesinden gelip bilersiň

 Bedeniňde bolup geçýän üýtgeşiklik

 Adatça, boýuň çalt össe, ýetişenlik döwrüniň gelendigini aýdyň görkezýär. Emma beden agzalaryň ählisi deň derejede ösmeýär. Şol sebäpli edýän hereketleriň biraz gelşiksiz bolsa, geň galma. Wagtyň geçmegi bilen, hemme zat gülala-güllük bolar.

 Ýetişenlik döwri bedeniňde başga-da üýtgeşiklikler bolýar.

 Oglanlarda bolup geçýän üýtgeşiklikler:

  •   Jyns organlarynyň ösmegi

  •   Goltugynda, gasygynda tüýleriň we sakal-murtunyň ösmegi

  •   Sesiniň ýognamagy

  •   Erksiz ereksiýa we döl goýbermek

 Gyzlarda bolup geçýän üýtgeşiklikler

  •   Göwüsleriniň ulalmagy

  •   Gasygynda we goltugynda tüýleriň ösmegi

  •   Aýbaşynyň başlanmagy

 Oglan-gyzlaryň ikisinde-de bolup geçýän üýtgeşiklikler

  •   Der bilen bakteriýa garyşyp, bedenden ys çykmagy

     Maslahat: Ýakymsyz ysdan dynmak üçin tiz-tizden ýuwnup durmaly we dezodrant ýa-da antiperspirant ulanmaly.

  •   Bakteriýanyň esasynda ýag mäzleriniň sowuklamagy ýa-da düwürtigiň çykmagy

     Maslahat: Düwürtikden dynmak aňsat bolmasa-da, ýüzüňi tiz-tizden ýuwup dursaň we teniňi arassalaýan serişdeleri ulansaň, bu saňa kömek eder.

 Duýgy taýdan bolýan üýtgeşiklik

 Gormonlaryň köp bölünip çykmagy bilen bedeniňde bolşy ýaly, duýgularyňda-da üýtgeşiklik bolýar. Hatda keýpiň hem birden üýtgemegi mümkin.

 «Şu gün aglasam, ertir eýýäm hemme zat gül ýaly. Häzir gaharlanyp dursuň, bir minutdan hem keýpiň gaçyp, otagyňdan çykman oturýarsyň». Oksana

 Ýetişenlik döwri oglan-gyzlaryň köpüsi özlerini oňaýsyz duýýarlar. Hemme adamlar özlerine seredýändir öýdýärler. Daş keşpleriniň özgermegi bolsa bu ýagdaýy has-da beterleşdirýär!

 «Men ulaldygymça, bilgeşleýin bükülip ýörärdim we giň eşikleri geýerdim. Üýtgeşmeleriň näme üçin bolýandygyny bilsemem, özümi oňaýsyz duýýardym, utanýardym». Jenis

 Duýgy taýdan esasy üýtgeşikligiň biri — oglanlar gyzlara (gyzlar bolsa oglanlara) başgaça seredip başlaýar.

 «Men öň oglanlary ýüregedüşgünç hasaplaýardym. Soňra bolsa käbirlerini gowy görüp başladym, hatda maňa birine aşyk bolmak hem erbet zat däl ýaly görünýärdi. Öz aramyzda diňe kimiň-kimi halaýandygy barada gürrüň edýärdik». Aleksiýa

 Ýetişenlik döwri käbir oglan-gyzlar öz jynsyndaky deň-duşlaryny gowy görýändigine göz ýetirýär. Eger sende-de şeýle duýgular döreýän bolsa, özüňi gomoseksualdyryn öýtme. Köplenç bu duýgular biraz wagtdan geçip gidýär.

 «Özümi elmydama başga oglanlar bilen deňeşdirýändigim üçin, olary halaýardym. Gyzlar bilen bolsa giç gyzyklanyp başladym. Häzir mende gomoseksual duýgulary ýok, olar geçip gitdi». Alan

 Sen näme edip bilersiň?

  •    Dogry garaýşy saklajak bol. Ýetişenlik döwri beden we duýgy taýdan özgerişikler hökman bolýar. Bu bolsa seniň uly adamlaryň hataryna geçmegiň üçin wajypdyr. Mezmurçy Dawudyň aýdan şu sözleri saňa goltgy berer: «Men gaty gorkunç we täsin tärde ýaradylypdyryn» (Zebur 139:14).

  •   Özüňi başgalar bilen deňeşdirmekden gaça dur we bedeniňde bolýan özgerişiklere känbir üns berme. Mukaddes Ýazgylarda: «Adam daş keşbe seredýär, emma Reb kalba seredýär» diýilýär (1 Şamuwel 16:7).

  •   Maşk et we ýeterlik derejede dynjyňy al. Gowy ukyňy alsaň, bu saňa gaharlanmazlyga, lapykeç bolup, göwnüçökgünlige düşmezlige kömek eder.

  •   Özüňi aşa köp tankytlama. Dogrudanam, hemmeleriň gözi sendemi? Seniň daş keşbiň barada bir zatlar diýseler-de, muny göwnüňe alma. Mukaddes Ýazgylarda: «Adamlaryň diýýän her bir sözüne üns berme» diýilýär (Wagyz kitaby 7:21).

  •   Jynsy höwesleriňe erk etmegi öwren. Injilde: «Ahlaksyzlykdan gaçyň!.. Ahlaksyzlyk edýän adam öz bedenine garşy günä edýändir» diýilýär (1 Korinfliler 6:18).

  •   Ene-ataň ýa-da ýakyn dostuň bilen gürrüňdeş bol. Mümkin, başda aňsat bolmaz, ýöne gerekli kömegi kabul edeniňde, eden tagallaň ýerine düşendigine göz ýetirersiň (Süleýmanyň tymsallary 17:17).

 Netije: Ýetişenlik döwri aňsat bolmasa-da, ol ajaýyp mümkinçiliklere ýol açýar. Sebäbi sen diňe beden däl-de, eýsem, akyl, duýgy we ruhy taýdan hem ösýärsiň (1 Şamuwel 2:26).