Esasy materiala geçiň

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Ahlaksyz zatlar barada pikirlenmez ýaly näme etmeli?

Ahlaksyz zatlar barada pikirlenmez ýaly näme etmeli?

 «Käte kelläme ahlaksyz pikirler gelýär. Bar pikirim şonda bolýar. Hamala kelläm özümiňki däl ýaly» (Züleýha).

 «Ahlaksyz pikirleri kelläňden çykarmak şeýle bir kyn welin, ondan-a dagy ýerinden gozganyňam aňsat» (Joşgun).

 Senem özüňi Züleýha ýa-da Joşgun ýaly duýýaňmy? Eger şeýle bolsa, onda şu makala saňa kömek eder.

 Näme üçin wajyp?

 Arslan atly oglan şeýle diýýär: «Daýym maňa: „Eger jynsy gatnaşyk etmek bolmaýan bolsa, Hudaý bize şeýle islegi bermezdi“ diýdi».

 Arslanyň daýysynyň aýdýanlary nädogry däl. Adamlar köpelip, ýer ýüzüni doldurar ýaly Hudaý olary şeýle höwes bilen ýaratdy. Eger şeýle bolsa, jynsy gatnaşyk baradaky pikirler bilen göreşmek nämä gerek? Gel, munuň iki sebäbini bileli:

  •   Mukaddes Kitapda diňe är-aýalyň jynsy gatnaşykda bolmalydygy aýdylýar (1 Musa 1:28; 2:24).

     Sen diňe är-aýalyň jynsy gatnaşykda bolmalydygyny bilseňem, jynsy gatnaşyk etmek barada oýlanyp ýörseň, ruhdan düşersiň. Soňabaka ahlaksyzlygam etmegiň mümkin. Durmuş gurman jynsy gatnaşyk eden adamlaryň köpüsi eden işine ökünýär.

  •   Ahlaksyz pikirler bilen göreşseň, özüňe erk etmegi öwrenersiň (1 Korinfliler 9:25).

 Özüne erk edýän adam häzirem, gelejekde-de bagtly bolýar. Geçirilen barlaga görä, ýaşlykdan özüne erk edýän adamlaryň saglyk ýagdaýynyň gowudygy, pul hem-de kanun bilen bagly kynçylyklarynyň azdygy aýdyldy a.

 Näme üçin kyn?

 Ýaş wagtyň käbir garmonlar jynsy höwesiňi güýçlendirýär. Şeýle-de ahlaksyzlykdan doly dünýäde ýaşaýandygymyz üçin pikiriňi arassa saklamak kyn bolýar.

 «Telegepleşikleriň köpüsinde maşgala gurman jynsy gatnaşyk etmegi gowy zat ýaly edip görkezýärler, onuň zyýany barada bolsa hiç zat aýtmaýarlar. Şeýle zatlary eşidip ýörseň, erbet pikirlere çümeniňi bilmän galýaň» (Aýgül).

 «Işdeşlerim ahlaksyz gürrüňleri köp edýärler. Şonuň üçin isleseň-islemeseň eşitmeli bolýar, şeýle gürrüňler bilesigelijiligiňi oýarýar. Häzir ahlaksyzlyga adaty zat ýaly garaýarlar welin, onuň zyýanlydygyny ýatdan çykarýaň» (Nedir).

 «Internetde surat göreniňde hasam seresap bolmaly. Ýekeje ahlaksyz surat gözüňe düşäýse, aňyňdan aýryp bilmeýäň» (Maýsa).

 Ýokarda agzalan kynçylyklar sende-de bolýandyr. Belki, senem Pawlus resul ýaly: «Dogry zat etjek bolanymda, erbetlik peýda bolýar» diýýänsiň (Rimliler 7:21).

Ahlaksyz pikirleriň aňyňda höwürtge ýasamagyna ýol berme

 Näme edip bilersiň?

 Ünsüňi gowy zada gönükdir. Ahlaksyz pikirler dörände ünsüňi başga zada sowjak bol. Sport bilen meşgullan, maşk et ýa-da başga gowy görýän zadyňy et. Şemşat atly gyz şeýle diýýär: «Mukaddes Kitaby okap, aňymy peýdaly zatlar bilen doldurýan. Şonda erbet pikirlere ýer galmaýar».

 Elbetde, wagtal-wagtal kelläňe ahlaksyz pikirler gelmegi mümkin, ýöne şeýle pikirler bilen göreşip bilersiň. Bu saňa bagly.

 «Erbet pikirler günüme goýmasa, her zat edip, ünsümi başga zada sowjak bolýan. Ilki bilen kelläme şeýle erbet pikirleriň nireden gelýändigini anyklajak bolýan. Eşidýän aýdymlarym ýa-da görýän suratlarym sebäpli bolsa, olary derrew aýyrýan» (Şirin).

 Mukaddes Kitabyň prinsipi: «Diňe... dogry, päk... zatlar hakda oýlanyň» (Filipililer 4:8).

 Gowy adamlar bilen dostlaş. Eger dostlaryň diňe ahlaksyz zatlar hakda gürrüň edýän bolsa, senem soňabaka şeýle pikir edip başlarsyň.

 «Ýetginjek döwrüm joralarymyň gürrüňlerinden ýaňa menem erbet zatlar hakda köp oýlanýardym. Gatnaşýanlaryň erbet zatlara höweslendirip dursa, oda ýangyç sepen ýaly bolýar» (Aýnur).

 Mukaddes Kitabyň prinsipi: «Paýhasly adam bilen dost bolsaň, paýhasly bolarsyň, akmak bilen dost bolsaň, zyýan çekersiň» (Nakyllar 13:20).

 Erbet höwesi oýarýan zatlardan gaça dur. Häzirki dynç alyşlaryň köpüsi diýen ýaly ahlaksyzlyga iterýär. Allanur atly oglan şeýle diýýär: «Käbir aýdym-sazlar erbet höwesleri oýarýar. Olar bilen göreşmek has-da kyn bolýar, käte näme etjegimi bilmeýän».

 «Men ahlaksyz filmleri we telegepleşikleri görüp başladym. Ahlaksyz pikirler meni iýip başlady. Şeýle pikirleriň näme sebäpden döreýändigini bilýärdim. Şol telegepleşikleri we filmleri görmegimi bes eden badyma, hapa zatlar hakda pikirlenmegimi goýdum. Görýän, eşidýän zatlaryňa ünsli bolsaň, erbet pikirler bilen göreşmek aňsat bolýan eken» (Jemile).

 Mukaddes Kitabyň prinsipi: «Araňyzda ahlaksyzlygyň, her hili haramlygyň ýa-da açgözlügiň ady-da agzalmasyn» (Efesliler 5:3).

 Netije. Käbir adamlar jynsy höweslerini kanagatlandyrmagy ähli zatdan wajyp hasaplaýar. Şonuň üçin olar özüne erk etmeýär, etjegem bolmaýar. Ýöne Mukaddes Kitapda her bir adamyň özüne we pikirlerine erk edip bilýändigi aýdylýar. Hudaý biziň her bir edýän işimize üns berýär.

 Mukaddes Kitabyň prinsipi: «Pikiriňizi hemişe täzeläp duruň» (Efesliler 4:23).

a Özüňe erk etmek häsiýeti maşgalada-da gerek bolýar. Şonuň üçin maşgala gurmankaň, özüňe erk etmegi öwren.