ÝAŞLARYŇ SOWALLARY
Ahlaksyzlyga iterjek bolanlarynda nädip garşylyk görkezip bilerin?
Bu nämäni aňladýar?
Ahlaksyzlyga itermek diýlende, jynsy gatnaşyk etmek niýeti bilen adamyň islegine garşy edilýän iş göz öňünde tutulýar. Oňa eliňi degirmek, hatda ahlaksyzlyk etmek üçin kakdyrylyp aýdylýan sözler degişli. Emma käte degişmek bilen näz-kereşme etmegiň we ahlaksyzlyga itermekligiň arasyndaky tapawudy görmek kyn bolýar.
Sen bularyň arasyndaky tapawudy bilýärmiň? Ahlaksyzlyga itermek baradaky soraglara jogap berip, olaryň tapawudyny bil.
Gynansak-da, orta mekdebi tamamlanyňdan soň hem, ahlaksyzlyga itermek ýaly zatlar dowam edýär. Emma olara häzirden garşylyk görkezmegi öwrenseň, onda işläp başlanyňda hem, muňa taýýar bolarsyň. Belki-de, özüňi alyp barşyň bilen başgalara-da kömek edip bilersiň.
Şeýle ýagdaýda näme etmeli?
Ahlaksyz zatlara garşylyk görkezmek üçin, başda haýsy hereketleriň ýerliksizdigini anyklamagy öwrenip, özüňi nähili alyp barmalydygyňy bilmeli. Aşakda getirilen üç ýagdaýa seredip, nähili garşylyk görkezip biljekdigiň barada oýlan.
ÝAGDAÝ:
«Birnäçe işdeşim hemişe „sen gaty owadan, menem 30 ýaş ýigdelsemdim“ diýýärdiler. Olaryň biri hatda arkamdan gelip, saçymy hem ysgady». Tabita, 20 ýaşynda
Tabita şeýle pikir edip bilerdi: «Eger hiç zat diýmän biraz çydasam, özleri bizar bolup goýar».
Munuň kömek etmezligi mümkin. Näme üçin? Hünärmenleriň aýtmagyna görä, ahlaksyz sözleri kakdyryp aýdýan adama hiç hili garşylyk görkezmeseň, köplenç olar öňküdenem beter edýärler.
Şeýle etmäge çalyş: Saňa azar berýän adama şeýle sözlere we herekete göz ýummajakdygyňy asuda äheňde, ýöne çürt-kesik aýt. 22 ýaşly Tarin şeýle diýýär: «Eger biri maňa elini degirse, yzyma öwrülip, „eliňi çek, gaýdyp beýle iş etme“ diýýärin. Köplenç olar şeýle etmegini bes edýärler». Eger ol bes etmese, tutanýerli bol we ýan berme. Mukaddes Ýazgylarda ýokary ahlak kadalaryna eýermek barada aýdylanda, «berk» we «doly ynamly bolmak» maslahat berilýär (Koloslylar 4:12).
Eger saňa haýbat atsalar näme? Onda garşylyk görkezme, ol ýerden çaltrak gaýtjak bol we uly ýaşly ynamly adamdan kömek sora.
ÝAGDAÝ:
«Altynjy synpda okaýarkam, mekdepde iki gyz ýanyma gelip, meni saklady. Olaryň biri lesbiýandy we meniň bilen duşuşmak isleýändigini aýtdy. Men razylaşmadym, ýöne olar şonda-da her gün arakesme wagty ýanyma gelýärdiler. Bir gezek olar meni hatda diwara tarap itip goýberdiler». Wiktoriýa, 18 ýaşynda
Wiktoriýa şeýle pikir edip bilerdi: «Bu barada gürrüň bersem, meni gowşak hasaplap, ynanmazlyklary-da ähtimal».
Munuň kömek etmezligi mümkin. Näme üçin? Eger sen bolan wakany hiç kime gürrüň bermeseň, azar berýän adamlar günüňe goýmaz. Olar başgalary-da ahlaksyzlyga itermeklerini dowam ederler (Wagyz kitaby 8:11).
Şeýle etmäge çalyş: Başgalardan kömek sora. Ene-ataň we mugallymlaryň seniň baş alyp çykmagyň üçin gerekli goldawy bererler. Kömek üçin ýüz tutan adamyň aýdýan sözleriňe çynlakaý seretmese näme? Onda şeýle etjek bol: Her gezek seni ahlaksyzlyga iterjek bolanlarynda, muny jikme-jik bir depdere ýaz. Haçan bolandygyny, sagadyny, bolan ýerini, kimiň we näme aýdanyny belläp al. Nusgasyny ene-ataňa ýa-da mugallymyňa ber. Köp adamlar aýdylan däl-de, ýazylan sözlere has çynlakaý seredýärler.
ÝAGDAÝ:
«Men şu oglandan gaty gorkýardym. Ol regbi sporty bilen meşgullanýardy, iki metre golaý boýy we 135 kg agramy bardy. Ol meniň bilen bolmagy hyýallanypdy we bir ýyllap azar berdi. Bir gezek synpda hiç kim ýok wagty maňa tarap ýöräp gelýärkä, men ýerimden turup, synpdan çykyp gitdim». Julýeta, 18 ýaşynda
Julýeta şeýle pikir edip bilerdi: «Hemme oglanlaram özüni şeýle alyp barýar».
Munuň kömek etmezligi mümkin. Näme üçin? Eger özüni alyp barşyny adamlaryň ýerlikli hasaplaýandygyny bilse, ol azar bermegini bes etmez.
Şeýle etmäge çalyş: Degişmä degişme bilen ýa-da ýylgyryp jogap berme. Gaýtam, bar durkuň we şol sanda ýüz-gözüň hereketi bilen muny halamaýandygyňy görkez.
Munuň nädip öňüni alyp bilerin?
BOLAN WAKA 1.
«Men gödek sözleri ýigrenýärin. Şol sebäpli oglanlar azar berenlerinde, bes etmeklerini haýyş etsem-de, berk jogap gaýtarmaýardym, hatda köplenç muny ýylgyryp aýdýardym. Olar hem men näz-kereşme edýändirin öýdýärdiler». Tabita
Eger sen Tabitanyň ýerine bolsaň, özüňi nähili alyp barardyň? Näme üçin?
Ahlaksyzlyga iterjek bolýan adam haýsy ýagdaýda näz-kereşme edýänsiň öýtmegi mümkin?
BOLAN WAKA 2.
«Bu bedenterbiýe sapagynda oglanlaryň aýdýan haýasyz sözlerinden başlandy. Men birnäçe hepdeläp muňa üns bermedim. Emma ýagdaý gitdigiçe erbetleşýärdi. Birnäçe wagtdan olar ýanymda oturyp, meni gujaklap başladylar. Men olary iterip goýbersem-de, şeýle etmegini dowam etdiler. Soňra olaryň biri haýasyz sözler ýazylan hat berdi. Men haty mugallyma berdim. Şondan soň ony mekdepden kowdular. Men mugallyma öňräk aýtmalydygyma şonda düşünip galdym». Sabina
Seniň pikiriňçe, Sabina näme üçin öňräk mugallyma ýüz tutmadyka? Sen onuň hereketini dogry hasaplaýarmyň? Näme üçin?
BOLAN WAKA 3.
«Bir gezek jigim Greg suwa düşünip durka, ýanyna bir oglan baryp: „Meni ogşa“ diýipdir. Jigim razylaşmasa-da, ol bes etmändir. Ahyry Greg ony iteripdir». Sýuzanna
Seniň pikiriňçe, Gregi ahlaksyzlyga iterjek boldularmy? Näme üçin?
Näme üçin käbir oglanlar ahlaksyzlyga iterjek bolanlarynda, muny hiç kime aýtmaýarlar?
Seniň pikiriňçe, Greg dogry hereket etdimi? Sen näme ederdiň?
Köpräk bilmek üçin: «Ýaşlaryň sowallary. Peýdaly maslahatlar» (I tom) kitabynyň «Azgyn adamlardan nädip goranmaly?» atly 32-nji babyna seret.