Ýaşaýyş kitabynda kimleriň ady ýazylan?
Mukaddes Kitabyň jogaby
«Ýaşaýyş kitabynda», ýagny «ýaşaýyş... golýazmasynda» ýa-da «ýatlama kitabynda» ebedi ýaşaýşa umydy bolan adamlaryň atlary ýazylan (Ylham 3:5; Melek 3:16). Bu kitaba Hudaý Özüne wepaly we gulak asýan adamlaryň atlaryny ýazýar (Ýahýa 3:16; 1 Ýahýa 5:3)
Hudaý «dünýäniň başlangyjyndan bäri» her bir wepaly gullukçysynyň adyny hamala kitaba ýazýan ýaly ýadynda saklaýar (Ylham 17:8). Ýaşaýyş kitabyna ilkinji bolup Hudaýyň wepaly gullukçysy Habylyň ady ýazyldy (Ýewreýler 11:4). Ol ýöne bir atlaryň sanawy ýazylýan golýazma bolman, eýsem söýgüden doly Ýehowa Hudaýyň «öz adamlaryny bilýändigini» görkezýär (2 Timoteos 2:19; 1 Ýahýa 4:8).
Ýaşaýyş kitabyna, ýazylan atlar öçürilip bilermi?
Hawa, Hudaý gulak asmadyk gadymy ysraýyl halkyna: «Kimde-kim Maňa garşy günä etse, onuň adyny kitabymdan öçürip taşlaryn» diýdi (2 Musa 32:33). Emma biz Hudaýa wepaly galsak, «ýaşaýyş kitaby diýen golýazmadan» adymyz öçürilmez (Ylham 20:12).