666-lyk san nämäni aňladýar?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Mukaddes Kitabyň iň soňky kitabynda aýdylmagyna görä, 666-lyk san deňizden çykyp gelýän ýedi kelleli, on şahly bir wagşy haýwanyň belgisini ýa-da adyny görkezýär (Ylham 13:1, 17, 18). Bu wagşy haýwan «her taýpadan, halkdan, dilden we milletden bolan adamlaryň üstünden höküm sürýän» dünýädäki syýasy guramalary aňladýar (Ylham 13:7). 666 diýen ady syýasy guramalaryň Hudaýyň nazarynda hiç zady başarmaýan nalajedeýindigini görkezýär. Näme üçin şeýle diýse bolar?
Bu ýöne bir goýlan at däl. Hudaýyň dakýan atlarynyň belli bir manysy bar. Meselem, Hudaý Ybrama («beýik ata» diýmegi aňladýar) «köp milletleriň atasy» etjekdigini wada berip, oňa Ybraýym («köpleriň atasy» diýmegi aňladýar) diýip at goýdy (1 Musa 17:5, çykgyt). Şonuň ýaly-da, Hudaý wagşy haýwana 666 diýen ady berip, onuň käbir aýratynlyklaryny görkezdi.
6-lyk san bikämilligi aňladýar. Mukaddes Kitapda sanlar köplenç göçme manyda ulanylýar. 7-lik san, adatça, dolulygy ýa-da kämilligi aňladýar. 6-lyk bolsa 7-den bir san kem bolansoň, Hudaýyň nazarynda biderek ýa-da kemçiligi bolan zady suratlandyryp biler. Bu san köplenç Hudaýyň duşmanlary bilen bagly ulanylýar (1 Taryh 20:6; Danyýar 3:1).
Has nygtamak üçin 3 gezek gaýtalanýar. Mukaddes Kitapda käte bir zady has nygtamak üçin, ol 3 gezek gaýtalanyp aýdylýar (Ylham 4:8; 8:13). 666 diýen san hem adamlaryň syýasy guramalarynyň Hudaýyň nazarynda hiç zady başarmaýan nalajedeýindigini nygtap geçýär. Olar adamlara hemişelik parahat hem-de howpsuz ýaşaýşy berip bilmeýärler, muny diňe Hudaýyň Patyşalygy amala aşyrar.
Wagşy haýwanyň belligi
Mukaddes Kitapda käbir adamlaryň «wagşy haýwanyň belligini alandygy» aýdylýar, sebäbi olar «buýsanç bilen onuň yzyna düşüp», oňa sežde edýärler (Ylham 13:3, 4; 16:2). Olar öz ýurduna, onuň döwlet nyşanlaryna ýa-da harby güýçlerine çendenaşa buýsanyp, olary arşa çykarýarlar. «Dini ensiklopediýada» şeýle diýilýär: «Şu günler milletparazlyk dünýädäki dinleriň iň esasy aýratynlygyna öwrüldi».
Eýsem, wagşy haýwanyň belligi adamlaryň sag eline ýa-da maňlaýyna nädip goýulýar? (Ylham 13:16). Hudaý ysraýyllylara öz kada-kanunlaryny berende: «Olary bellik hökmünde eliňize dakyň, maňlaýyňyza nyşan edip belläň» diýipdi (5 Musa 11:18). Elbetde, ysraýyllylar olary göni manyda eline we maňlaýyna dakmaly däldi. Olar ähli edýän işinde hem-de pikirinde Hudaýyň sözlerine eýermelidi. Şonuň ýaly-da, wagşy haýwanyň belligi göni manyda adamyň bedenine ýazylýan 666 san däl. Bu bellik syýasy guramalara öz üstünden agalyk etmäge ýol berýän adamlary suratlandyrýar. Şeýle belligi alan adamlar Hudaýa garşy gidýärler (Ylham 14:9, 10; 19:19—21).