Bütin ýer ýüzünde nädip parahatlyk bolar?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Ynsan hökümetleri däl-de, Isa Mesihiň ýolbaşçylygyndaky Hudaýyň gökdäki Patyşalygy bütin ýer ýüzüne parahatlyk getirer. Geliň, Mukaddes Kitapda bu ajaýyp umyt barada näme diýilýändigine seredeliň.
Hudaý «ýer ýüzünde ony razy edýän adamlaryň arasynda parahatlyk bolar» diýen wadasyny ýerine ýetirip, «ýeriň ujuna çenli uruşlary togtadar» (Zebur 46:9; Luka 2:14).
Gökde ýerleşýän Hudaýyň Patyşalygy bütin ýeriň üstünden höküm sürer (Danyýar 7:14). Bütin dünýäniň üstünden höküm sürjek bu Patyşalyk köp dawa-jenjelleriň döremegine sebäp bolýan milletparazlygy köki bilen sogrup aýrar.
Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy Isa Mesihe «Parahatlyk Şazadasy» diýilýär. Ol höküm sürende, «parahatçylyk tükeniksiz bolar» (Işaýa 9:6, 7).
Uruş-sögüşden el çekmeýän adamlara Hudaýyň Patyşalygynyň hökümdarlygy astynda ýaşamaga rugsat berilmez. Sebäbi Hudaý «zorlugy söýýäni ýigrenýändir» (Zebur 11:5; Nakyllar 2:22).
Hudaý öz raýatlaryna parahatlykda ýaşamagy öwredýär. Mukaddes Kitapda munuň nähili netije berýändigi şeýle beýan edilýär: «Olar gylyçlaryndan azal, naýzalaryndan orak ýasarlar; millet millete garşy gylyç galdyrmaz, söweşmegi öwrenmezler indi» (Işaýa 2:3, 4).
Şu günler bütin dünýäde millionlarça Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýyň öwredişi ýaly parahatlykda ýaşamaga jan edýärler (Matta 5:9). Biz 230-dan gowrak ýurtda ýaşasak-da, her dürli milletden bolsak-da, imandaşlarymyza garşy elimize ýarag almaýarys.
Ýehowanyň Şaýatlary şu wagtdan parahatlygy saklamagy öwrenýärler