Isa pygamberiň durmuşy baradaky kitaplar haçan ýazyldy?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Isanyň durmuşy barada ýazan Ýahýa resul: «Bulary gözi bilen gören adam habar berdi we onuň şaýatlygy hakykatdyr. Siz bu zatlara iman edip biler ýaly, ol aýdýanlarynyň hakykatdygyna güwä geçýändir» diýdi (Ýahýa 19:35).
Mattanyň, Markusyň, Lukanyň we Ýahýanyň ýazan hoş habaryndaky wakalar ynama mynasypdyr. Sebäbi bu kitaplar bolup geçen wakalary öz gözi bilen gören adamlaryň köpüsi heniz dirikä ýazyldy. Käbir maglumatlara görä, Mattanyň hoş habary Isanyň ölüminden 8 ýyl geçensoň, takmynan b. e. 41-nji ýylynda ýazylypdyr. Alymlaryň köpüsi biraz soňra ýazyldy diýip çaklasa-da, Injiliň ähli kitaplarynyň b. e. I asyrynda doly ýazylyp gutarylandygyny tassyklaýan deliller bar.
Isany, onuň ölümini we direlişini öz gözi bilen gören adamlar dört hoş habardaky wakalaryň dogrulygyna güwä geçip bilýärdiler. Şeýle-de olar bu kitaplaryň nädogry ýerleri bar bolsa, derrew görkezip bilerdiler. Professor Frederik Brus şeýle belläp geçýär: «Irki döwürlerde resullaryň eden wagzynyň iň güýçli tarapy, olar diňleýjileriniň bilýän zatlaryna salgylanyp, ynamly gürleýärdiler. Olar diňe bir: „Muňa biz-de... şaýatdyrys“ diýmän, „Muny özüňiz hem bilýänsiňiz“ diýýärdiler» (Resullar 2:22).