Esasy materiala geçiň

Hudaý hemme ýerde barmy?

Hudaý hemme ýerde barmy?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Hudaý hemme zady görüp we islän ýerinde bolup bilýär (Nakyllar 15:3; Ýewreýler 4:13). Ýöne Mukaddes Kitapda Hudaý hemme ýerde, ýagny her bir zatda bar diýip öwredilmeýär. Munuň tersine, Onuň şahsyýetdigi we mesgeniniň bardygy aýdylýar.

  •   Hudaýyň keşbi. «Hudaý ruhy Şahsyýet» (Ýahýa 4:24). Hiç bir adam ony görüp bilmeýär (Ýahýa 1:18). Mukaddes Kitapda käte Hudaý belli bir ýerde suratlandyrylsa-da, onuň hemme ýerde bolýandygy barada hiç zat aýdylmaýar (Işaýa 6:1, 2; Ylham 4:2, 3, 8).

  •   Hudaýyň mesgeni. Hudaý adamlaryň ýaşaýan ýerinde däl-de, gökde ýaşaýar. Onuň «gökde mesgeni» bar (1 Patyşalar 8:30). Mukaddes Kitapda bir gezek perişdeleriň «Ýehowanyň a huzuryna gelendikleri» barada aýdylýar. Bu waka Hudaýyň belli bir ýerde mesgen tutýandygyny görkezýär (Eýýup 1:6, TD).

Eger Hudaý hemme ýerde bolmaýan bolsa, onda meniň aladamy edip bilermi?

 Hawa. Sebäbi Hudaý her bir adamyň aladasyny edýär. Hudaý gökde ýaşasa-da, ýer ýüzünde özüne, hakykatdan-da, ýaranmak isleýän adama üns berýär we aladasyny edýär (1 Patyşalar 8:39; 2 Taryh 16:9). Geliň, Ýehowanyň wepaly gullukçylarynyň nädip aladasyny edýändigine seredeliň:

  •   Doga edenimizde: Ýehowa doga edenimizde şol bada eşidýär (2 Taryh 18:31).

  •   Göwnüçökgün wagtymyz: «Reb göwni synyklara ýakyndyr we ruhy ökünçlileri gutarýandyr» (Zebur 34:18).

  •   Görkezmä mätäç wagtymyz: Ýehowa öz Sözi arkaly «görkezme bererin, ýörejek ýoluňy öwrederin» diýip ynandyrýar (Zebur 32:8).

Hudaýyň hemme ýerde bolýandygy baradaky nädogry düşünjeler

 Ýalan düşünje: Hudaý ýaradylan her bir zatda bar.

 Delil: Hudaý ne ýeriň ýüzünde, ne-de göze görünýän älemde ýaşaýar (1 Patyşalar 8:27). Elbetde, ýyldyzlar we başga ýaradylan zatlar hem «Hudaýyň şöhratyny yglan edýär» (Zebur 19:1) Ýöne suratkeşiň öz çeken suratynda ýaşamaýşy ýaly, Hudaý hem öz ýaradan zatlarynyň içinde ýaşamaýar. Biz surata seredip, ony çeken adam barada bilýäris. Edil şonuň ýaly, ýaradylan zatlar hem Ýaradyjymyzyň güýç, akyldarlyk we söýgi ýaly «häsiýetlerine» düşünmäge kömek edýär (Rimliler 1:20).

 Ýalan düşünje: Hudaý ähli zady bilip, Gudratygüýçli bolar ýaly, ol hemme ýerde bolmaly.

 Delil: Hudaýyň mukaddes ruhy, ýagny hereketdäki güýji bar. Hudaý hemme ýerde bolmasa-da, mukaddes ruhy arkaly islendik ýerde islän zadyny islendik wagty edip bilýär (Zebur 139:7).

 Ýalan düşünje: Hudaýyň hemme ýerde bolýandygy barada Zebur 139:8-de şeýle diýilýär: «Eger göge çyksam, Sen ol ýerdesiň; ýerimi ölüler diýarynda salsam, ine ol ýerdesiň».

 Delil: Bu aýatda Hudaýyň mesgeni barada gürrüň gitmän, gaýtam, şahyrana sözler bilen onuň bize kömek edip bilmejek ýeriniň ýokdugy göz öňüne tutulýar.

a Mukaddes Kitaba görä, Ýehowa Hudaýyň ady.