Kabyl kime öýlendi?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Adam ata bilen How enäniň ilkinji ogly Kabyl öz aýal doganyna ýa-da ýakyn garyndaşlarynyň birine öýlenipdir. Muny Mukaddes Kitapdaky Kabyl we onuň maşgalasy barada gürrüň berilýän wakalardan bilse bolýar.
Kabyl we onuň maşgalasy baradaky deliller
Ähli adamlar Adam ata bilen How enäniň nesilleri. Hudaý «bir adam (Adam ata) arkaly ähli milletleri döretdi we olary bütin ýer ýüzünde ýaşar ýaly etdi» (Resullar 17:26). Adam atanyň aýaly How ene «ähli ýaşaýanlaryň enesi boldy» (1 Musa 3:20). Diýmek, Kabyl Adam ata bilen How enäniň çagalarynyň birine öýlenipdir.
Kabyl we onuň dogany Habyl How enäniň ilkinji çagalarydy (1 Musa 4:1, 2). Kabyl doganyny öldüreni üçin «mes toprakly ýerden» kowlanda, ol Hudaýa: «Maňa duşan, meni öldürer» diýdi (1 Musa 4:14). Kabyl kimden gorkýardy? Mukaddes Kitapda Adam atadan «ençeme ogul-gyzyň dünýä inendigi» barada aýdylýar (1 Musa 5:4). Görşümiz ýaly, Adam ata bilen How enäniň beýleki nesilleri Kabyla zyýan ýetirip bilerdi.
Irki döwürde dogan-garyndaşyň bilen durmuş gurmak adaty zatdy. Meselem, Ybraýym pygamber atabir enebaşga aýal doganyna öýlenipdi (1 Musa 20:12). Kabylyň döwründen ençeme ýyl geçenden soň, ilkinji gezek Musanyň kanunynda ýakyn dogan-garyndaşyň bilen durmuş gurmak gadagan edildi (3 Musa 18:9, 12, 13). Gadymy döwürde ýakyn garyndaşy bilen maşgala guran adamlardan bolan çagalar häzirki ýaly känbir ýarawsyz dogulmaýan bolmaly.
Mukaddes Kitapda Adam ata, How ene we olaryň maşgalasy baradaky wakalar hakyky taryhy waka hökmünde ýazylan. Adam atanyň nesil şejeresi baradaky jikme-jik maglumatlary diňe bir Musa pygamber 1 Musa kitabynda ýazman, eýsem, bu barada Hydyr we Luka ýaly taryhçylar hem ýazypdyr (1 Musa 5:3—5; 1 Taryh 1:1—4; Luka 3:38). Mukaddes Kitabyň başga kitaplarynda Kabylyň, hakykatdan-da, ýaşandygy agzalýar (Ýewreýler 11:4; 1 Ýahýa 3:12; Ýahuda 11).