Mukaddes Kitapda gomoseksualizm barada näme diýilýär?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Hudaýyň niýetine görä, jynsy gatnaşyk diňe nikasy kanun taýdan resmileşdirilen erkek bilen aýalyň arasynda bolmaly (1 Musa 1:27, 28; 3 Musa 18:22; Nakyllar 5:18, 19). Mukaddes Kitapda är-aýal bolmadyk adamlaryň arasyndaky jynsy gatnaşyk, meselem, gomoseksualizm, ahlaksyzlyk ýazgarylýar (1 Korinfliler 6:18). Muňa biriniň jyns organlaryny sypalamak we oral (agyz) ýa-da anal (täret deşigi) arkaly jynsy gatnaşyk etmek hem degişli.
Mukaddes Kitapda gomoseksualizm ýazgarylsa-da, munuň bilen meşgullanýan adamlary ýigrenmeli diýilmeýär. Gaýtam, mesihçilere «ähli adamlara hormat goýmalydygy» maslahat berilýär (1 Petrus 2:17).
Adam gomoseksual bolup doglup bilermi?
Mukaddes Kitapda gomoseksuallygyň tebigy islegdigi barada aýdylmasa-da, adamyň Hudaýyň tabşyryklaryna garşy hereket etmek islegi bilen dogulýandygy aýdylýar (Rimliler 7:21—25). Mukaddes Kitapda gomoseksual höwesleriň sebäbine däl-de, onuň bilen meşgullanmagyň ýazgarylýandygyna has köp üns berilýär.
Gomoseksual höwesi bolan adamlar Hudaýy razy edip bilermi?
Injilde: «Beden agzalaryňyzdaky... erbet höwesleri... öldüriň» diýilýär (Koloslylar 3:5). Günäli işlere eltýän erbet höwesleri öldürmek üçin pikiriňe erk etmeli. Eger hemişe gowy zatlar barada pikirlenseň, erbet höweslerden dynmak aňsat bolýar (Filipililer 4:8; Ýakup 1:14, 15). Elbetde, başda kyn bolmagy mümkin, ýöne soňra muny etmek ýeňil düşer. Hudaý adama «pikirini we garaýşyny elmydama täzeläp durmaga» kömek etjekdigini söz berýär (Efesliler 4:22—24).
Gomoseksual höwesi bolmadyk millionlarça adamlar hem Mukaddes Kitabyň ahlak kadalary boýunça ýaşamak üçin erbet höweslerine garşy göreşýärler. Meselem, durmuş gurmaga mümkinçiligi bolmadyk ýa-da ýanýoldaşy bilen jynsy gatnaşyk edip bilmeýän adamlar daş-töwereginiň güýçli täsirine garamazdan, jynsy höweslerine erk edip, bagtly ýaşaýarlar. Gomoseksual höwesi bolan adamlar hem Hudaýy ýürekden razy etmek isleseler, bagtly bolup bilerler (5 Musa 30:19).