Mukaddes Kitapda roždestwo barada näme diýilýär?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Mukaddes Kitapda Isanyň anyk haçan doglandygy ýa-da onuň doglan gününi bellemelidigi barada aýdylmaýar. Makklintogyň we Strongyň ensiklopediýasynyň düşündirişine görä, «roždestwony bellemegi Hudaýam talap etmeýär ýa-da ol täze ähte-de esaslanmaýar».
Şeýle-de roždestwonyň gelip çykyşyna üns bersek, onuň butparazlykdan gaýdandygyny bilse bolýar. Mukaddes Kitap Hudaýa ýaramaýan ýol bilen sežde etmegiň ony gynandyrýandygyny aýdyň görkezýär (2 Musa 32:5—7).
Däp-dessurlarynyň gelip çykyşy:
Isanyň doglan gününi bellemek: Bir ensiklopediýada şeýle diýilýär: «I asyrdaky mesihçiler Isanyň doglan gününi bellemeýärdi. Sebäbi olar doglan günleri butparazlaryň däbi hasaplaýardy» («The World Book Encyclopedia»).
25-nji dekabr: Isanyň anyk şol gün doglandygyny görkezýän hiç hili subutnama ýok. Belki-de, buthana ýolbaçşylary şol güni gyşda günüň saklanýan wagty butparazlaryň belleýän baýramçylygy bilen gabat getirmek üçin saýlan bolmaly.
Sowgat bermek we meýlis gurnamak: Amerikana ensiklopediýasynda şeýle diýilýär: «Rimlileriň dekabr aýynyň ortasyna belleýän saturnaliý baýramçylygy roždestwonyň şatlygyny has-da artdyrdy. Bu baýramçylykda meýlis gurnalýardy, sowgat berilýärdi we şem ýakylýardy». Britannika ensiklopediýasynda-da Saturnaliý baýramçylygynda işçileriň we söwdagärleriň işe çykmaýandygy aýdylýar.
Baýramçylyk çyralary: Bir ensiklopediýada aýdylmagyna görä, ýewropa halklary gyşda güni saklamak we zalym ruhlar bilen göreşmek üçin öýlerini «çyralar we arçalar» bilen bezäp baýramçylyk gurnapdyrlar («The Encyclopedia of Religion»).
Ýabany arça: Amerikana ensiklopediýasynda şeýle diýilýär: «Kelt halkynyň ruhanylary bu ösümlikleriň jadyly güýjüniň bardygyna ynanypdyrlar. Olar bu ösümlige günüň täzeden dogmagynyň nyşany hökmünde sežde edipdirler».
Roždestwo arçasy: Britannika ensiklopediýasynda: «Hristian dinini kabul edensoň, Ýewropa halklarynyň arasynda butparazlaryň arça sežde etmek däbi giňden ýaýrady» diýilýär. Şondan bäri «gyş baýramçylygynda öýüň girelgesinde ýa-da içinde roždestwo arçasyny bezemek» däp bolup galdy.